Progres.Online

Merkezi Aziýada suw ýetmezçiligi we klimatyň üýtgemegi

Bütindünýä Banky Merkezi Aziýada suw meselesine gyssagly çäreleriň görülmelidigini duýdurýar.

Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunda (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan) 76 million adam ýaşaýar. Sebitiň möhüm suw çeşmeleriniň aglabasy Tien Şan, Hindi Guş, Wakhan we Pamir daglaryndaky garlaryň we buzluklaryň eräp, Aral deňziniň basseýnine akýan suwlarydyr. Basseýniň iki esasy derýasy adam saglygy, ekosistemalar, oba hojalygy, gidroenergetika we balykçylyk üçin zerur suwy üpjün edýär.

Şeýle-de bolsa, Merkezi Aziýada 22 million adama, ýagny sebitiň ilatynyň üçden biri çemesine arassa suw ýetmezçilik edýär. Bu mesele esasanam oba ýerlerinde has ýitileşen. 2050-nji ýyla çenli sebitiň ilatynyň 90-110 milliona ýetmegine garaşylýar we şäherleşmäniň dowam etmegi, klimatyň maýlamagy, ykdysady ösüşe bolan talaplar öň hem çäkli bolan suw çeşmelerine zerurlygy güýçlendirer.

Esasy mesele hem oba hojalygynda suwuň tygşytsyz ulanylmagydyr. Merkezi Aziýanyň köp böleginde eksport üçin bagbançylyk önümlerini ösdürip boljak ýokary hilli toprak bar. Emma, oba hojalyk önümleriniň gymmatynyň pesligi, däneleriň suwsuzlygy we tygşytsyzlyk suwuň ykdysady öndürijiligini çäklendirýär. Zeýkeş ulgamlarynyň we suwaryşyň ýaramaz dolandyrylmagy zerarly suwarymly ýerleriň takmynan 50 göterimi şorlaşan hem-de batgalaşan.

Klimatyň üýtgemegi sebite uly täsir ýetirer. Merkezi Aziýada maýylganlygyň dünýädäki ortaça derejeden ýokary bolmagyna, has takygy 2100-nji ýyla çenli temperaturanyň ortaça 5-6 gradus galmagyna garaşylýar. Gyzgyn temperatura eýýäm garlaryň eremegine, suwa talabyň artmagyna, iň ýokary suw akymynyň baharda bolmagyna we suwaryş möwsüminiň gysgalmagyna sebäp bolýar. Sebitde 2050-nji ýyla çenli suwuň möçberiniň iň ýokary derejä barjakdygy, ondan soň akymyň ep-esli azaljakdygy çaklanylýar. Edil suw ýetmezçiligi ýaly, suw joşmalarynyň we aşa guraklygyň hem giňden ýaýramagyna garaşylýar.

Hökümetler suwa we howa degişli maglumatlary ýygnamalydyrlar. Bu olara netijeli modelirlemeleri we derňewleri geçirmek üçin wajyp bolup, gidrologik durnuksyzlyga we klimatyň üýtgemegine garşy ylma esaslanýan çäreleri görmäge mümkinçilik berer. Ölçäp bilmeýän zadymyzy dolandyryp bilmeris.

Çeşme: worldbank.org

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: