Progres.Online

Türkmenistanda suw krizisi hakykatdan-da bar mesele

Türkmenistan suw üpjünçiligi meselesinde çynlakaý kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ýurt ahyrsoňy bu meseleler barada aýtmaga başlady. 2023-nji ýylyň 22-nji aprelinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda “Klimatyň üýtgemegi şertlerinde suw serişdeleriniň rejeli peýdalanmagy» atly ylmy maslahat geçirildi.

Hökümet suw meselesi barada gümürtik we gytaklaýyn belläp geçdi: “Suw serişdeleri Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, serhetara suw hyzmatdaşlygy sebitiň parahat, durnukly we abadan ösüşiniň wajyp bölegidir”. Hökümet suw meselesiniň gaýragoýulmasyzdygyny we suw baýlyklaryny tygşytly peýdalanmagyň mödümligini global klimatyň üýtgemegi meselesi bilen baglanyşdyrdy.

Hökümetiň bu sözleri syýasy taýdan jedelli we häzirki wagtyň meseleleriniň birnäçesini görkezýär:

  1. Owganystanyň täze suwaryş taslamasy bolan Koş Tepa kanaly Amyderýanyň suwunyň uly mukdarynyň ugruny üýtgeder. Bu Türkmenistandaky Garagum kanalynda suw derejesiniň peselme howpyny abandyrýar. Garagum kanaly ýurduň esasy suwaryş we suw üpjünçilik ulgamy bolup, Amyderýanyň suwyny Garagum çölüne eltýär. Türkmenistan eýýäm suw ýetmezçiligine duçar bolýar. Bütindünýä baýlyklar instituty (WRI) Türkmenistany dünýädäki “aşa ýiti” suw ýetmezçiligi bolan 17 döwletiň hataryna goşdy. Bu ýurduň suwarymly oba hojalygynyň, senagatlarynyň we halk hojalygynyň her ýylda bar bolan suw gorynyň ortaça 80%-den gowragyny sarp edýändigini aňladýar. Azyk we oba hojalygy guramasyna görä, Türkmenistanda suw ýetmezçiliginiň derejesi 144%-e ýetýär. Özbegistan öňki SSSR döwletleriniň arasynda suw gytçylygy babatda iň erbet görkezijili ýurt.
  2. Türkmenistanyň pagta ýaly suwy köp talap edýän ekinlere garaşlydygyny we suwy netijesiz dolandyrýanlygyny göz öňüne tutsaň, “suwy rejeli peýdalanmagy” ýola goýmak kyn. 2023-nji ýylyň ýanwarynda, Türkmenistandaky adatdan daşary sowuk howa Garagum kanalynda uly buz böwedini emele getirdi. Şol sebäpli kanalyň suwy hanasyndan aşyp, Mary we Lebap welaýatlaryna akdy. Suw kanallary 35 kilometrden gowrak çägä aralaşyp, birnäçe uly suw howdanlaryny emele getirdi. Olardan iň ulusynyň meýdany ~10 km2-e ýetdi. Azyndan 100 million m3 suwuň isrip bolanlygy çaklanylýar. Bu hadysa Türkmenistandaky iň uly gidrawlik desgalaryň işini bölekleýin bökdäp, birnäçe şäherçelerde suw joşmasyna sebäp boldy we käbir obalar suwsyz galdy. Mary welaýatynda adamlar içmek üçin suwy batgalykdan aldylar. Eger bu hadysa tomusda bolan bolsady, Türkmenistanyň häzirki wagtda başdan geçirýän gurak howasy bilen utgaşyp, ýurduň oba hojalygyna biçak kän zyýan ýetirip bilerdi.

Türkmenistanyň hökümeti beýleki ýurtlaryň tejribesinden öwrenmäge taýýara meňzeýär. Mysal üçin: 2023-nji ýylyň aprelinde, Ysraýylyň daşary işler ministri Eli Kohen prezident Serdar Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygynda öz ýurdunyň oba hojalygy we suw tygşytlamak tejribesini paýlaşmaga taýýardygyny aýtdy. Ysraýyl klimatyň üýtgemeginiň täsirini azaldýan usullary döreden öňdebaryjy ýurtlaryň biridir. Türkmenistan akar suwlary gaýtadan ulanmak we şordan taplaýyjy taslamalary ornaşdyrmak bilen bagly çemeleşmelerden peýdalanmagy mümkin.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: