Progres.Online

Palaw Indeksi Fewral / 2023

Fewral 2023: Palawyň bahasy 2022-nji ýylyň martyndan bäri ilkinji gezek ýokarlandy.

2023-nji ýylyň ýanwaryndaky sowuk howadan soňra soganyň bahasy gymmat bolmagyna galýar.

Aşgabat şäherinde palaw bişirmegiň ortaça bahasy 2023-nji ýylyň fewralynda 77.9 manada deň boldy. Bu bolsa geçen aýdaky palaw bahasyndan (78.2 manat) aýdan-aýa 0.4% arzan we geçen ýylyň fewralyndaky palaw bahasyndan (77.4 manat) bolsa ýyldan-ýyla 0.7% gymmatlady. Şul aýdaky palaw bahalary ýyldan-ýyla esasda 2022-nji ýylyň mart aýyndan bäri ilkinji gezek gymmatlady.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2023-nji ýylyň fewralynda günebakar ýagy 0.8% artan bolsa, tüwi 23.5% we soganyň bahasy 184.2% gymmatlady. Degişli döwürde arzanlan harytlaryň hatarynda käşiriň bahasy 19.7% düşen bolsa, sygyr eti 17.7% we bugdaý ununyň bahasy bolsa 8% arzanlady (Netije 1 seret).

Soganyň bahasy henizem gymmatlygyna galýar

Soganyň bahasy 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda artmaga başlady. Ýanwarda howa adatdan daşary ýagdaýda örän sowuk boldy we soganyň we beýleki hasyllaryň köp bölegine zeper ýetdi. Ekinleriň köp bölegi doňdy. Onuň netijesinde, satylýan soganyň bazardaky üpjünçiligi azaldy we onuň bahasynyň galmagyna sezewar boldy. 2023-nji ýylyň fewralynda soganyň bahasy has hem artdy we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 184.2% gymmatlady. Geçen aý (ýanwar 2023) bilen deňeşdirilende bolsa, soganyň bahasy 12.4 manatdan 14.5 manada çenli galdy, bu bolsa 17% artyşdyr.

Fewral aýynda howa birneme maýlan hem bolsa, soganyň indiki hasyly çöplenýänçä biraz wagt gerek bolar. Türkmenistanda ýazlyk soganlar adatça fewral-mart aýlary ekilýär we hasyly aprel aýyndan başlap ýygnalyp başlanýar. Hasyl toplanandan soňra, soganyň bazardaky üpjünçiligi artar we onuň bahasynyň peselmegine itergi berer.

Çeşme: Business Turkmenistan

Soganyň gymmat bahasyna çözgüt hökmünde iň birinji edip boljak hereket daşary ýurtlardan sogan importyny artdyrmakdyr. Türkmenistanly telekeçiler sogany soňky ýyllarda Özbegistandan import etdiler, esasan hem gyş aýlarynda. Emma, ýanwar aýyndaky ýiti sowuk temperatura Özbegistanda hem ýüze çykdy we ol ýerdäki sogan hasyllaryna örän uly zeper ýetirdi. Netijede, Özbegistanda sogan ýetmezçiligi ýüze çykdy we Özbegistan hökümeti 20-nji ýanwardan başlap sogan eksportyny 4 aýlyk möhlet bilen gadagan etdiler. Içerki bazarlarda sogan ýetmezçiligi bolar diýen gorkysy bilen, Merkezi Aziýanyň beýleki 3 döwletleri (Gazagystan, Täjigistan we Gyrgyzystan) hem sogan eksportlaryna wagtlaýyn gadagançylyk girizdiler.

Türkmenistanyň telekeçileri şeýle hem sogany Eýrandan import edýärler. Eýrandan gelýän sogan importlarynyň möçberi soňky ýyllarda azalan hem bolsa, Türkmenistan üçin örän wajyp söwda hyzmatdaşy bolmagyna dowam edýär. Eýranyň içerki bazarynda soganyň bahasy örän uly derejede artdy we muňa çäre hökmünde Eýranyň hökümeti sogan eksportlaryna 180% paç (salgyt) girizdiler. Bu bolsa Eýranyň sogan eksportlarynyň bahasyny uly derejede artdyrar. Türkmenistan şeýle hem sogany Azerbeýjan we Türkiýe respubliklaryndan import edip biler, emma bu ýurtlar hem sogan eksportlaryna birnäçe çäklendirmeler girizdiler. Bu sebäpden, sogany import edip boljak ýurtlaryň çäkli bolmagyny göz öňünde tutsak, Türkmenistanda apreldäki sogan hasyly başlaýança soganyň bahasynyň ýokary galmagy ähtimal.

Palawyň bahalary bilen gara bazar kursunyň arasyndaky baglanyşyk

2022-nji ýylyň aprel aýyndan başlap, palaw bahasynyň ýyldan-ýyla görä derejede peselmegini syn edip gelýäris. Bu dollaryň gara bazardaky üýtgemegi bilen arabaglanyşyklydyr. Palaw Indeksi aprel 2022 we ýanwar 2023 arasynda yzygiderli peselişden soňra, 2023-nji ýylyň fewralynda ilkinji gezek artyş gördi. Dollaryň gara bazar kursy hem aprel 2022-den bäri ýyldan-ýyla görä yzygiderli peselipdi. 2022-nji ýylyň fewralyndan 2023-nji ýylyň fewraly aralygyndaky ýüze çykan Palaw Indeks bahalarynyň we gara bazar kursunuň arasyndaky arabaglanşygy has giňişleýin öwrenmek üçin 2-nji Netijä serediň.

Metodologiýa 

Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga basyň.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: