Progres.Online

Palaw Indeksi Iýun / 2022

Iýun 2022: Palawyň bahasy şu ýylyň içinde ikinji gezek peselýär

2022-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabat şäherinde palaw bişirmegiň ortaça bahasy 85.7 Türkmen manadyna deň boldy. Bu bolsa geçen aýdaky, maý 2022-däki palaw bahasyndan (82.4 manat) aýdan-aýa deňeşdirenimizde 4% gymmat we geçen ýyldaky, iýun 2021-däki palaw bahasyndan (98.9 manat) bolsa ýyldan-ýyla deňeşdirenimizde 13.4% arzandyr. Iýun 2022-däki palaw bahasynyň ýyldan-ýyla arzanlamagy şu ýylyň içinde ikinji gezek ýüze çykdy. Ilkinji gezek palawyň bahasy 2022-nji ýylyň aprelinde ýyldan-ýyla 14.2% arzanlapdy. 2021-nji ýylyň iýun aýy üçin maglumatlaryň ýeterlik bolmanlygy sebäpli, Türkmenistanyň Hronikasy neşiriniň rugsadyny almak arkaly, olar tarapyndan döredilen çärýekleýin hasabatlardan palaw ingredientleriniň bahalaryny aldyk. Bu hasabaty taýýarlamak üçin 2022-nji ýylyň iýun aýyndaky palaw ingredientleriniň bahalary Palaw Index toparymyz tarapyndan ýygnaldy.

Tüwiden başga ähli palaw ingredientleriniň bahalary 2022-nji ýylyň iýunynda ýyldan-ýyla arzanlady. Käşiriň bahasy (-63%), günebakar ýagy (-45%), sogan (-43%), bugdaý uny (-19%) we sygyr eti (-8%) arzanlan bolsa, şo bir wagtyň içinde tüwiniň bahasy ýyldan-ýyla 41% gymmatlady (Netije 1 seret).

Dollaryň gara bazar kursy ýene bir gezek öz täsirini ýetirýär

1 ABŞ dollarynyň gara bazar kursy geçen ýylyň iýunynda (2021) ortaça 33.5 manada deň bolan bolsa, şu ýylyň iýun aýynda (2022) 18.7 manada çenli düşdi. Bu bolsa 44.3% peselişdir. Türkmenistanda satylýan günebakar ýagynyň aglaba bölegi daşary ýurtlardan import edilýär (esasan hem Russiýadan) we onuň bahasy iýun 2021 we iýun 2022 arasynda ýyldan-ýyla 45% arzanlady. Şol sebäpden, Türkmenistanda satylýan günebakar ýagynyň bahasynyň arzanlamagynyň iň uly sepäbkäri gara bazar kursundaky batly peseliş diýip çaklap bolar. Ýatlatsak, Russiýa hökümeti 2022-nji ýylyň 15-nji aprelinden 31-nji awgustyna çenli möhletde günebakar ýagynyň eksporty üçin kwotalar girizipdi. Emma muňa garamazdan, Russiýa hökümeti günebakar ýagynyň eksportyny artdyrmak maksady bilen 2022-nji ýylyň iýulynda günebakar ýagynyň eksportlaryna goýulýan salgytlaryň möçberini azaltdy.

Bugdaý uny

Walýuta kursyna bagly bolan ýene bir palaw ingredienti bugdaý unudyr, sebäbi biz Palaw Indeksimizde diňe Gazagystanda öndürilýän bugdaý ununyň bahalaryny çöpleýäris. Gara bazar kursunyň 44.3% peselmegine garamazdan, Türkmenistanda satylýan Gazagystan ununyň bahasy ýyldan-ýyla deňeşdirilende diňe 19% arzanlady. Beýle uly tapawuda sebäp hökmünde, Gazagystandan Türkmenistana eksport edilýän bugdaý ununyň bahasy hem 9.2% artypdyr. Iň soňky maglumatlara salgylanyp, gözegçilik gullugy Energyprom.kz neşiriniň habar bermegine görä, Gazagystandan Türkmenistana eksport edilen bugdaý ununyň möçberi 2022-nji ýylyň aprelinde aýlyk 7.3 million ABŞ dollaryna deň bolan 19,600 tonnadan ybaratdyr. Bu mukdar (tonnada) geçen ýylyň eksport sanlaryndan 130.3% köpdür. Geçen ýylyň aprelinde (2021) Gazagystan Türkmenistana 2.9 million dollar möçberinde 8500 tonna bugdaý ununy eksport edipdir.

Gazagystandan Türkmenistana eksport edilen bugdaý ununyň 1 tonna bahasyny deňeşdirenimizde, 2021-nji ýylyň aprelinde bir tonna üçin 341.2 ABŞ dollar tölenen bolsa, 2022-nji ýylyň aprelinde onuň bahasy 372,4 dollara ýetdi. Bu bolsa ýyldan-ýyla 9.2% artyşdyr. Bulardan başga hem, Gazagystan 2022-nji ýylyň 15-nji apreli we 15-nji iýuny arasynda bugdaý dänesi we bugdaý uny üçin eksport kwotalaryny girizdi we kwota bugdaý uny üçin 300,000 tonna diýip bellenildi. Eksport kwotasy 15-nji iýundan 1-nji sentýabra çenli ýene bir gezek uzaldyldy. Bularyň netijesinde, Gazagystandan Türkmenistana ugradylýan bugdaý ununyň eksporty azalyp biler we Türkmenistanda satylýan gazak ununyň bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp bolup biler. Gazagystandan Türkmenistana eksport edilýän unuň bahasynyň 9.2% ýokarlanmagy we beýleki kwota päsgelçiliklerini göz öňünde tutsak, dollaryň gara bazar kursunuň 44.3% azalmagyna garamazdan Türkmenistanda satylýan gazak ununyň diňe 19% arzanlamagyna düşündiriş hökmünde görkezilse bolar.

Tüwiniň bahasy näme üçin ýokarlandy?

Türkmenistanda tüwi adatça Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ekilýär, sebäbi tüwi ýetişdirmek üçin örän köp mukdarda suw gerek bolýar. Bu iki welaýatyň Amyderýanyň kenarynda ýerleşmegi tüwi ýetişdirmäge we ösdürmäge mümkinçilik döredýär. Türkmenistanda sarp edilýän tüwiniň aglaba bölegi içerde ösdürilip ýetişdirilýär we diňe az bölegi daşary ýurtlardan, esasanam Hindistandan getirilýär. Türkmenistanda import edilýän tüwiniň umumy mukdary 2020-nji ýylda 608,000 ABŞ dollaryna barabar boldy (maglumatlaryň iň soňky ýyly). Gynansagam, Türkmenistandan eksport edilýän tüwiniň mukdary barada köpçülige elýeterli maglumatlar ýok.

Ýerli tüwi önümçiligine ser salsak, Türkmen daýhanlary 2021-nji ýylda 18,300 gektar meýdandan 82,400 tonna tüwi ýygnadylar, bu bolsa 2020-nji ýylda ýygnalan tüwiniň mukdaryna deňdir. 2022-nji ýyl üçin hem ýene şol bir mukdarda tüwi ýygnamak maksat edinilýär, ýagny 18,300 gektar meýdandan 82,400 tonna tüwi. ABŞ-nyň Oba hojalyk ministrliginiň habar bermegine görä, Türkmenistanda 2021/22 möwsüminde ýyllyk tüwi önümçiligi 85 000 tonna deň bolupdyr. Türkmenistanda 2017-nji we 2021-nji ýyllar aralygynda 5 ýyllyk ortaça tüwi önümçiligi hem 85 000 tonna bolupdyr. Soňky ýyllarda tüwi önümçiliginiň mukdarynyň üýtgemänligini nazara alsak, ýerli sarp edijileriň tüwini has uly mukdarda satyn alyp başlanlygy ýa-da Türkmenistanyň tüwi eksportynyň artan bolmagy mümkin. Bul iki ssenariýalarda, tüwä bolan islegiň artyp, onuň önümçilik mukdarynyň şol bir derejede galmagy sebäpli, tüwi bahalary ýokarlanar. Emma, tüwiniň sarp ediliş derejeleri we Türkmenistanyň tüwi eksportlarynyň mukdary barada biziň elimizde anyk maglumatlar ýokdyr.

Palawyň bahasynyň aýlyk üýtgemegi

Palaw ingredientleriniň aýlyk bahalary 2021-nji ýylyň sentýabr aýyndaky 116,4 manatdan, 2022-nji ýylyň iýun aýynda 85,7 manada çenli yzygiderli peselip gelýär we bu 26.4% peselişdir. Dollaryň gara bazar kursuna syn edenimizde bolsa, ol 2021-nji ýylyň sentýabr aýyndaky 27.3 manatdan, 2022-nji ýylyň iýun aýynda 18.7 manada çenli peseldi we bu bolsa 31.8% azalyşdyr (Netije 2 seret).

Metodologiýa 

Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Palaw indeksi şeýle hem, çörek bişirmek üçin gerek bolan unuň bahasyny hem öz içine alar sebäbi çörek Türkmenistanda hemme naharlar bilen diýen ýaly iýilýär.

Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga basyň.

Gadyrly okyjy, seniň pikiriňçe, 2022-nji ýylyň iýun aýynda palaw bahalarynyň ýyldan-ýyla 13.4% arzanlamagyna näme sebäp bolup biler?

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: