Progres.Online

ABŞ-da näçe sany türkmenistanly talyp okaýar?

2023-nji ýylyň noýabrynda ABŞ-nyň Halkara bilim instituty “Açyk Gapylaryň” 2023-nji ýyl boýunça halkara bilim alyş-çalyşygy hasabatyny çap etdi. Açyk Gapylar – ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan maliýeleşdirip, ABŞ-daky daşary ýurtly talyplar we alymlar, ABŞ-nyň daşary ýurtlarda okaýan talyplary barada giňişleýin maglumat berýän çeşmedir. Hasabata görä, 2022-2023-nji okuw ýylynda ABŞ-da 210 ýurtdan 1,057,188 sany daşary ýurtly talyp okapdyr.

ABŞ-da okaýan talyplaryň sany boýunça Türkmenistan Merkezi Aziýada 4-nji orunda durýar. Hasabata görä, 2021-2022-nji okuw ýylynda ABŞ-da 223 sany türkmenistanly talyp okaýan eken. Bu görkeziji 2022-2023-nji okuw ýylynda 34.1% artyp, ABŞ-da okaýan türkmenistanly talyplaryň sany 299-a ýetdi. Emma, goňşy döwletler bolan Gazagystan (2440 talyp) we Özbegistan (1089 talyp) bilen deňeşdirilende sanlar juda pes.

Çeşme: Açyk Gapylar

Hasabatda daşary ýurtlarda okaýan amerikaly talyplaryň sany hem berilipdir. 2021-2022-nji okuw ýylynda Merkezi Aziýa boýunça amerikaly talyplaryň sanynyň iň az ýeri Türkmenistan we iň köp ýurdy bolsa Gyrgyzystan bolup, degişlilikde 3 we 120 talyp.

Çeşme: Açyk Gapylar

Makala çeşmesi

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: