Progres.Online

Türkmenistan dünýäniň iň hapa elektrik torly döwleti

Karbonsyzlaşdyrmakda elektrik torlary (sistemasy) möhüm rol oýnaýar. Emma, bu torlar diňe arassa energiýa bilen işleýän halatynda amatly wariant bolup biler. Ençeme ýurtlar täzelenýän energiýa çeşmelerine geçseler-de, käbir ýurtlar henizem bütinleý gazylyp alynýan ýangyjy harçlaýarlar. Täzelenýän energiýa geçmegiň syýasy we ykdysady tarapyna baha berýän Energy Monitor web sahypasy dünýäniň iň hapa 10 sany elektrik torlaryny hasaplady. Sanaw kömürden, gazdan we nebitden elektrik öndürýän ýurtlary öz içine alýar.

Türkmenistan dünýäde iň hapa elektrik torlary bolan döwletleriň arasynda ilkinji bolup, elektrigi 100% nebit we gaz ýaly gazylyp alynýan ýangyçlardan öndürýär. Ýurtdaky elektrik energiýasynyň 98%-i tebigy gazdan işlenilip çykarylýar. Türkmenistan tebigy gaz gory boýunça dünýäde bäşinji orundadyr we ýurduň eksportynyň 80% -ini tebigy gaz eýeleýär. Galybersede, ýel we gün energiýasy global derejede iň arzan elektrik çeşmesidir.

Türkmenistan 2015-nji ýylyň Pariž şertnamasyna goşulandygyna garamazdan, arassa elektrik energiýasyna geçmäge başlamady. Maýa goýumlary gaýtadan işlenilýän energiýa çeşmelerine gönükdirmegi goldasa-da, Türkmenistanda maýa goýumlary esasan gazylyp alynýan ýangyçlara goýulýar. Şeýle hem, hasabatda Türkmenistanyň döwlet dolandyryşynyň repressiw häsiýeti we örän az sanly daşary ýurt maýa goýumly, üzňeleşen (izolirlenen) ykdysadyýeti barada bellenilýär.

Iň hapa elektrik torlary bolan beýleki ýurtlara Kuweýt, Liwiýa, Trinidad we Tobago, Saud Arabystan, Moldowa, Bagama, Alžir, Bangladeş we Botswana degişli. Munuň tersine, Şwesiýa, Norwegiýa, Braziliýa we Kanada ýaly döwletler täzelenýän energiýa çeşmeleri arkaly öndürilýän elektrigiň iň agdyk ýerleridir.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: