2023-nji ýylyň 17-nji maýynda, Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy boýunça utgaşdyryjy komiteti (HGUK) Hazaryň derejesi barada nobatdaky maglumat býulletenini çap etdi. Býulletene görä, 2022-nji ýylda, Hazar deňziniň ortaça ýyllyk derejesi 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 27 sm azaldy. Geçen ýyl deňiz derejesiniň peselme tizligi 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende ýokarlanyp, 2021-nji ýylda deňiz derejesi 20 sm azalypdy. Şeýlelikde, bary-ýogy 2 ýylda Hazaryň derejesi ýarym metre golaý kiçeldi.
2022-nji ýylda ortaça ýyllyk deňiz derejesi -28.70 metr BS (Baltika Ulgamy), 2021-nji ýylda -28.43 metr BS boldy.
Munuň esasy sebäbi 2022-nji ýylda Wolga derýasyndan gelýän kadaly akym (238 km³) peselip, 212 km³ deň boldy.
2023-nji ýylyň ýanwarynda deňiziň derejesi 2022-nji ýylyň ýanwary bilen deňeşdirilende 30 sm peseldi.
2023-nji ýylyň birinji çärýeginde Wolganyň akymy 2021-nji we 2022-nji ýyllaryň degişli döwründäki akym bilen tas deňeçerdi. Şu ýyl, suw daşgyny geçen ýyla garanyňda has ir başlap, apreliň ahyrynda iň ýokary derejä ýetdi. Şonuň üçin şu ýylyň aprelindäki akym geçen ýyl bilen deňeşdirilende ~2.5 esse köpdi. Wolganyň basseýninde suwuň azlygy sebäpli diňe 5 gün güýçli suw akymy hasaba alyndy. 25-nji aprelden bäri akym kem-kemden peselýär. Netijede, 2023-nji ýylda (yzygiderli üçünji ýyl) suwuň az bolmagyna garaşylýar.
Wolga derýasynda suwuň azalmagy çaklanylýanlygy sebäpli 2023-nji ýylda Hazar deňziniň derejesiniň ýene-de peselmegine garaşylýar.