Progres.Online

Kiçi Aralyň dikeldilmeginiň we balykçylygyň gelejegi

Aral deňzi tutuş Merkezi Aziýanyň daşky gurşawyny we ykdysady durnuklylygyny saklamakda möhüm rol oýnaýar. Araly dikeltmek diňe ykdysady galkynyş, ýagny balykçylygyň ösdürilmegi, ýerli we öňden bäri balykçylyk bilen meşgullanýan hojalyklaryň ykdysadyýete işjeň gatnaşmagy arkaly amala aşyrylyp bilner. Şeýle hem, sebitiň Aralyň suw balansy meselesini çözmegi we suwy rejeli peýdalanmagy zerur. Emma, Merkezi Aziýa dünýäde suwy iň köp sarp edýän 10 ýurduň hatarynda bolup, Türkmenistan bolsa sebitde suwy iň kän ulanýan ýurtdyr.

Aral krizisiniň döreýişi

Sowet Soýuzynyň 1960-1980-nji ýyllardaky “Aral deňziniň basseýinini özgertmek meýilnamasyna” görä, Aral deňzine guýýan Amyderýanyň we Syrderýanyň akymy Özbegistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we bölekleýin Gazagystanyň pagta meýdanlaryny giňeltmek üçin üýtgedildi. Arala akýan suw akymynyň birden azalmagy deňizi ikä – Uly Arala we Kiçi Arala böldi. Amyderýadan gelýän akymyň bütinleý kesilmegi bilen Uly Aral bütinleý ýitip gitdi. Netijede, ýerli ilat we balykçylar ýurduň beýleki ýerlerine göçdiler we Aral ykdysady peýdalylygyny ýitirdi.

Krizisde öwrülşikli pursat

Kiçi Aral Syrderýanyň akymyndan iýmitlenip, saklanyp galdy. Şeýle hem, 2005-nji ýylda Kiçi we Uly Aral arasynda Kokaral bendiniň gurulmagy ekologiki krizisi durnukly ýagdaýa getirdi. 2006-njy ýylda Kiçi Aralyň duzuny azaltmak işleri geçirilip, deňize 20-den gowrak balyk görnüşleri goýberildi. Şeýlelikde, Kiçi Aralda balykçylyk dikelip başlady we ýerli ykdysadyýetiň ösmegine itergi berdi.

Araly dikeltmekde esasy çözgütler

Aralda deňiz balykçylygynyň ýitip gitmegi ýerli ilat üçin sosial betbagtçylyk bolupdy. Şol sebäpli, Aral deňzini ykdysady taýdan galkyndyrmagyň we sebiti dikeltmegiň iň amatly usuly ýerli balykçylyk pudagyny ösdürmekdir. Mundan başga-da, ýerli balykçylar we balykçylyk birleşikleri hemişe Aral deňziniň “tebigy bähbitlerini goraýan” ilatyň işjeň gatlagy, ekologiýany goraýjylary bolup durýar. Araly dikeltmekde ikinji möhüm zat bolsa Merkezi Aziýa ýurtlary suw balansyny saklamaly we suwy rejeli peýdalanmalydyr.

Emma analitiklere görä, sebitde suwuň ýiti ýetmezçiliginiň esasy sebäpleriniň biri sebitiň suwy netijesiz dolandyrmagydyr. BMG-niň Azyk we Oba hojalygy guramasynyň (FAO) hasabatyna görä, MA-da adam başyna düşýän suwuň paýy (2.3 müň m3) ýeterlik. Mesele suw çeşmeleriniň gytlygy däl-de, eýsem olaryň ýerliksiz ulanylmagydyr. FAO görä, Merkezi Aziýa ýurtlary dünýäde suwy iň köp sarp edýän 10 döwletiň arasynda ýer alýar. Degişlilikde MA ýurtlarynyň ýyllyk suw sarp ediş mukdary: Türkmenistan – 5319 m3, Gazagystan – 2345 m3, Özbegistan – 2295 m3, Gyrgyzystan – 1989 m3, Täjigistan – 1895 m3.

Mundan başga-da, Merkezi Aziýa ýurtlary ösen ýurtlara garanyňda oba hojalygynda 2.5-3 esse köp suw sarp edýärler. Häzirki wagtda, sebitde suw meselesi baradaky geňeşmelerde bolsa Aral deňziniň suw balansyna juda az üns berilip, esasan gidroenergetika, damjalaýyn suwaryş, suwa paç salmak ýaly meseleler ara alynyp maslahatlaşylýar.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: