Progres.Online

Progres Fondy

Progres Fondy (“Progres” türkmen dilindäki ýaly bir “s” bilen ýazylýar) Birleşen Ştatlarda ýerleşýän jemgyýetçilik guramasy bolup, Türkmenistanda jemgyýetçilik durmuşyna düşünmäge hem-de durnukly adam ösüşine täzeçe garamaga we çemeleşmäge goşant goşýan dürli progressiw başlangyçlara goldaw berýär. Progres Fondunyň alyp barýan işleri esasan Türkmenistandaky halk köpçüligine maglumat we bilim bermekden düzülýär. Dünýäniň ähli künjeklerindäki türkmenistanlylar bilen aragatnaşyk etmek arkaly, Progres öz işlerinde maglumat almak we tankydy pikirlenmek azatlygyna aýratyn ähmiýet berýär.

Progres Fondy dürli ugurlardan ekspertleri, alymlary we hünärmenleri bir ara jemleýär. Olaryň ençemesi türkmenistanlylar bolup, Türkmenistanda durnukly adam ösüşiniň, guramaçylygyň we raýatlaryň jemgyýete degişli karar kabul edişliklere gatnaşygynyň çäklerinde ylmy barlaglary geçirýärler hem-de kontent (material) taýýarlaýarlar. Gozgalýan temalarda jemgyýetçilik saglygy, sosial syýasat, ykdysady syýasat, daşky gurşaw syýasaty, medeniýet we tehnologiýa ýaly, köpdürli ösüş meselelerine üns çekilýär.

Biz näme iş edýäris?

Progres Fondy jemgyýetçilik meselelerine innowasion çözgütleri hödürleýän bilim maksatly programmalary we ukyplaryňy ösdürmek mümkinçiliklerini goldamak arkaly, türkmenistanlylar we diasporanyň adamlary üçin döredijilik merkezi bolup hyzmat edýär.

Progres Fondy tarapyndan iki sany uly we esasy maglumat portallary esaslandyryldy.

  1. Saglyk.org soňky 12 ýyl bäri Türkmenistanda ilatyň saglyk sowatlylygyny ösdürmek ugrunda işläp gelýär. Saglyk COVID-19 barada türkmençe maglumat çeşmeleriniň hem başyny çekýär.
  2. Progres.online ýokary hilli barlaglaryň we syýasy derňewleriň üsti bilen, Türkmenistandaky jemgyýetçilik tendensiýalarynyň aýratynlyklaryna düşünmegi öňe sürýän onlaýn analitiki žurnaldyr. Žurnalyň 2020-nji ýylyň iýunynda düýbi tutulyp, onuň kontentleri Türkmenistanyň ilatyna we dünýä ýüzündäki türkmen diasporasyna hödürlenýär.

Progres Fondy dürli halkara institutlar we guramalar bilen hyzmatdaşlyk edip, Türkmenistana degişli iş alyp barýan raýat jemgyýetiniň professional işjeňligini ösdürmäge niýetlenen stipendiýalary we stažirowkalary türkmen raýatlaryna hödürleýär.

Biziň filosofiýamyz

Türkmenistanyň raýatlary ýurtda bolup geçýän wakalary sessiz synlap oturmaýarlar. Olar pikirlenip, ýazyp we goldaw görkezip, jemgyýetlerindäki meselelere düşünmek we olary çözmek ugrunda hyzmatdaşlyk we hereket edýärler. Hut şul sebäpli hem, Progresiň işlerine goşant goşýanlaryň aglabasy Türkmenistanyň raýatlarydyr. Haçanda öňde goýýan gymmatlyklarymyz gabat gelende, biz Türkmenistanyň içinde we daşynda hereket edýän beýleki toparlara raýdaşlyk görkezýäris. Progres Fondy beýleki guramalar bilen işleşende we aragatnaşyk edende zulumsyzlygy, strategik planlamany we raýdaşlygy öňe sürýär.

Biziň maksadymyz

Progres Fondy Türkmenistanyň raýatlaryna bilim bermek we olar bilen aragatnaşyk etmek arkaly, türkmen jemgyýetleriniň abadançylygyny öňe sürýän inklýuziw we innowasion başlangyçlara guramaçylyk edýär.

Biziň gymmatlyklarymyz

Progres. Biz öňe gidýäris, geçmişe baglanyp oturman, ony derňeýäris hem gelejegi meýilleşdirýäris we oňa taýýarlyk görýäris.

Innowasiýa. Biz döwrebap bilimiň we progressiw däpleriň Türkmenistanda ençeme sosial meseleleri çözmäge kömek edip biljekdigine ynanýarys.

Köpdürlilik. Biz öz ýurdunyň aladasyny edýän we birnäçe dillerde gürleýän türkmen raýatlary hem-de diasporasy bilen işleşýäris. Köpdürlilik bize güýç berýär.

Hormat. Haçanda pikirlerimiz çapraz gelende, biz hormat bilen ylalaşmazlyga ylalaşýarys we umumy maksadymyz bolan progrese ýetmek üçin raýdaş bolup işleşmegi dowam edýäris.

Gatnaşyk. Il bähbitli guramaçylyk prosesine işjeň gatnaşman, bolup geçýänlerden zeýrenip oturmak konstruktiw däldir.

Jemgyýet. Biz türkmeniň gadyrly we aladaçyl goňşy bolmak däbini ýöredýäris. Biz Progrese onlaýn we oflaýn goşant goşýan we gatnaşýan jemgyýet köpçüligine uly sarpa goýýarys. Sen hem bize goşul!

Biziň täsirimiz

  • Saglyk.org saýtynda jemgyýet saglygynyň meselelerine, gender deňligine, jynsy we reproduktiw saglyga, jynsy terbiýä degişli 2000-den gowrak makalalary we döredijilikli infografikalary çap etdik.
  • Jemgyýet saglygyna degişli 2 sany uly göwrümli gollanmany daşary ýurt dillerinden türkmençä terjime etdik we okyjylar üçin ýörite 15 sany saglyk broşýuralaryny taýýarladyk.
  • Türkmenistandaky aýal-gyzlara saglyklary we hukuklary barada maglumat berýän ilkinji türkmençe aýbaşy kalendary bolan “BILIM” priloženiýesini döretdik.
  • Gendere esaslanýan zorluga garşy döredilen we okyjylara başdan geçirenlerini paýlaşmaga mümkinçilik berýän “Dymma!” kampaniýasyny esaslandyrdyk.
  • Saglyk.org we Progres.online sosial mediýada durnukly ösüşe eýe.
  • Progres.online saýtynda köpdürli sosial-ykdysady ýagdaýlary düşündirýän we derňeýän 200-den köp makala bar.
  • Palaw Indeksi ylmy barlagçylar topary tarapyndan taýýarlanylyp, Türkmenistandaky azyk inflýasiýasy barada yzygiderli düşündiriş we maglumat berýär.
  • Progres.online ilatyň sanly tehnologiýalar ugrundan sowatlylygyny ösdürmek maksady bilen “Sow@tly” kampaniýasyny alyp barýar.
  • Progres Fondy halypalyk etmek we goldaw görkezmek arkaly, 7 sany türkmen başlangyçlarynyň düýbüni tutmaga we ösmäge kömek etdi.
  • Biz tanymal awtorlaryň we ekspertleriň Türkmenistan barada ýazan kitaplarynydyr ylmy barlag işlerini türkmen diline terjime edip, ilat köpçüligine ýetirýäris.

Biz bilen hyzmatdaşlyk et!

Biziň aragatnaşyk edýän ekspertlerimiz we hyzmatdaşlarymyz Türkmenistandaky ýerli ýagdaýlara, kynçylyklara we mümkinçiliklere çuňdan düşünmäge ýardam edýärler. Mümkin bolan halatynda, biz Türkmenistanyň ilatyna ygtybarly we garaşsyz derňewleriň, barlaglaryň we maglumatlaryň elýeterliligini artdyrmaga gönükdirilen täze başlangyçlara tehniki we maliýe goldawyny üpjün edýäris. Habarlaşmak üçin e-poçtamyz: turkmen.progres@gmail.com

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: