Progres.Online

Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärleriň saýlaw maksatnamalary

Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek irki Prezident saýlawlaryna Merkezi saýlaw topary  tarapyndan jemi 9 sany dalaşgär bellige alyndy. Dalaşgärleriň 3 sanysy partiýalar tarapyndan we galan 6 sanysy raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenen. Progres.online iş topary dalaşgärleriň saýlaw maksatnamalaryny Türkmenistan gazetinden, şeýle hem Turkmenportal habar beriş çeşmesinden we Atavatan Türkmenistan halkara žurnalyndan ýygnadylar we dalaşgärleriň sözleri üýtgedilmän alyndy.

Progres.online analitiki onlaýn žurnaldyr. Progres ýokary hilli ylmy barlaglaryň we derňewleriň üsti bilen, Türkmenistandaky jemgyýetçilik tendensiýalaryna has içgin we aýdyň düşünmegi öňe sürýär.

Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärleriň arzuwlary, teklipleri

SERDAR BERDIMUHAMEDOW

(Demokratik patiýasy)

Daşarky we içerki syýasat

  • G. Berdimuhamedow tarapyndan hödürlenen “2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy”-ny goldamak
  • Dünýä arenasynda Türkmenistanyň abraýyny has-da galdyrmak
  • Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, birek-birege hormat goýmak, parahatsöýüji we hoşniýetli daşary syýasatyny alyp barmak

Ykdysadyýet

  • Telekeçiligi goldamak we döwlet tarapyndan dürli ýeňillikli şertleriň döredilmeginiň hasabyna oba senagat toplumyny özgertmek işlerine telekeçileri çekmek
  • Hususy önüm öndürijileri höweslendirmek işleri dowam etdiriler
  • Bazar ykdysadyýetini dowam etdirmek
  • Daşyndan getirilýän harytlary azaldyp, eksporta niýetlenen önümçiligi ösdürmäge gönükdirmek üçin maksatnamalaýyn çäreleri giňelderis
  • Daşary ýurt maýa goýumlaryny türkmen ykdysadyýetine çekmek maksady bilen maýadarlaryň hukuklaryny goramak boýunça kanunlary kämilleşdirmek
  • Makroykdysady görkezijiler boýunça ýokary derejeleri üpjün etmek
  • Nebitgaz pudagyny dolulygyna sanly ulgama geçirmek, uglewodorod. Serişdelerini çykarmaga, täze ýataklary gözläp tapmaga we özleşdirmäge öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, turba geçirijileri abat ýagdaýda saklamak

Oba-hojalyk we infrastruktura

  • Oba hojalyk önümlerini, şol sanda künjini, bugdaýy, pagtany gaýtadan işlemek boýunça senagatynyň ösdürilmegi
  • Welaýatlarda awtomobil ýollarynyň gurluşygynyň depginlerini güýçlendirmeli hem-de olaryň durkuny täzelemeli
  • Aşgabat – Daşoguz, welaýat merkezini, Ruhubelent etraby hem-de Köneürgenç şäheri bilen birleşdirýän awtomobil ýollaryny gowlamaly
  • Demir we awtomobil ýollarynyň, howa, deňiz hem-de derýa ulaglarynyň, telekommunikasiýalaryň döwrebap ulgamlaryny kemala getirmek
  • Içerki we halkara gatnawlaryň täze ugurlarynyň açylmagyna uly üns berler
  • Şäherlerde we obalarda täze häzirki zaman umumy bilim mekdepleriniň we çagalar baglarynyň gurluşygy
  • Ilaty ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek

Sosial maksatnamalar

  • Sebitlerdäki ilatyň durmuş we ýaşaýyş şertlerini gowlandyrmak
  • Az üpjünçilikli hem-de zähmet işjeňligi çäkli bolan maşgalalara ýardam bermek

Saglyk we ekologiýa

  • Ilaty ýokary hilli içilýän suw bilen üpjün etmek we suw çeşmelerini tygşytly ullanmak
  • Ilatyň saglygyny goramak we daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek
  • Keselleriň öňüni almakda, bejermesi ýeňil bolmadyk keselleri öňünden anyklamakda, lukmanlaryňhünär taýýarlygyny ýokarlandyrmakda, ýurdumyzyňderman senagatyny ösdürmekde edilýän işler dowam etdiriler
  • Ýokary sportda Türkmenistany dünýä tanatmak meniň esasy maksatlarymyň biridir

Başgalar

  • Dünýäde pandemiýa zerarly gatnaşyklar çäkli bolsa-da, Türkmenistanyňsyýahatçylyk mümkinçiligi uludyr. Şoňa görä, geljekde içerki hem halkara syýahatçylygy ösdürip, bu pudagy diňe bir saglyk we medeniýet babatda däl-de, ykdysady taýdan hem bähbitli ugra öwürmek üçin ähli tagallalary ederin
  • Milli jemgyýetiň sazlaşykly ösüşiniň daýanjy bolan ýaşlar baradaky alada meniň esasy maksatlarymyň biri bolar
  • Dünýä derejeli ylmy düşünjesi bolan hünärmenleri, alymlary ýetişdirmekde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek
  • Ylmyň kökleri çagalar bagyndan başlap ösdüriler
  • Türkmen medeniýetiniň, milli mirasynyňdöwrüňruhy gymmatlyklarynyňhem halkara derejede abraýyny artdyrmak baradaky maksatnamalary amala aşyrmagy göz öňünde tutýaryn

