Progres.Online

Merkezi Aziýanyň eräp ýok bolup barýan buzluklary

Hytaýly alymlar tarapyndan çap edilen soňky iki ylmy işinde, klimatyň üýtgemeginiň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetine ýaramaz täsir etjekdigi barada aýdylýar.

Buzluklaryň eräp ýok bolmagy Merkezi Aziýada ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ýagdaýynyň kynlaşjakdygyny aňladýar. 

Merkezi Aziýadaky derýalar gitdikçe gurap barýar.

  • Buzluklar: XX asyryň başlarynda, entäk adamzat klimatyň üýtgemegine sebäp bolmaka we tebigatda deňagramlyk höküm sürýärkä, Týan-Şan dagy belli bir ülňi boýunça ekerançylyk meýdanlarynyň suwarylyşyna hyzmat ederdi: ýagny, gyş aýlary ýagan gar doňup, buzluk gatyny galňadardy; tomusda bolsa, bu buzyň belli bir bölegi eräp, derýalary gandyrardy, suw rezerwuarlaryny doldyrardy we müňlerçe kilometr daşlykdaky ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün ederdi. Emma bu deňagramlyk bozuldy.  
  • Týan-Şan dagyndagy buzluklaryň aglaba bölegi kiçelip, ýok bolup barýar. Kä halatlarda, tomusda buzluklaryň eremegi netijesinde, emele gelýän suw akymy iň ýokary derejä ýetip, soňra-da kemelip başlaýar. Soňky 40 ýylyň dowamynda, ýokary temperaturalar we uzak sürýän tomus möwsümleri  buzluklaryň galňamagyna böwet bolýar. 
  • Onýyllyklaryň dowamynda aşaky akymyň kenarýakalaryndaky ekerançylyk meýdanlary we gidroelektrostansiýa bentleri tomus aýlary ýeterlik suw akymlaryna gananlygyna garamazdan, häzirki wagtda derýalarda suw derejesi pes we durnuksyzdyr.  

Amyderýanyň bir wagtlar günorta Aral deňzine guýýan ýerinde derýa deltasynyň suw derejesi gaty pesdir.

  • 1970 – 2010 ýyllar aralygynda Amyderýanyň akymy Özbegistanyň Horezm we Garagalpagystan regionlarynda 60% kemeldi.   
  • Şeýle-de bolsa, alymlar bu meselede ikuçsyz pikirdedir: “Ekerançylyk prosessinde uly mukdarda suw harjalýar,” we daýhanlar has netijeli suwaryş usullaryny ornaşdyrmalydyrlar. Emma Horezm we Garagalpagystandaky daýhanlaryň diňe 7% suwy tygşytly ulanýan tehnologiýalary ulanýarlar.
  • Sebite Amyderýanyň suwunyň şeýle az mukdarda baryp ýetýändigi sebäpli, bu ýerler ýagynlara gaty baglydyr. Ilatyň bagtyna, klimatyň üýtgemegi netijesinde sebitde bol ýagyş ýagýar – şeýle-de bolsa, bu ýagynlaryň mukdary giden pagta, bugdaý we şaly ekilen meýdanlaryny gandyrardan gaty azdyr. Şeýle hem, klimatyň üýtgemegi netijesinde ekinleriň ýetişme möwsümi gitdikçe gysgalýar.  

Gepiň tümmek ýeri: “Sebitiň ejiz ekologiki gurşawy bilen bir hatarda, suw çeşmeleriniň ýetmezçiligi Merkezi Aziýanyň jemgyýetçilik we ykdysady ösüşine böwet bolýan esasy faktorlaryň biridir.” 

Çeşme: Chinese scientists measure Central Asia’s shifting water patterns | Eurasianet

Hytaýly alymlar Merkezi Aziýanyň üýtgeýän suw ülňülerini ölçeýärler.

Çeşme: Variations in Glacier Runoff Contributed by the Increased Negative Mass Balance over the Last Forty Years in the Tien Shan Mountains.  

Soňky 40 ýylyň içinde Týan-Şan daglarynda gitdiçe artýan deňagramlyk bozulmalary buzluklaryň harjalmagyndaky üýtgemelere öz goşandyny goşýar.

Çeşme: Analysis of the Water Demand-Supply Gap and Scarcity Index in Lower Amu Darya River Basin, Central Asia.

Amyderýanyň aşaky basseýninde suwa bolan Talap-Üpjünçilik Tapawudynyň we Ýetmezçilik Indeksiniň analizi, Merkezi Aziýa

Çeşme: Impacts of climate change on vegetation phenology and net primary productivity in arid Central Asia

Klimatyň üýtgemeginiň gurak Merkezi Aziýada ösümlik örtüginiň fenologiýasyna we sap esasy önümçiligine edýän täsiri. (Fenologiýa – biologiki ýaşaýyş tapgyrlaryndaky döwürleýin hadysalary we olara howanyň möwsümleýin we ýylyň dowanda üýtgemeginiň, şeýle hem, tebigy ýaýraýyş faktorlarynyň nähili täsir edýändigini öwrenýan ylym.)

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: