Progres.Online

Türkmenistanda tiz wagtda bütinleý durnukly energiýa ulgamyna geçmegiň gymmaty

Finlandiýanyň LUT (Lahti University of Technology) uniwersitetiniň ylmy barlagçylary türkmenistanly ylmy barlagçynyň ýolbaşçylygynda “Tiz wagtda bütinleý durnukly energiýa ulgamyna geçmegiň gymmaty: Türkmenistanyň mysaly” atly ylmy işi çap etdiler. Bu ylmy barlag Türkmenistanyň häzirki energiýa ulgamyna ýakyndan seredip geçýär we 100% täzelenýän energiýa çeşmelerine geçmegiň mümkin bolan ýollaryny hödürleýär.

Netijeler:

  • Türkmenistanda kesgitli durnuklylyk maksatlaryna ýetmek üçin milli meýilnamanyň ýoklugy aladalandyryjy we dessine çözülmeli mesele. Energiýa ulgamynyň häzirki “öňki-öňküligine” ýörediliş usuly durnuksyzdyr.
  • Bu ylmy gözlegde Türkmenistanda elektrik, ýylylyk we ulag pudaklarynda dolulygyna durnukly energiýa geçmek üçin mümkin bolan ssenariýler hödürlenilýär hem-de durnukly energiýa geçmegiň iň tygşytly 7 dürli ýoly derňelýär.
  • 100% täzelenýän energiýa çeşmelerine geçmek üçin 79 GW-dan (Gigawatt) ýokary bolan gün panelleri we 7 GW ýel enjamlary gerek bolar. Bu bolsa Türkmenistanyň umumy meýdanynyň 0,4%-inden hem az bölegini tutar.
  • Ylmy gözlegiň netijeleri 100% täzelenýän energiýa ulgamynyň gazylyp alynýan energiýa hemişe garaşly bolmakdan arzan boljaklygyny görkezýär.
  • Türkmenistanyň energiýa ulgamyny has jikme-jik maglumatlary ulanyp, dürli nukdaýnazarlardan öwrenmek zerur. Türkmenistanyň karar çykaryjylary täze kanunlaryň üsti bilen gaýtadan işlenilýän energiýa maýa goýmagy berk göz öňünde tutmalydyrlar – bu ýurduň we raýatlaryň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrar.
  • Türkmenistanyň hökümeti Norwegiýany mysal edinip biler: iň pes çykdajy bilen içerki energiýa talabany üpjün etmek üçin täzelenýän energiýany iň ýokary derejede öndürmek we durnukly energiýa geçmekde yza galýan ýurtlara gazylyp alynýan energiýa eksportyny artdyrmak.

Türkmenistan we howanyň üýtgemegi

Türkmenistan global maýylganlyga edýän ýaramaz täsirleri sebäpli parnik gazynyň zyňyndylaryny çäklendirmäge gönükdirilen Pariž Ylalaşygyny tassyklan ýurtlaryň biridir. Global maýylganlyk indi uzak geljekde görünýän howp däl-de, eýsem häzirki wagtda bütin dünýäniň ýüzbe-ýüz bolýan hakykaty. Türkmenistanyň halky her ýyl rekord derejede jöwzaly yssynyň we betbagtçylykly howa hadysalarynyň ýygylygynyň artmagy, ýagny Lebapda güýçli tupanlaryň we Daşoguzda duz tupanlarynyň turmagy ýaly global maýylganlygyň täsirlerini başdan geçirýär.

Klimatyň üýtgemegine garşy bilelikdäki göreş ähli ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny talap edýär we Türkmenistan gazylyp alynýan energiýa hemişe bil baglap bilmez. Ýurduň gazylyp alynýan energiýa garaşlylygyny azaltmagy we arassa energiýa çeşmelerine geçmegi gaýragoýulmasyzdyr. Bagtymyza, Türkmenistanyň uly çölleri diňe bir gazylyp alynýan ýangyçlara däl, eýsem gün we ýel ýaly täzelenýän energiýa çeşmelerine-de baý.

Şeýle-de bolsa, gazylyp alynýan ýangyçlara doly bagly bolan energiýa ulgamyny bütinleý täzelenýän energiýa çeşmelerine aňsatlyk bilen çalşyp bolmaz. Täzelenýän energiýa çeşmelerine tygşytly görnüşde geçmek seresaply we assa çemeleşigi talap edýär. Geçişiň tiz bolup geçmesi ýurduň gazylyp alynýan energiýasyna bagly bolan pudaklaryny kynçylyga salyp biler.

Energiýa ulgamy we özgerişe garşylyk

Ylmy gözleg ýurduň elektrik energiýasyna bolan talabyny, gurnalan elektrigiň kuwwatyny we demografiýany hasaba alyp, Türkmenistanyň häzirki energiýa ulgamyny derňäp öwrenýär; şol sanda gün we ýel çeşmelerini, elektrik energiýasyna talabyň artyş çaklamalaryny we gazylyp alynýan energiýalardan uzaklaşmaga iterýän daşarky basyşy göz öňünde tutup, Türkmenistanda 100% täzelenýän energiýa ulgamyna geçmegiň modelini görkezýär. Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň iň soňky we ygtybarly maglumatlary elýeter etmeýändigi sebäpli, bu ylmy gözlegde maglumatlar çeşmesi hökmünde dürli halkara çeşmeler, maglumat bazalary, fakt kitaplary we guramalaryň çaklamalary ulanyldy.

Türkmenistanda häzirki energiýa ulgamynyň ýagdaýyny üýtgetmek üçin syýasy we jemgyýetçilik isleg ýetmezçilik edýär. Köp mukdarda subsidiýa berilýän kommunal hyzmatlar we gazylyp alynýan energiýa garaşlylyk barada düşünjäniň pesligi raýatlary onuň daşky gurşawa ýetirýän tasirinden habarsyz goýýar.

Türkmenistanyň häzirki energiýa ulgamy tutuşlygyna tebigy gaza we nebite daýanýar. Ýurduň elektrik energiýasynyň 100%-e golaýy tebigy gaz bilen işleýän elektrik stansiýalaryndan gelýär we Maryda kiçi gidroelektrik stansiýasy hem-de birnäçe eksperimental gün panelleri bar. Türkmenistanda ulaglaryň ählisi diýen ýaly benzin we dizel bilen işleýän ýangyç herketlendirijili ulaglardyr, şol sanda şäherara otlular hem şeýle.

Elektrik awtoulaglar ilatyň aglabasy üçin elýeterli däl we ýurtda ýangyç bahalarynyň dünýäde iň arzanlardan bolanlygy sebäpli hiç kim elektrik awtoulaglaryna geçmäge höwes etmeýär. Bir tarapdan elektrik we gaz subsidiýalary halkyň ýaşaýyş çykdajylaryny pes saklamaga kömek eden hem bolsa, beýleki tarapdan subsidiýalar adamlary energiýany has netijeli we tygşytly ulanmaga höweslendirýän zatlary ýok etdi. Adamlaryň kükürdi tygşytlamak üçin gaz peçlerini açyk saklaýandyklary baradaky degişmeler türkmenleriň arasynda giň ýaýran. Tebigy gaza garaşly bolmagyň gytaklaýyn ýaramaz täsirleri-de bar, esasanam metanyň syzmagy. Emeli hemra tarapyndan geçirilen soňky gözegçiliklere görä, Türkmenistan dünýäde metan syzdyrmakda birinji orunda durýar. Metan bolsa CO2-den has ýokary ýylylyk çykarma potensialy bolan, juda güýçli parnik gazydyr.

Täzelenýän energiýa geçmek

Barlagyň netijeleri täzelenýän energiýanyň kuwwatyny ýyllyk 5% köpeltmegiň Türkmenistan üçin iň amatly usul boljakdygyny görkezýär. Şeýle hem, täzelenýän energiýa geçmegiň bu usuly parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň iň çalt depginde azalmagyna getirer. 100% täzelenýän energiýa çeşmelerine geçmek üçin 79 GW-dan ýokary bolan gün panelleri we 7 GW-dan köp ýel desgalary gerek bolar. Bu bolsa Türkmenistanyň umumy meýdanynyň 0,4%-inden hem az bölegini tutar. Mundan başga-da, öndürilen energiýany uzak möhletleýin saklaýan ýaşyl wodorody (täzelenýän elektrik çeşmelerinden öndürilýän 100% wodorod) öndürmek üçin has köp mukdarda energiýa saklaýan batareýalary we suw elektrolizatorlaryny saýlamaly bolar.

Nazary taýdan Türkmenistan täzelenýän elektrik öndüriji generatorlary has köp mukdarda hem gurup biler we TAPI turbageçirijisi arkaly Hytaýa ýa-da Hindistana tebigy gazyň ýerine elektrik ýa-da sintetik gazy iberip, energiýa eksport edýän ýurt bolmagyny dowam edip biler. Täzelenýän energiýa tehnologiýalary ulgamyň işlemegi üçin zerur bolan energiýa pudagynda iş orunlarynyň sanyny köpelder. Netijede, 100% täzelenýän energiýa ulgamyna geçmegiň ýene bir gytaklaýyn peýdasy bolar.

Bu ylmy gözlegiň netijeleri Türkmenistanda syýasatçylara, maýadarlara we gyzyklanýan taraplara energiýa ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin gollanma hökmünde niýetlenilýär. Ylmy işde maglumat we modelirleme çäklendirmeleri zerarly netijeler we geljekki ssenariýler üýtgewsiz däldir. Ylmy barlagçylar bu iş umumy Merkezi Aziýada, esasanam Türkmenistanda täzelenýän energiýanyň geljegi barada pikir alyşmalary ilerletmekde katalizator bolup hyzmat eder diýip umyt edýärler.

Rasul Satymow
Suratyň çeşmesi

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: