Progres.Online

Merkezi Aziýada ýerleriň zaýalanmasy

Birleşen Milletler Guramasy 2023-nji ýylyň 13-17-nji noýabrynda Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçirilen sammitde hödürlenen we ara alnyp maslahatlaşylan dünýädäki ýer zaýalanmasy we çölleşme baradaky maglumatlaryny täzeledi. Soňky maglumatlara görä, 2015-2019-njy ýyllar aralygynda ~420 million gektar (4.2 million m2) ýer zaýalandy. Ýerleriň zaýalanmasy – ýeriň biologiki ýa-da ykdysady öndürijiliginiň peselmegi ýa ýitmegi bolup, bu topragyň eroziýasyna, topragyň hiliniň ýaramazlaşmagyna we ýeriň umumy ýagdaýynyň erbetleşmegine getirýär.

Ýeriň zaýalanma gerimi

Diňe Merkezi Aziýanyň özünde umumy meýdanynyň 20%-i zaýalanyp, bu 18 million adama täsir etdi. Tokaýlary çapmak, suwarymly oba hojalygyny giňeltmek, suwuň ýerastyndan çykarylyşyny artdyrmak we haýwanlaryň sanyny köpeltmek ýaly adam işjeňlikleri klimatyň guraklaşmagy bilen bilelikde topraklaryň hiliniň peselmegine we ýerleriň zaýalanmagyna sebäp boldy.

Merkezi Aziýanyň ýerleriniň 38%-i we sebitiň ilatynyň ýarysyndan gowragy (26.7 million adam) guraklygy başdan geçirýär. Türkmenistanda ilatyň 20.7%-i, Gyrgyzystanyň ilatynyň 89%-ine çenli gurakçylyga duçar boldy. Sebitiň ilatynyň 60%-i esasy girdeji çeşmesi hökmünde oba hojalygyna bil baglaýar. Gurakçylyk süýji suwuň elýeterliligine täsir edip, garyplyk we daşky gurşaw migrasiýasy howpuny döredýär.

Durnuksyz suwarymly oba hojalygynyň, öri meýdanlarynyň giňeldilmegi we beýleki adam işjeňlikleri çäge we tozan tupanlaryna goşant goşýar. Bu Merkezi Aziýanyň ilatynyň ~9% -ine (6.5 million adam) täsir edýär. Aral deňziniň betbagtçylygy 5.5 million gektar şor çöllügi döretdi. Ol häzirki wagtda ýyllyk 100 million tonnadan gowrak tozan we zäherli duz çykaryp, topragyň eroziýasy sebäpli saglyga täsirini ýetirýär we ekinleriň hasyllylygyny kemeldýär.

Sosial täsirleri

Ýeriň zaýalanmasy we gurakçylyk aýallara we erkeklere jemgyýetçilik roluna we medeni kadalaryna baglylykda tapawutly täsir edýär. Aýallar oba we öý işlerine gatnaşýanlygy sebäpli daşky gurşaw täsirine has kän sezewar bolýarlar. Munuň tersine, erkekler işlemek üçin başga ýurtlara göçýärler. Daşky gurşaw meselelerine uýgulaşmak we olardan baş alyp çykmak üçin aýallary we beýleki ejiz toparlary bilimlendirmek we taýýarlamak möhümdir. Klimatyňýaramazlaşmagy, çölleşmek, ýer öndürijiliginiň peselmegi we suw üpjünçiliginiň çäkli bolmagy sebitdäki ýaşaýyş derejesiniň erbetleşmegine, zähmet migrasiýasynyň artmagyna has itergi berýär.

Ýeriň zaýalanmasy barada bitarap maksatnama

Merkezi Aziýa ýurtlary BMG-nyň Çölleşmä garşy göreş boýunça konwensiýasynyň (UNCCD) goldawy bilen durnukly ýer dolandyryş tejribesini ýola goýmak we ösdürmek üçin tagalla edýärler. Gurama çölleşmäge garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmasy babatda bitarap maksatlary kesgitlemek, milli gurakçylyk syýasatlaryny, çäge we tozan tupany dolandyryş strategiýalaryny işläp düzmek üçin Milli hereket meýilnamalaryny taýýarlamaga kömek etdi. Şeýle hem sebit kanunlary täzelemek, tokaýlary we gorag tokaý guşaklaryny döretmek arkaly çägeli tupanlaryň netijeleriniň öwezini dolmak üçin çäreleri görýär.

UNCCD-niň Ýeriň zaýalanmasy barada bitarap maksatnamasy ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak, gaça durmak we öňki durkuna getirmegi maksat edinýär. Täjigistan öz maksadyny kesgitländen soň, Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarymaksatnama goşular we ýerleri dikeltmek üçin meýletin borçnamalaryny ýerine ýetirerler. Türkmenistan 2025-nji ýyla çenli 160 müň gektar çölleşen, suwarymly we ilatly ýerleri ýaşyllyga öwürmäge wada berdi. Mundan başga-da, 1996-njy ýylda Türkmenistan ilkinji bolup UNCCD-ni tassyklady we 1997-nji ýylda Çölleşmä garşy göreş boýunça milli hereket meýilnamasyny işläp düzdi.

Milli meýilnama ekologik betbagtçylyga sebäp bolýan ýeriň, suwuň we beýleki çeşmeleriň zaýalanmasyny öz içine alýan çölleşmegiň weýrançylykly täsirlerine ünsi çekýär. Hususan-da, Türkmenistanda suw baýlyklarynyň eýýäm derýalaryň ýyllyk akymyndan artykmaç peýdalanmagy we suwaryş üçin ulanylýan suwuň mukdarynyň maslahat berilýän derejesinden ýokarydygy bellenilýär. Hasabatda topragyň öndürijiliginiň ýaramazlaşmagy we ekinleriň hasyllylygynyň peselmegi we tokaý meýdanlarynyň kiçelmegi barada nygtalýar. Milli hereket meýilnamasy ýerleriň zaýalanmagynyň kriteriýalaryny kesgitlemek, zaýalanan ýerleri dikeltmek we tebigy baýlyklardan durnukly peýdalanmak ýaly birnäçe maksatlary kesgitledi.

Milli meýilnama çölleşmäge garşy göreşde ýerli däp-dessurlaryň we tehnologiýalaryň ähmiýetini belläp geçýär. 2021-nji ýylda Çölleşmäge garşy göreş boýunça milli hereket meýilnamasyny täzelemek meýilleşdirilipdi. Emma, 2023-nji ýyla çenli meýilnama entek täzelenmedi we/ýa-da täzeden gözden geçirilmedi.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: