Progres.Online

Türkmenistanyň suw howdanlarynda suw rekord derejede azalýar

Garagum kanalynyň basseýnindäki suw howdanlarynda suw rekord derejede kemelýär. Sputnik suratlaryny seljerip, häzirki suw göwrümi 2001-nji ýyldan bäri iň pes derejä ýetdi diýip bolar.

Hanhowuz suw howdany Garagum kanalynyň basseýninde ululygy boýunça ikinji suw howdanydyr. 1960-njy ýyllarynda suw howdanynyň ulanylmaga berlen döwründe onuň göwrümi 87.5 million m3 suw saklamaga niýetlenendi. Hanhowuzyň taslama meýdany 210 km2.

2023-nji ýylyň 25-nji maýyna çenli, suw howdanynyň meýdany bary-ýogy 75.4 km2 barabar boldy. 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, suw howdanynyň meýdany häzirki wagtda 2.9 esse kiçeldi ýa-da 4 ýyl ozal meýdanyň 34.5% -ini tutýar.

Köpetdag suw howdany hem dowamly kiçelýär. Suw howdany Garagum kanalynyň günbatar bölegindäki iň uly suw howdanydyr. 1970-nji ýyllarda suw howdanynyň ulanylmaga berlendäki taslama meýdany 33 km2 we dizaýn göwrümi 220 million m3.

 2023-nji ýylyň 11-nji maýynda suw howdanynyň meýdany 21 km2-dy. 26-njy maýa çenli (2 hepdäniň içinde) howdanyň üst meýdany 17.7 km2 ýetdi ýa-da 15.7% kiçeldi.

Suw howdanlarynyň kiçelmeginiň çak edilýän sebäpleri:

  • Türkmenistanda soňky 6 aýda ýagynlar juda az ýagdy we mart-aprel aýlarynda adatdan daşary epgek sebäpli gurakçylyk döredi. Tebigy çyglylygyň ýetmezçiligi ýüze çykanda topragyň yzgarlygy peselýär. Şeýlelikde, ýerleri suwarmak üçin goşmaça suw zerur bolýar.
  • 2021-2022-nji ýyllardaky (daglyk ýerlerde) soňky onýyllyklaryň iň güýçli gurakçylygy suw azalmasyna täsir etdi. Şeýle gysga wagtyň içinde suw howdanlary suwdan dolup ýetişmedi. Netijede, 2023-nji ýylda suwuň mukdary 2021-2022-nji ýyllardakydan azaldy.
  • Ýene-de bir ujypsyz, emma mümkin bolan sebäpleriň biri: Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda güýçli aýazlar zerarly Garagum kanalynda buz böwetleri emele geldi.

Türkmenistandaky suw howdanlary ekin meýdanlarynyň suwarylmaýan wagty, ýagny sowuk möwsümde suw saklamak üçin ulanylýar. Kanaldan suw joşmagy sebäpli Garagum kanalynyň suwaryş ulgamy azyndan 3 hepde bozuldy. Amyderýanyň gatlasyny berkitmek we suw syzmalaryny, derýanyň oprulmalaryny azaltmak üçin alynyp barylýan işler togtadyldy ýa-da iň pes derejä düşdi. Bu suw howdanlaryna meýilleşdirilen suw mukdarynyň dolmazlygyna täsir edip biler. Mundan başga-da, Garagum kanalyndan suw joşmagy sebäpli azyndan 100 million m3 suw çägä syzdy. Bu Köpetdag suw howdanynyň suw saklama kuwwatynyň ýarysyna deňdir.

Tuýamuyun gidro toplumynyň suw howdany

Suwuň mukdarynyň azalmagy diňe Garagum kanalynyň boýundaky suw howdanlarynda hasaba alynmaýar. 2023-nji ýylyň maýynyň ikinji ongünlüginde serhetýaka Tuýamuyun gidro toplumynyň suw howdanynda suwuň mukdary 2.3 km³ ýetdi. Suw howdanyna akýan akym meýilleşdirilenden 1236 million m³-dan az akdy. Howdanda suwuň azlygyna garamazdan, howa sowuk döwürde toplanan suwuň peýdalanylyşy işjeň dowam etdi. Maýyň ilkinji 20 gününde 184 million m³ suw ulanyldy. Netijede, howdandaky suwuň mukdary “takyrlanma derjesinden” peseldi. Ýagny, 3 aýyň içinde 2.4 km³ suw sarp edildi. Bu suw howdanynyň häzirki göwrüminden-de (2.3 km³) köp.

Suwuň şeýle işjeň sarp edilmegi 4 ýyl bäri ýüze çykan Amyderýanyň aşaky akymyndaky suw ýetmezçiligi bilen düşündirilýär. Özbegistan suw howdanyndan suw peýdalanma limitini 70%, Türkmenistan ~60% aşdy.

Amyderýanyň az suwlylygy

Şu ýylyň maýynda, Amyderýanyň az suwly bolmagy bu ýagdaýa ýaramaz täsir edýär. Maýyň ikinji ongünliginde suw akymy 1293 million m³ boldy. 2022-nji ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 2353 million m³ bolupdy. Şeýle hem, Amyderýanyň häzirki akymy 2019-2022-nji ýyllardaky ortaça akymyň 60%-ini tutýar.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: