Progres.Online

Ilhom teatrynyň geljegi barmy?

Soňky birnäçe aý bäri Özbek häzirki zaman sungatynyň öňdebaryjysy bolan Mark Weýlyň Ilhom teatry howp astynda. Özbegistana täze elitalaryň gelmegi bilen onuň barlygyna howp abanmagynyň sebäbi näme?

Ilhom teatry 1976-njy ýylda Taşkentde öňden görüji çeper režisýor Mark Weýl tarapyndan döredildi. Sowet Soýuzynyň ilkinji garaşsyz teatry bolmak bilen, ol Özbegistanyň taryhynda ýeketäk hakyky halkara sungat ojagydyr diýsek hem bolar.

Ýokarky iki gaty terk edilen beton sowet döwrebap binasynyň ýerzemininde ýerleşýän  bu teatr köplenç “syýasy zulum bilen tanalýan ýurtda söz azatlygynyň gaçybatalgasy”, “ýönekeý özbek halkyny hem gyzyklandyrýan meseleler barada göze ilmeýän syýasy tankytlary dile getirýän çykyşlar” bilen tanalýar. Emma teatryň hekaýasy ondan has çylşyrymly. Teatryň hekaýasyny 2007-nji ýylda Mark Weýliň öldürilmeginden soňky bolan wakalardan has gowy suratlandyrýan zat ýok. Aýtmaklaryna görä Weýl, teatrda ýerine ýetirilýän käbir oýunlardaky Yslam dinine bolan garaýyşa gahar eden dini janköýerler tarapyndan öldürildi.

Weýl medeniýetara uýgunlaşmanyň we utgaşdyrmanyň ussadydy. Ol sahnada dürli dilleri we žanrlary ussatlyk bilen utgaşdyrmakdan çekinmeýärdi. Breht we Gozziniň, Bulgakow we Puşkiniň pýesalaryny ýerli we täze, şol bir wagtyň özünde çylşyrymly we adatdan daşary görnüşde görkezmäni başarýardy. Weýliň Gurhanyň meňzetmesi, Yhlas bilen Nar, Oresteýa ýaly iň uly seslenme döreden eserleri, din we gomoseksualizm meselelerini aç-açanlyk bilen ele alýardy. Muňa garamazdan teatryň esasy tomaşaçylary elmydama çeper düşünjeleri 1970-1980-nji ýyllarda sowet medeniýetinden täsirlenen, şäheriň adaty rus dilinde gürleýän intelligensiýasydy. Sowet döwründen soň hökmürowanlyk eden, milli özbek sungatyny döretmek ýa-da iň bolmanda oňa salgylanmak ýaly köneleşen düşünje Ilhomyň ileri tutýan maksatlaryndan biri däldi. Weýliň duýdansyz ölüminden soň onuň ýerine gelen täze ýolbaşçylar teatryň öňki abraýyny goramakda kynçylyk çekýärdiler. Şol sebäpli, teatry öňki durkunda saklamak üçin herhili täzelikleri oýlap tapmaly bolýardylar. Olaryň teatry häzirki zaman sungat merkezine öwürmek ugrundaky synanyşyklary, teatryň içindäki käbir adamlar we esasy tomaşaçylar tarapyndan ugrukdyrylan ýoldan dänmek ýaly görünýärdi.

Ilhom teatrynyň girelgesiniň öňündäki howly

2020-nji ýylyň fewral aýynyň 7-sine Ilhomyň ýolbaşçylary Ofelos Plaza adyndaky gurluşyk kärhanasyndan teatryň 44 ýyllap tölegsiz ulanan binalaryny boşaltmalydygy barada hat aldylar. Hatda aýdylmagyna görä, boşaldylmagyň maksady binanyň “durkunyň täzelenmegi” we onuň alty gatly biznes merkezine öwrülmegidi. Sara Heýwudyň aýdyşy ýaly, “Bu ýagdaý Özbegistanyň medeni elitasynda ýaramaz täsir galdyrdy” we teatryň kyn ýagdaýyna meşhur suratkeşleriň, syýasatçylaryň we diplomatlaryň ünsüni çekmek üçin #SaveIlkhom (#Ilhomyhalaset) herekedini başlatdylar. Ilhoma gönükdirilen bu ýagdaý duýdansyzdy we ony gurnanlar entegem näbelli.

#Saveilkhom (#Ilhomyhalaset) suraty

Teatr ýolbaşçylary, täze emläk eýeleriniň islegleri bilen razylaşan ýaly hem bolsa, gysga wagtyň içinde ýüze çykan habarlar düýbünden başgaça we has çylşyrymly hadysalaryň bardygyny görkezýärdi. Derňewçi žurnalisty Alekseý Wolosewiç gurluşyk kärhanalarynyň Özbegistanyň prezidentiniň uly giýewi Oýbek Tursunow bilen ýakyn aragatnaşyklarynyň bardygyny ýüze çykardy. Oýbek Tursunow bolsa “garaňky” geçmişi, şübheli aragatnaşyklary we baý keýplerine bolan işdäsi bilen tanalýar. Wolosewiç, Ofelos Plaza bilen Ilhomyň arasyndaky “ylalaşygyň” ýasamadygyny, Ofelos Plazanyň asyl maksadynyň bolsa hijem binanyň “durkuny täzelemek” bolman eýsem teatryň taryhy binasyny düýpgöter ýok etmekdigini aýan etdi. Özgbegistandaky häzirki garyndaşparazlyk we maşgala kapitalizmy barada jikme-jik maglumat bermekden zyýada başga bir soragyň üstünde durasym gelýär. Karimowyň syýasy režiminde ençeme ýyllaryny zelelsiz geçiren Ilhomyň, näme sebäpli täze, has açyk we geljegi uly diýlip hasaplanylýan döwlet we onuň goldaýan kärhanalarynyň arasyndaky bileleşigi tarapyndan doly ýok edilme ähtimallygy bar?

Bu soragyň ýüzleý we ýökeneý jogaby bar. Häzirki “elita’” teatrda we onuň fiziki we adam gurşawy bilen arabaglanyşygynda kän bir ähmiýet görmeýär. Bu bolsa, Ilhomyň ýolbaşyçylary, oýunçylar we tomaşaçylary üçin gaty möhüm. Irina Bharat “Teatrymyz diňe şu gurşawda bolup biler we oýunlarymyz diňe şu sahna üçin ýörite döredilen” diýip aýdýar. Teatr, oýunçylar we binanyň arasyndaky ýakyn baglanyşyk Edgar Alan Ponyň Aşerlaryň Öýüniň Ýykylmagy atly eserini ýada salýar. Bu, teatryň kyn ýagdaýynyň möhüm ýöne birneme ünsden düşen gowşaklygyny ýüze çykarýar. Bir wagtlar eksperimental we batyrgaý teatryň ojagy bolan bu ýerzemin, abraýly jemgyýet edarasyna, mukaddes däp-dessurlary we şöhratly geçmişi bolan rahat ýere öwrüldi. Ilhom wagtyň geçmegi bilen Taşkentiň häzirki zaman sungatynyň merkezine öwrülen hem bolsa, onuň ýolbaşçylary teatry gapma-garşylyksyz we wepaly diýlip hasaplanylmagyny isleýärler.

Bir tarapdan, teatryň özboluşly elitizmi (jemgyýetde görnükli we baý adamlaryň agalyk etmegine esaslanan ynanç) onuň üçin Ahilesiň dabanyna (çökgünlige eltip biljek gowşaklyk) öwrüldi. Bu ejizligiň gelip çykyşyny Laura Adamsyň ýiti garaýyşly “Döwrebaplyk, Postkolonializm we Özbegistanda Teatr Görnüşi” atly makalasynda görmek bolar; “1990-njy ýyllarda Ilhomyň çykyşlarynyň ýygyndysyndaky oýunlaryň hemmesi diýen ýaly Daşkendiň köpmilletli görnükli adamlarynyň gyzyklanmalaryny merkezinde jemleýär.” Olar bolsa öz şahsyýetini gadymy däl-de garyndy we köpmilletli  durkunda görmek isleýärler. Adams bu adamlaryň 1990-njy ýyllarda “Özbek elitasynyň medeni paýtagtynyň bir bölegi” diýip atladyrylan opera we balet çykyşlaryny tomaşa etmäge bolan höwesleriniň peselendigini belläp geçýär. Ol özbek medeniýetiniň rus-sowet medeniýetiniň kadalaryndan daşlaşyp, Halkara we Ýewropalaşdyrylan sungat görnüşleri arkaly täze äheňde görülip başlanan “milli medeniýete” tarap üýtgändigini belleýär.

Häzir, on bäş ýyl geçeninden soň, Ilhomyň ykbalynda ýene-de öňki zatlar gaýtalanýar. Özbek elitasynyň häzirki nesli köpmilletli ýokary medeniýetiň nämedigini aňmak üçin Taşkentdaky kiçijik rus teatryna mätäç däl. Bu düşünje indi Hýat we Hilton, gyzyl haly we moda çykyşlary, TED çykyşlary we syýahatçylyk forumlary bilen gelýär.

Ilhom teatrynyň sahnasyny terk edýän ýalňyz oýunçy

Bu örän gynandyryjy ýagdaý emma Özbek şäherlerinde bolup geçýän ägirt uly arassalaýyş işleriniň pidasyna öwrülenler Ilhom bilen çäklenmeýär. Ýerli häkimiýet we kärhanalar döwrebap biznes we dynç-alyş merkezlerine ýol açmak üçin şäher mirasymyzy yzygiderli ýok edýärler. Bu gapma-garşylyk däp-dessurçylar we medeniýeti goraýjylar arasynda däl-de, eýsem elitanyň köne we täze nesliniň dürli medeni garaýyşlarynyň arasyndadyr. Bu bäsdeşikli döwürde diri galmak üçin, Ilhom ýa täze elitanyň bähbitlerine hyzmat etmegiň ýoluny tapmaly ýa-da ýitiren üstünligini we erjelligini täzeden oýlap tapyp, galkmaly.

Makalanyň awtory: Alekseý Ulko

Makalanyň asyl nusgasy: Is there Future for the Ilkhom Theater?

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: