Progres.Online

Türkmenistan ýakynda ýaşaýş üçin amatly däl ýagdaýa gelip biler

Ähli Merkezi Aziýa ýurtlarynda suwlar çekilýär. Hazar Syýasaty Merkeziniň doktory Erik Rudenşioldyň “Merkezi Aziýany halas etmek üçin gaty giç dälmi? Krizis bireýýäm geldi” atly ylmy-derňew işi sebitiň ýüzbe-ýüz bolan ýaşaýyş howpuny aýan edýär.

Ylmy-derňew işine görä:

  • Merkezi Aziýa ilatynyň üçden bir bölegi (ýa-da 22 million kişi) howpsyz agyz suwundan peýdalanyp bilenok;
  • gyzgynlyk derejesi global görkezijiden iki esse köp, sebitdäki buzlaryň üçden biri eredi;
  • we suw çeşmeleriniň üpjünçiligi 1960-njy ýyldan bäri dört esseden köpräk azaldy.

Türkmenistan suw gytçylygyny başdan geçirýär

Pagta we tüwi suw çeşmeleriniň maksada laýyk ulanylmagyny kynlaşdyrýan, köp suw talap edýän ekinlerdir. Pagta Türkmenistanyň JIÖ-niň 10% düzüp, oba hojalygynda ulanylýan suwuň 90% ybaratdyr. Dowamly pagta ekilmegi Aral deňziniň çekilmegine (suw meýdanynyň 75% azalmagy) we topragyň şorlanmagyna we zyýanly tozan sowurýan tupanlaryň artmagyna getirdi.

Türkmenistanyň çäginiň 80% golaýy güýçli tozan we çäge tupanlaryny başdan geçirýär, bu bolsa çölleşmäni artdyrýar we ýüzlerçe million dolarlyk ykdysady taýdan ýitgä ýol açýar.

Amyderýanyň aşaky akymynda ýerleşýän ýurt hökmünde Türkmenistan, 2023-nji ýylda derýanyň derejesiniň öňki ýyllara görä üç esse azalamgy sebäpli suw möçberiniň azalmagy bilen garşylaşýar. Türkmenistan agyz suwy ätiýajy babatynda “güýçli stres” astyndaky ýurtlaryň sanawyna girizilendir. Amyderýanyň Owganystandaky ýokarky akymynda gurulýan Koş-Teppe kanaly zerarly, gelejekde Türkmenistana akýan suw möçberiniň ýene-de 20%-30% azalma howpy abanýar. Amyderýa Aşgabady üpjin edýän esasy suw çeşmesidir. 800 mil (1287km) uzynlykdaky Garagum kanalynyň üsti bilen üç million akrdan (1214056.927 gektar) gowrak ýeri suwarýar.

Bulardan başga-da, Russiýa oba hojalykda ulanmak üçin Ural we Wolga derýalarynyň hanasyny üýtgetmegi zerarly Hazar deňziniň suwy äşgär derjede peselýär. Hazaryň kenarýakasyndaky 5 ýurduň ählisi agyz suw talaplary kanagatlandyrmak üçin deňziň suwunyň duzuny aýyrýar we bu hem deňiz derjesiniň peselmegini güýçlendiýär.

Türkmenistan temperaturanyň ýokary derejesi bilen ýüzleşýär

Mysal üçin, 2023-nji ýylyň gyş aýlarynda ýokary derjeli sogwyklar zerarly Türkmenistan köne gazgeçiriji turbalardaky kondensatyň doňmagynyň öňüni almak üçin, Özbegistana goýberilýän ýyladylýan gazyň üpjünçiligini wagtlaýyn togtatmaga mejbur boldy.

Türkmenistan dünýäniň iň hapa howaly ýurtlarynyň sanawynda 44-nji orunda bolup, iň köp metan zyňyndylaryny ýaýradýan ýurtlaryň arasynda ýer alýar. 2022 –nji ýylda Türkmenistanyň nebit we gaz känlerinde 184 sany ýokary metan emissýa syzdyrma wakalary boldy. Türkmenistan metan zyňyndylaryny azaltmak maksady bilen 2023-nji ýylda Global Metan Borçnamasyna goşuldy we klimat üýtgemegine uýgunlaşma meselelerini çözmek üçin halkara hünärmenler bilen işleşip başlady.

Hasabatyň ýazyjysyna görä, sebitiň güýçli ýylamagyny peseltmek, buzlaryň we suw çeşmeleriniň çalt azalmagynyň öňüni almak, infrastrukturasyny kämilleşdirmek we täze ekologik tehnologiýalara geçmek we kän suw talap edýän pudaklara üns bermek üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň özara hyzmatdaşlyklary zerurdyr.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: