Aral deňziniň weýrançylygy Hazar deňziniň ykbalynyň diňe bir bölegi bolup biler.
Ýer şarynyň gyzmagy we dünýä deňiz suwunyň derejesiniň ýokarlanmagy bilen Hazar deňzine ýanaşyk sebitler düýbünden başga mesele bilen ýüzbe ýüz bolýarlar.
Howa ýagdaýynyň synçylarynyň maglumatlaryna görä Merkezi Aziýada ygalyň düýpgöter azalmagyna we netijede dünýäniň iň uly kölünde bugarmanyň ýokarlanmagyna garaşylýar.
XXI asyryň ahyryna çenli Hazaryň suw derejesi 18 metre çenli peselip biler. Bu ýagdaý deňziň kenarýakasynda ýerleşen bäş ýurduň azyk önüm gorlaryny azaldyp, aralarynda duşmançylygy artdyryp biler. Kenarýaka ýurtlary bolsa, özlerine garaşýan bu howpa biperwaý garaýarlar we bu meselä düýbünden taýyn däl.
Bremen Uniwersitetiniň Matias Prangyň ýolbaşlygyndaky alymlar toparynyň aýtmagyna görä, bütin dünyä boýunça ýitip barýan kölleriň “weýran ediji” täsirine kän bir ähmiýet berilmeýär.
“Hazar üçin bolsa eýýäm giç hem bolup biler. Häzirki wagtda deňiz ýylda 6-7 santimetr azalýar. Onuň käbir bölekleri Aral deňziniň galyndylaryna meňzär” diýip Prang we onuň kärdeşleri The Nature (Tebigat) tarapyndan neşir edilen Communications Earth & Environment (Dünýä we Daşky Gurşaw Aragatnaşyklary) atly žurnalynda ýaňy-ýakynda ýazan teswirlerinde belleýärler.
“Hazar deňziniň deňiz suwunyň derejesi şu asyryň ahyryna çenli orta we ýokary zyňyndy ýagdaýynda 9-18 metr peseler diýlip çaklanylýar. Muňa kölleriň bugarmagynyň ep-esli ýokarlanmagy, şol bir wagtda derýa akymynyň ýa-da ygalyň ýeterlik derejede artmaýanlygy netijesinde suw möçberiniň deňagramlylygynyň bozulmagy sebäp bolar. Täze maglumatlara görä, XXI asyrda Hazaryň deňiz suwunyň derejesiniň peselmegi öňki edilen çaklamalardan iki esse köp bolar. Deňiz suwunyň 9-18 metr peselmegi demirgazykdaky Hazar kenarynyň uly böleginiň, günorta-gündogardaky türkmen kenarynyň we deňziň orta we günorta kenarýaka sebitleriniň ählisiniň suwunyň çekilmegini aňladýar. Mundan başga-da, deňziň gündogar kenarýakasyndaky Garabogazköl aýlagy doly ýiter. Umuman alanyňda, Hazar deňziniň umumy meýdany deňiz suwunyň derejesiniň 9 metr düşmegi netijesinde 23 göterim, 18 metr düşmeginde bolsa 34 göterim azalar.”
Çaklamalaryň netijesindäki ýüze çykjak tebigy näsazlyklar mese mälim. Ýerli balyklaryň köpelmegine amatly şertler döredýän ýalpak demirgazyk sebitleriň ýitip gitjegi şübhesizdir. Yzy ýanyndan ykdysady çökgünlige hem-de “etniki taýdan dürli adamlaryň ýaşaýan we dartgynlygyň ozal hem azlyk etmeýän sebitlerinde ýerli we sebitara dawa-jenjelleri döredip biljek sosial-ykdysady netijelere eltmegi hem mümkin.
Hazar sebitiniň syýasaty hemişe-de dawa-jenjellidi: Kenarýakalaryndaky goňşy ýurtlar ençeme ýyl bäri onuň deňizmi ýa-da köldüginiň üstünde jedelleşip gelýärler. Bu tapawut deňiz serhetlerine we kenarýaka ýurtlaryň deňizdäki nebit we gaz ýataklaryndan näderejede peýdalanyp biljekdigine täsir edýär. Kenarýakalary azaldygyça Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan täzeden sebitleriň kanunlaryny belläp balyk tutmak hukugy barada ylalaşmaly bolarlar.
Bu weýran ediji üýtgeşmeler bir nesil soň bolup biljegi üçin bu goňşy ýurtlaryň ünsüni häzirlikçe doly çekip bilmeýär. Ýaňy ýakynda, 2011-nji ýylda, hökümetara derňew topary Hazar deňziniň deňiz suwunyň derejesiniň diňe birneme üýtgäp biljekdigini çaklady.
Alymlar: “Netijede, Hazar deňziniň giňişliginde onuň deňiz suwunyň derejesiniň peselmegine uýgunlaşmak çäreleriniň halkara, milli, we sebit derejesindäki dolandyryş ýetmezçiligi bar” diýip ýazýarlar.
Makalanyň asyl nusgasy: Caspian faces catastrophic drop in water levels this century
Ulanylan karta suraty Prang we başgalary tarapyndan düzülen