Progres.Online

Türkmenistanda ýitip gitmek töwekgelçiligindäki jandarlara ýok bolmak howpy abanýar

2023-nji ýylda birnäçe halkara we türkmenistanly alymlar bilelikde “Türkmenistanyň ýabany tebigatynyň we goralýan ýerleriniň bahalandyrma barlagyny” geçirdiler. Bahalandyrma barlagy goralýan ýerleriň işgärleriniň we gorag sakçylarynyň, Balkan welaýatynyň Tebigaty goramak müdirliginiň we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, beýleki döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň we donorlarynyň kömegi esasynda geçirildi.

Türkmenistan käbir özboluşly we ýitip gitmek howpy abanýan jandarlaryň, şeýle hem täsin çöl we dag ekosistemalarynyň mekany bolsa-da, olar adam işjeňliginiň we klimatyň üýtgemeginiň täsirine sezewar bolýarlar.

Awtorlaryň bellän beýleki kynçylyklaryna “uly göwrümli meseleleri” çözmek üçin maglumatlaryň we çeşmeleriň çäklidigini, gowşak goralyş çärelerini we dolandyryşyny hem-de sebitleýin hyzmatdaşlygyň ýoklugyny öz içine alýar.

Bu hasabat Milli Goraghanalar boýunça bahalandyryş barlagynyň gysgaça mazmuny berýär.

Badhyz goraghanasy gadymdan galan özboluşly pisse tokaýlarynyň we türkmen gulanlaryň ýaşaýan mekanydyr. Häzirki wagtda bu janly-jandarlar howp astynda bolup, onuň sebäplerine ýitip barýan haýwanlara howp salýan brakonýerçilik (bikanun aw awlamak), ýabany haýwanlaryň ýaşaýan ýerini gysýan iri we ownuk şahly mallaryň bolmagy, ýerli ýaşaýjylar goraghananyň kanunlaryny bozup pisse ýygmaklary, ýerli ýabany tebigata howp salýan zibilleriň aşa köp bolmagy (meselem: döwülen arak, plastik çüýşeleri we paketleri), ýitme howpy astyndaky guşlara we süýrenijilere howp salýan öý pişikleriniň bolmagy degişlidir. Goraghananyň gorag sakçylary bölümi ýeterlik derejede işjeň däl.

Köpetdag goraghanasy Türkmenistanyň ösümlik biodürlüliginiň 40%-den gowragynyň ösýän mekanydyr. Olaryň köpüsi seýrek duş gelýän ösümlikler bolup, ýurduň Gyzyl kitabyna girizilen. Serhet germewi dag goçy we alajagaplaň ýaly jandarlaryň genetiki dürlüligini we abadançylygyny saklamak üçin möhüm bolan ekologiki arabaglanyşyga (haýwanlaryň ýerde we/ýa-da suwda erkin herketi) böwet bolýar. Türkmenistandaky alajagaplaňlaryň sany 60-70 bolmagy ahmal. Emma, brakonýerçilik uly howp bolup, 2023-nji ýylyň gyşynda Marynyň golaýynda 2 sany alajagaplaň öldürildi.

Balkan daglary we Garabogazköl aýlagy pars gaplaňy we olaryň Gazagystana ýaýramagy üçin wajyp ekologik geçelgelerdir. Şeýle hem, bu ýerlerde süýdemdirijileriň 40-dan gowrak görnüşi we süýrenijileriň 30 görnüşi ýaşaýar. Hökümet entek Balkan daglaryny we Garabogazköli goralýan ýerleriň hataryna goşmady. Iki sebit hem brakonýerçilikden we öri meýdanlarda aşa mal bakylmagyndan zyýan çekýär. Bu jandarlaryň ýaşaýyş ýerlerini kiçeldýär we klimatyň üýtgemegi sebäpli gurakçylygyň has-da erbetleşmegi ahmal. Meselem, 2022-nji ýylda Balkanabat bilen Türkmenbaşynyň arasynda 2 sany alajagaplaň öldürildi.

Sünt-Hasardag goraghanasy alajagaplaňlar we dag goçlary üçin örän möhüm ýerdir. Mundan başga-da, bu ýerde birnäçe ýyldan soň ilkinji gezek 1-2 sany goňur aýy hasaba alyndy. Goraghananyň golaýyndaky Tersakan jülgesinde az sanly gulan sürüsi (10-15 sany) bar.

Gaplaňgyr goraghanasy Türkmenistandaky iň uly goraghanadyr we ýakynda UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Häzirki wagtda goraghana BMGÖM tarapyndan maliýeleşdirilýän taslamasynyň peýdalanyjysydyr. Bu sebitde gulanlar, jerenler we garagulaklar ýaşaýar.

Köýtendag döwlet goraghanasy burma şahly dag tekesi, pisse we arça tokaýlary ýaly seýrek janlylaryň, “Dinozawrlar platosynyň” mekanydyr. Goraghanadaky kynçylyklar şulary öz içine alýar: gowşak dolandyryş, dag goçlaryny bikanun awlamak, öri meýdanlarynda mal bakmak, Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmakda mümkinçilikleriň sypdyrylmagy, serhetaşa we raýat jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygyň ýetmezçiligi.

Milli Goraghanalar boýunça geçirilen bahalandyrma esasynda awtorlar Türkmenistanyň hökümetini, şol sanda Daşky gurşawy goramak ministrligini şu işleri ýerine ýetirmäge çagyrýarlar:

  • Ýabany haýwanlaryň göçüp-gonup ýören görnüşlerini gorap saklamak baradaky konwensiýa (CMS), Biologiki dürlülik baradaky konwensiýa (CBD) ýaly halkara konwensiýalardaky borçnamalary ýerine ýetiriň. Häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginiň diňe 4.4% resmi taýdan goralýar. CBD-niň Global Biodürlülik Çarçuwasynyň 3-nji maksady 2030-njy ýyla çenli ýurduň ýerleriniň azyndan 30%-niň goralmagyny talap edýär.
  • “Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakyndaky” kanuna laýyklykda “Ekologiki geçelgeler, goralýan zolaklar we territoriýa esasynda täsirli tebigy gurşawy goraýyş çäreleri barada umumy düzgünnamalary” işläp düzüň, ylalaşyň we tassyklaň.
  • Özbegistan we Gazagystan bilen, esasan hem ekologiki aragatnaşygy dikeltmek üçin serhet gullugynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeldiň.
  • Bütinleý goralýan goraghanalara iri we ownuk şahly mallaryň goýberilmegini doly gadagan ediň. Işçi güýjüni we infrastrukturany artdyrmak arkaly brakonýerçiligiň öňüni alyň. Biodürlüligiň ýitmegi barada habardarlygy ýokarlandyryň. Pisse ýygmagy kadalaşdyrdyň we goraghanadaky sakçy stansiýalarynda pişikleriň bolmagyny gadagan ediň.
  • Adam-ýabany tebigat arasyndaky gapma-garşylyklary azaltmak we alajagaplaňlary we beýleki ýabany haýwanlary goramagyň zerurlygy barada habardarlygy ýokarlandyrmak üçin ýerli jemgyýetler bilen işleşmäge goldaw beriň.
  • Milli ylmy mümkinçilikleri ösdüriň (Ýaş mamologlary, gerpetologlary, ornitologlary we ş.m. taýýarlaň).
  • Köpetdag, Badhyz, Gaplaňgyr, Sünt-Hasardag we Köýtendag goraghanalarynyň serhet germewlerinden daşarda hem ylmy gözegçilik geçirmäge rugsat beriň.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: