Progres.Online

Türkmenistan iň köp metan syzdyryjy ýurt

2023-nji ýylyň 6-njy martynda, Guardian “Ýüze çykaryldy: 1000 sany ýokary metan emissiýalaryny syzdyrýan ýerler klimatyň üýtgeme töwekgelçiligine eltýär” atly makalasyny çap etdi. Makalada 2022-nji ýylda, atmosfera köp mukdarda metan syzdyran 1000-den gowrak ýer bellenilýär. Metan – kömürturşy gazyndan (CO2) 80 esse kän ýylylygy siňdirýän, ýöne atmosferada gysga wagtlyk saklanýan güýçli parnik gazydyr. Makalanyň maglumatlar bazasy Kayrros kompaniýasynyň Metan Gözegçiligi programmasynyň sputnik maglumatlarynyň seljermesine esaslanýar.

Türkmenistan aşa kän syzma hadysalarynyň bolup geçýän ýurdy hökmünde kesgitlenilip, 1005 sany esasy syzma hadysalarynyň 184-si Türkmenistana degişlidir. Gazylyp alynýan ýangyç bilen bagly 100 sany iň uly syzma hadysalarynyň 70-si Türkmenistanda hasaba alyndy. Şeýle hem, ýurtda iň uly syzma hadysasy bolup geçdi. 2022-nji ýylyň awgustynda, Hazar deňzine we esasy turbageçirijä golaý ýerde sagatda 427 tonna metan syzyldy. Bu syzmalar 67 million awtoulagyň emissiýasyna ýa-da Fransiýanyň bir sagatlyk emissiýa derejesine deňeçerdir.

Türkmenistanda gazylyp alynýan ýangyjyň önümçiligi barada jikme-jikler köpçülige nämälim. Emma, ägirt uly syzmalar Sowet döwrüniň köne enjamlary we wentilýasiýadan gaz syzmalaryny gizlemek synanşyklary bilen bagly bolmagy ahmal. Wentilýasiýa metan emissiýalary göze görünmeýär emma, az CO2 bölüp çykarýan ýakylan gazdan tapawutlylykda, aňsat ýüze çykaryp bolýar.

Geçen ýylky aşa kän syzmalara goşmaça, 55 sany sputnik suratlary “metan bombalaryny”, ýagny diňe syzmalar sebäpli 1 milliard tonnadan gowrak CO2 barabar metanyň syzylmagyna garaşylýan gaz ýataklaryny mälim etdi. Metan syzmalarynyň umumy sanyny, şol sanda öndürilen gazdan çykýan emissiýalary göz öňünde tutsak, “metan bombalarynyň” sany 120-ä ýetýär. Olaryň üçüsiniň Türkmenistanda ýerleşýändigi çaklanylýar.

Adatça kömürturşy gazynyň syzmalaryna has kän üns berilýär. Geçen asyrda global temperaturanyň ýokarlanmagynyň üçden birine metanyň sebäp bolandygyna garamazdan, metan syzmalary köplenç ünsden düşürilýär. Şeýle-de bolsa, 2021-nji ýylda Glazgoda geçirilen BMG-nyň Klimatyň üýtgemegi boýunça konferensiýasynda 150 sany gatnaşyjy döwlet 2030-njy ýyla çenli adamlaryň emele getirýän emissiýalaryny 30%-e çenli azaltmak baradaky global metan wadasyny yglan etdiler. Iň esasy ýurtlar, şol sanda Türkmenistan oňa gol çekmedi.

Metan syzmalaryny azaltmak global maýylganlygy çäklendirmegiň iň arzan we aňsat usullaryndan biridir. Gaz gazylyp çykarylýan proseslerinde abatlaýyş işlerini geçirmek ýaly öňüni alyň çäreleri gazlaryň atmosfera bilkastlaýyn syzdyrylmasyny ýa-da wentilýasiýasyny çäklendirip bilerdi. Şeýle hem, syzyljak nebiti we gazy satyp, abatlaýyş üçin berilen serişdeleriň öwezini dolup bolardy.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: