Progres.Online

2021-nji ýylda Türkmenistanda gurakçylyk rekord derejesine ýetdi

Meteozurnal neşiriniň maglumatyna görä, Aşgabatda howany synlamagyň 130 ýyllyk taryhynda 2021-nji ýyl iň gurak gelen ýyly boldy.

2021-nji ýylyň dowamynda diňe 61,1 mm ýagyn ýagdy. 2021-nji ýyl öňki rekord eýesi 2006-njy ýyldan ep-esli derejede “öňe geçdi”. 2006-nji ýylda 86 mm ygal ýagypdy.

Aşgabatda soňky 130 ýylda diňe 2006-nji we 2008-nji ýyllarda ýyllyk ýagynyň möçberi diňe iki gezek 100 mm-den az bolupdy.

Şeýle ýagdaý diňe Aşgabatda däl. Ahal we Mary welaýatlarynda hem 2021-nji ýyl iň gurak gelen ýyl boldy. Mysal üçin, Serahsda 50.5 mm ýagyn ýagdy, soňky aşa gurak gelen 2000-nji ýylda bu san 79 mm.

Baýrmalyda bary-ýogy 38,7 mm ýagyn ýagdy. Rekord derejede gurak gelen 1917-nji ýylda 36 mm ýagyn ýagypdy. Bu guýçli guraklyk Berdi Kerbabaýewiň “Aýgytly ädim” atly meşhur romanynda hem bellenilýär.

2021-nji ýyl Serhatabat üçin iň gurak ýyldyr. Ygalyň ýyllyk mukdary 92,8 mm boldy. Şeýle hem, Balkan welaýatlarynyň käbir ýerlerinde aşa guraklyk dowam edýär. Esengulyda iň gurak 2019-njy ýyldaky ýaly 2021-nji ýylda hem 67 mm ýagyn ýagdy. Bu deňiz kenarynda ýerleşýän şäherde ýagdaý adatdan daşary bolup durýar. Gurakçylyk 4 ýyl bäri dowam edýär. Soňky 4 ýylyň dowamynda – 2019, 2021, 2018 we 2017-nji ýyllar iň gurak gelen ýyllar boldy.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: