Hazar deňziniň suwy 2006-njy ýyldan bäri peselýär we 2022-nji ýylda iň pes kritiki derejesine ýetdi. Gazagystanyň hökümeti dünýäniň iň uly ýapyk (dünýä okeanyndan üzňelik) howdanynyň suwunyň çekilmeginiň sebäbi howanyň gyzgynlyk derejesiniň ýokarlanmagy, ýagynlaryň ýoklugy we guýýan derýalaryň akymynyň azalmagy diýip hasaplaýarlar.
Aktau şäheriniň Hazar kenary (2023-nji ýylyň iýuny) Suraty çeken: Talgat Umarow
Adalar peýda boldy
Entäk 2016-njy ýylda Aktauň ýaşaýjylary Hazar deňiziniň suwunyň çekilýändigini synladylar. Aktauda ýaşaýan jemgyýetçilik işgäri Azamat Sarsenbaýew “Bu güne çenli deňiziň çekilýändigini her kes bilýärdi. Häzirki bolup geçýän hadysa öň hiç haçan görülmändi. Häzirki wagtda biz deňziň birnäçe metr çekilendigini görýäris” – diýip gürrüň berdi.
Sarsenbaýewiň gözegçiligine görä suwuň peselmegi bilen adalar ýüze çykdy. Deňiz şäherden onlarça metr, demirgazyk kenaryndan bolsa kilometrlerçe çekildi.
Soňky ýüz ýylyň dowamynda Hazar deňziniň derejesiniň üýtgemegi (Baltiki beýiklik ölçeme ulgamyna görä metrde)
Häzir deňziň çekilmeginiň nobatdaky tapgyry dowam edýär.
Diagramma: Tatýana Trubaçewa. Çeşme: “Hazar deňzi: gidrologiýa we gidrohimiýa” kitaby, “Kazgidromet” resmi maglumaty we ş.m.
“Hazar deňziniň suwunyň bir metre golaý çekilmegi esasan hem gazak kenar ýakasynyň üýtgemegine getirdi. Muny şeýle düşündirip bolar, deňziň bu böleginde we ýakynyndaky kenar ýakalarynda deňiz düýbüniň ýapgytlary bar. Deňiz derejesiniň sähelçe üýtgemegi suw basmalara ýada kenar ýakasynyň kiçelmegine getirýär. Bu döwrüň dowamynda suw howdanlarynyň meýdany 22 000 km2 golaý azaldy we onuň ýarysyndan köpüsi demirgazyk Hazaryň Gazagystan bölegine degişli” – diýip Gazagystanyň Ekologiýa Ministrligi habar berdi.
Azamat Sarsenbaýew Hazar deňziniň çekilmegini, oňa guýýan esasy iki derýanyň Ural (gazak. Žaýyk) we Wolganyň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy bilen baglanşdyrýar.
“Meniň pikirimçe esasy sebäp diňe bu, çünki bu derýalar çendenaşa peýdalanylýar. Sowet Soýuzy dargandan soň bu derýalarda birnäçe bentler guruldy, olaryň suwy oba hojalygynda ulanylýar. Ural we Wolga derýalaryň uzaboýuna şäherler ýerleşip, olary üpjin edýär” – diýip Sarsenbaýew aýtdy.
“EkoMangistau” hökümete degişli bolmadyk guramanyň müdiri ekolog Kirill Osin hem Hazar deňziniň bu gözgyny ýagdaýynyň sebäpleriniň biri derýalaryň çekilmegi diýdi.
“Derýalaryň kiçelmegine klimatyň üýtgemegi täsir edýär. Derýalar tebigy ýol bilen az suw alýarlar, üstesinde suwuň ýerliksiz ulanmagy, derýanyň hanasyny gyrmança basmagy ýaly faktorlar hem bar” – diýip Kirill Osin gürrüň berdi.
Gazagystan respublikasynyň Ekologiýa we Tebigy baýlyklar Ministrligi Hazar deňzine guýýan derýalaryň ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygy babatda jemgyýetçilik aktiwistleriniň pikiri bilen ylalaşýarlar. Olaryň maglumatlaryna görä, Hazar deňziniň 90% suwy Russiýa federasiýasynyň territoriýasyndan geçýan Wolga derýasyndan guýulýar. Uralyň paýyna diňe 2% düşýär, muňa garamazdan Ural derýasy Hazar deňziniň balyk bilen üznüksiz üpjünçiliginde uly rol oýnaýar. Gurak döwüre bagly Uralyň akymy 50-60% azaldy, şol sebäpli hem balygyň işbil taşlaýan ýerleri ýaramazlaşdy we derýanyň ekologik ýagdaýy ertbetleşdi.
Bu ýagdaýy düzeltmek üçin Gazagystan bilen Russiýa “Derýa howuzlaryny (Žaýyk, Ýertis we beýlekiler) derňeme işlerinde aktiw hyzmatdaşlyk etmek üçin bitewi ýol kartasyna” gol çekdiler. Gazagystanyň Ekologiýa Ministrliginiň berýän habaryna görä häzirki wagtda olar maglumatlary ýygnaýarlar we derňeýärler, işleri tamamlama möhleti bolsa 2023-nji ýylyň ahyrydyr.
Ýagyn az, bugarma ýokary derejede
Geçen asyr alymlar Hazar deňziniň onlarça ýyllap kä çekilip kä ýokarlanýandygyny belläpdirler. Ilki suw çekilmeleri 1930-1941-nji ýyllarda görülipdir. Bu döwürde giň gerimli klimatyň üýtgemegi netijesinde deňiziň derejesi -26,07 BBÖ-den (Baltiki adaty beýiklik ölçeme ulgamy – awtoryň belligi) -27,85 BBÖ çenli peselipdir. Soňky ýyllarda suw çekilmeleri has seýrek bolýardy, 1960-njy ýyllarda bolsa -28,4 derejesinde biraz durnuklylyk boldy. 1970-nji ýylyň birinji ýarymynda, ýagny 1977-nji ýylda suwuň derejesi soňky 150 ýylyň dowamyndaky iň pes -29 derejesine düşdi. Bu döwür kenar ýakasynyň täzeden düzülmegine we çölleşmegine getirdi.
Hazar deňziniň derejesiniň asyrlyk üýtgeýişi. Çeşme: “Hazar deňzi: gidrologiýa we gidrohimiýa”
S.S. Baydiniň redaksiýasy bilen çykan kitaby.
1978-nji ýyldan başlap Hazaryň derejesi birden ýokarlanyp başlady we 1995-nji ýylda -26,62 BBÖ belligine ýetip, 2.5 metr ýokarlandy. Bu döwürde suwuň ýokarlanma depgini ýylda ortaça 14 sm, käbir ýyllarda 36 sm çenli ýetdi. 1995-nji ýylda suwuň derejesi peselip başlady we 2006-njy ýyldan başlap gitdigiçe düşýärdi. 2022-nji ýylda onuň derejesi -28,7 BBÖ metr boldy.
Kirill Osin Hazaryň suwunyň çekilmeginiň esasy sebäbi klimatyň üýtgemegi diýip nygtaýar. Bu bolsa suwuň bugarmagyny güýçlendirýär, ýagyn ýagmagy arkaly tebygy ýol bilen öwezi dolmaýar.
Gazagystanyň Ekoligiýa Ministrliginiň hünärmenleriniň bellemegine görä Hazar deňziniň derejesiniň durnuksyzlygy köp taraplaýyn häsiýete eýedir we iň esasy deňize täsir edýän faktor klimatdyr: klimatyň üýtgemegi, ýyl saýyn howanyň gyzmagy, bugarmanyň ýokarlanmagy we guýýan derýalaryň akymynyň azalmagy Hazaryň suwunyň durnuklylygyna täsir edýär.
“2006-2022 ýyllarda Hazar deňziniň sebitlerinde örän az ýagyn ýagdy, suwuň bugarmagy bolsa gaty ýokary derejä ýetdi. Wolga derýasynyň howdanlarynda birnäçe ýyl guraklykdan az suw bolanlygy sebäpli derýalarda suwuň ortaça akymy hem peseldi. 2021-nji ýylda deňziň daşky gurşak derejesi -28,43 BBÖ metr, 2022-nji ýylda bolsa 27 sm peselip, -28,7 BBÖ metr derejesine düşdi. Şeýlelikde, 2021-nji ýylda deňziň çekilmegi ortaça 20 sm bolan bolsa, şol ýyl bilen deňeşdireniňde 2022-nji ýylda bu görkezji has ýokarlandy. Munuň esasy sebäbi 2022-nji ýylda Wolga derýasynyň guýumynyň 212 km3 düşüp, bu çägiň has aşagyndadyr. 2021nji ýyl bilen deňeşdireniňde bu görkeziji 238 km3 deňdi (208 km3)” – diýip Gazagystanyň Ekologiýa Ministrligi habar berdi.
Agentligiň maglumatlaryna görä, deňiziň häzirki görkezijisi -28,7 BBÖ metr derejesine ýetdi we bu kritiki derejeden 20 sm pesdir.
“Hazar deňziniň taryhyny göz öňüne tutsak -28,5 metr derejesine düşmegi, onuň ekosistemasy we deňiz hojalygy üçin kritiki ýagdaý bolup durýar” – diýip Gazagystanyň Ekologiýa Ministrligi hasaplaýar.
“Ýörüte çäreler görülmeli”
Kirill Osiniň pikiriçe Hazar deňziniň çekilmeginiň häzirki ýagdaýyny kritiki ýagdaý däl, ýöne biz üýtgeşmelerden habardar bolmaly, ýagny deňiziň derejesine gözegçilik etmeli. Derýalary dikeltmek we suwy tygşytlamak meseleleri barada serhetara işleri alyp barmaly. Ýöne ol häzirlikçe anyk alynyp barylýan işleri görenok.
Osin: “Şu günki gün men hiç hili gerekli çäreleriň alynyp barylýandygyny göremok. Diňe hökümetleriň we prezidentleriň çykyşlary bar, ýöne hiç hili kararlar we görkezmeler berilenok. Her niçikde bolsa “suw diplomatiýasy” russiýanyň çägindäki Wolga derýasynda bir eýýäm işe başlamalydy. Hazar deňiziniň döwürleýin häsiýeti bar we biz bu ýagdaýa gözegçilik etmeli” diýdi.
Minekologiýa “Kazgidromet” hökümet ederasynyň taýýarlan Hazar deňziniň derejesi baradaky uzak möhletleýin çaklamalaryna esaslanýar. Muňa görä, klimatyň ýagdaýynyň “aram gazaply” we “gazaply” görkezijilerinde 2030-njy ýyla çenli deňiz derejesi -29,23 BBÖ metrden -29,63 BBÖ metr aralygynda düşüp biler. Osiniň aýtmagyna görä 2100-nji ýyla çenli deňziň derejesi 9-16 metr peselip biler, gowy habar bolsa deňiz derejesi has ýokarlanyp biler.
Kirill Osin: “Şeýle ýagdaýlarda dürli faktorlar göz öňüne tutulýar we çaklamalar hem her hili bolýar. 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Gazagystanyň prezidenti Tokaýew Hazar deňizini öwrenmek üçin döwlet ylmy-barlag institudyny döretmegi tabşyrdy, emma intstitut entäk döredilmedi. Ony 2023-nji ýylyň ahyryna çenli açmagy meýilleşdirýärler.
Çeşme: Cabar Asia