Progres.Online

Global maýylganlyga garşy göreşmegiň wagty azalýar

BMG-nyň Howanyň üýtgemegi boýunça hökümetara paneliniň 20-nji martda çykaran grafikasy howanyň üýtgemegine degişli iň wajyp ylmy netijeleri açyp görkezýär we dünýä ýene bir uly duýduryş berýär:

  • Grafika gelejekde maýylganlygyň derejesiniň häzirki howa goýberilýän zyňyndylaryň möçberine baglydygyny, şeýle-de howanyň üýtgemeginiň 1950, 1980 we 2020-nji ýyllarda doglan nesilleriň durmuşyna nähili täsir etjekdigini suratlandyrýar.
  • Grafikada parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň öňümizdäki onýyllyklarda we ýüzýyllyklarda getirjek zyýanyny azaltmak üçin adamlaryň üstündäki häzirki jogapkärçilige üns çekilýär.

Hasabata has içgin seredilende, dünýäniň global maýylganlygyň derejesini maksada laýyk çäklendirmegi başarmaýandygyny, emma gazylyp alynýan ýangyçlardan, topragyň ulanylmagyndan we beýleki çeşmelerden çykýan zyňyndylary azaltmak üçin heniz hem giç däldigini görmek bolýar:

  • 1950-nji ýyllarda doglan nesliň ömrüniň dowamynda başyndan geçirjek howa üýtgemesiniň uly bölegi eýýäm 1970-nji ýyllardan bäri bolup geçdi. 70-nji ýyllarda parnik gazlarynyň zyýanly täsirleri belli bolup başlapdy.
  • 1980-nji ýylda doglanlar eýýäm uly we tiz howa üýtgemelerine şaýat boldular we asyryň ortasynda, ýagny her döwletiň zyňyndylarynyň mukdarynyň nola ýetmeli döwründe 70 ýaşarlar.
  • Eger zyňyndylaryň köp mukdarda zyňylmagy dowam etse, 2020-nji ýylda doglanlar dünýäniň taryhda iň ýaramaz derejelerde maýlaýşyny görerler.

Hasabatyň esasy awtorlarynyň biri hem-de NASA-da klimat boýunça ylmy barlagçy Aleks Rueýn grafikada diňe iň garry we iň ýaş toparlaryň däl-de, üç dürli nesliň şekillendirilendigini belleýär:

  • Grafika çagalaryň ene-atalary we garry ene-atalary bilen aralaryndaky klimata degişli gürrüňleriniň nähili bolup geçýändigini suratlandyrmaga niýetlenen.
  • “Dünýäniň häzirki we biziň çagalarymyza hem-de agtyklarymyza galjak geljekki ýagdaýy baradaky ol gürrüňler hakykatdan hem bolup geçýär” diýip, Rueýn aýdýar.

Rueýne görä, iň ýaş nesliň asyryň soňuna çenli ýokary derejelerde howa üýtgemelerini başdan geçirmegi ahmal.

  • Grafika diňe bir klimatyň maýlaýandygyna däl, eýsem onuň ýetjek derejelerini biziň berýän kararlarymyzyň kesgitlejekdigine düşünmäge kömek edýär.
  • 2090-njy ýyla çenli, ýagny häzirki ýaş nesil 70 ýaşa ýetende bolmasy çaklanylýan iň ýokary we iň pes temperaturalaryň arasynda ägirt uly 2.5°C (4.5°F) gradus tapawut bar.
  • Bu dünýäniň häzire çenli başyndan geçiren bütin maýylganlygy 1.2°C (2.16°F) gradusyň iki essesinden hem köpdür.
  • Şeýlelikde, biziň häzire çenli howanyň üýtgemegi sebäpli çeken zyýanlarymyz berýän kararlarymyza bagly zyýanlaryň diňe ýarysydyr.

Grafikadaky şekillendirmeler birnäçe çeşmelerden ylham alnyp döredildi:

  • Häzirkizaman global maýylganlygy suratlandyrmak üçin iň köp ulanylýan zolaklar klimat boýunça ylmy barlagçy Ed Hawkins tarapyndan ýaýradylyp, “klimat zolaklary” ady bilen tanalýar. Hawkins klimat zolaklaryny Twitterde goýlan örülen ýorgandan ylhamlanyp döredýär.
  • Zolaklar her ýylyň ortaça temperaturadan daşlaşyşyny alamatlandyrýar. Bu şekillendirme sosial mediýa kampaniýalaryndan başlap, moda dünýäsinde we hatda Birleşen Patyşalygyň futbol toparynyň uniformalarynda hem ulanyldy.
  • Howanyň üýtgemegi boýunça hökümetara paneliň baş awtory Malte Meinshauseniň 1750-nji ýyldan başlap 2100-nji ýyla çenli uzaýan maýylganlyk çaklamalaryndaky klimat zolaklaryndan hem ylham alyndy.
  • Paneliň täze innowasiýasy nesil nyşanlaryny öz içine alýar. Nesil nyşanlarynyň hem öz klimat zolaklary bolup, olar her ýylky global ýerüsti temperatura üýtgemelerini görkezýär.

Bu grafikanyň kömegi bilen, adamlar howanyň üýtgemesiniň özlerine we nesillerine ýetirip biljek täsirini aç-açan görüp bilýärler. Indi howanyň üýtgemeginiň derejesi, tizligi we gerimi olary biraz howsala salyp biler.

Çeşme: AXIOS
Baş suratyň çeşmesi:
IPPС

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: