Gazagystanly resmiler Hazar deňziniň ýagdaýyna ençeme ýyllap üns bermezlige synanyşdylar. Ýöne, prezident olary hereket etmäge iterene meňzeýär.
Gazagystanyň resmileri dünýäniň iň uly ýapyk deňizi bolan Hazar deňziniň suwunyň juda pes derejä düşendigi barada duýduryş berdiler.
7-nji iýunda, Aktau şäheri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegi deňiz senagaty üçin çynlakaý töwekgelçilik döredýänligi sebäpli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi.
8-nji iyunda, Ekologiýa ministri Zulfiýa Süleýmenowa Hazardaky krizisi “örän çylşyrymly” diýip häsiýetlendirip, Hazaryň derejesiniň peselmegini Ural we Wolga derýalarynda suwuň azalmagy bilen düşündirdi.
Bu derýalaryň ýaramaz ýagdaýy bolsa gyşda garyň az ýagmagy, suwuň köp sarp edilmegi we Russiýanyň gidroelektrik stansiýalarynda suwuň saklanmagy bilen baglanyşyklydyr.
Hazar deňziniň 5 ýurtda, ýagny Azerbaýjanda, Eýranda, Gazagystanda, Russiýada we Türkmenistanda kenar ýakasy bar. Deňziň iň ýalpak kenary Gazagystana degişli böleginde ýerleşýär. Bu gazagystanly resmileri ilkinji bolup duýduryşy bermäge iteren sebäpdir.
Zulfiýa Süleýmenowa aýtmagyna görä, Hazaryň beýleki kenarýaka döwletleriniň hem deňziň kiçelmegi meselesine ünsi çekendigine garamazdan, täsirli çäreler heniz hem amala aşyrylmaýar.
Adatdan daşary ýagdaýyň yglan edilmegi Gazagystan üçin täze bir çemeleşme boldy. Ekologiýa ministrligi ozal bu meseläniň bardygyny boýun almak islemeýärdi. 2021-nji ýylyň iýunynda, ministrlik Hazar deňziniň derejesiniň üýtgemegi tebigy we döwürleýin ýagdaýdygyny aýtdy. Şeýle hem, 1930-njy ýyllardan 1970-nji ýyllaryň ahyryna çenli deňziň derejesi täzeden ýokarlanmazyndan ozal 3 metr peselendigini belläpdi.
Hazar deňziniň Gazagystanyň kenaryndan yza çekilmegi 2005-nji ýylda başlady. Şondan bäri deňiziň derejesi 1.5 metre çenli azaldy. Emma, daşky gurşawy goraýjylar we aktiwistler öz aladalaryny ýüzlerçe metre uzaýan deňziň guran düýbini görkezýän wideolary we suratlary paýlaşan mahaly, häkimýetler köplenç dymýardylar.
Häkimýetleriň pozisiýasynyň üýtgemegine prezident Kassym-Jomart Tokaýewiň pikiri sebäp bolan ýaly.
Geçen ýylyň noýabrynda, prezident Tokaýew Mangystau regionynda halk bilen duşuşygynda: “Hazar deňzinde suwuň derejesiniň peselmegi meselesi örän aladalandyryjy. Bu hadysanyň sebäpleri we netijeleri dykgatly we hemmetaraplaýyn öwrenilmegi talap edýär” – diýip belledi.