*******************

AGAJAN BEKMYRADOW

(Agrar partiýasy)

Daşarky we içerki syýasat

  • G. Berdimuhamedow tarapyndan hödürlenen “2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy”-ny goldamak
  • Durnuklylygy, parahatçylygy, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak
  • Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesinden ugur almak bilen, parahatçylygy, dost-doganlygy, özara bähbitliligi öňe sürýän ýurt hökmünde işler amala aşyrýarys
  • Zerur bolan halatynda dünýä halklaryna hemişe kömek-goldaw bermäge taýýardygyny mydama mälim edýäris

Ykdysadyýet

  • Milli ykdysadyýeti ösdürmek
  • Ykdysadyýetiň diwersifikasiýasy
  • Azyk bolçulygyny döretmek
  • Dokma toplumyna aýratyn ähmiýet berlip, bu pudagyň hereket edýän kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy üpjün ediler
  • Senagat pudagy, saglygy goraýyş, ylym-bilim, bedenterbiýe we sport ulgamlary, ýaşaýyş jaýlarynyň, awtoulag ýollarynyň gurluşygy ösdüriler

Oba-hojalyk we infrastruktura

  • Oba-hojalyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak
  • Ekin meýdanlarynyň şorlaşmagynyň öňüni almak, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, suw serişdelerini tygşytly ulanmak, ekin dolanyşygynda işleri amala aşyrmak
  • Obalary ösdürmek, oba ýerlerinde ýollary abatlamak
  • Gurluşyk toplumynyň işiniň güýçli depginler bilen ösdürilmegi gazanylar we sebitlerde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy üstünlikli dowam etdiriler
  • Ýurduň içindäki awtomobil ýollarynyň gurluşygynyň çalt depginler bilen alnyp barylmagy

Sosial maksatnamalar

  • Halkyň abadançylygyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak
  • Obada ýaşaýan we zähmet çekýän her bir maşgalany, şol sanda ýaş maşgalalary alada bilen gurşap almak, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak
  • Ýaş çagaly eneleriň, çagalaryň saglygy hakynda hem-de ekleýjisini ýitiren, kömege mätäç adamlara, tutuş ýaşuly nesliň wekillerine kömek etmek
  • Halkyň durmuş üpjünçiligi, pensiýa, kömek pullarynyň, zähmet we talyp haklarynyň möçberleri ýyl-ýyldan ýokarlandyrylar
  • Ýaşlaryň ylymly-bilimli, sagdyn ruhly, berk bedenli bolmaklary barada kabul edilen kararlardyr kanunlary has-da kämilleşdirmek

Saglyk we ekologiýa

  • Daşky gurşawy goramak, ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek
  • Sport, saglyk we syýahatçylyk ulgamlary düýpgöter täze keşbe girýär. Hazaryň ekologik taýdan arassa kenarynda syýahatçylyk zolagynyň ösdürilmegi ýokary depginlerde dowam etdiriler

Başgalar

  • Her bir işde pähim-parasatly gojalarymyza maslahat salnyp, olar bilen geňeşilip, iş tutular
  • Ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemäge aýratyn ähmiýet berler
  • Ahalteke atlarynyň gadymy nusgalaryny gorap saklamak, dünýädäki şöhratyny has-da belende galdyrmak, türkmen atçylyk sportuny halkara derejelere laýyklykda ösdürmek

*******************

BABAMYRAT MEREDOW

(Senagatçylar we Telekeçiler partiýasy)

Daşarky we içerki syýasat

  • G. Berdimuhamedow tarapyndan hödürlenen “2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy”-ny goldamak
  • Bitarap Türkmenistan parahatçylyk, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk, olaryň özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak, deňhukukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak, harby guramalara gatnaşmazlyk ýaly esasy ýörelgelere ygrarly bolup, halkara meselelerde diňe diplomatik gurallara daýanýar
  • Milli demokratiýamyzyň esaslaryna, jemgyýetiň agzybirligine, medeni we ruhy gymmatlyklara bil baglaryn

Ykdysadyýet

  • Bazar ykdysadyýetini ösdürmek we hususy pudagyň ösmegi üçin täze mümkinçilikleri döretmek
  • Kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmek üçin amatly şertleriň döredilmeginde degişli kanunlar dörediler
  • Senagatlaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler bilen baglylykda, halk hojalygynyň pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalar giňden ornaşdyrylar
  • Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini ýola goýmak
  • Ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksportyny artdyrmak
  • Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak
  • Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak
  • Eksportlary yzygider artdyrmak
  • Maliýeleşdirmäge goldaw bermek, ýeňillikli karzlar bermek
  • Täze senagat we jemgyýetçilik desgalarynda öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de enjamlary ulanmak
  • Salgytlary azaltmak

Oba-hojalyk we infrastruktura

  • Şähergurluşyk syýasatyny dowam etdirmek
  • Aziýa sebitinde halkara ulag geçelgesini döretmek, ulag we aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek
  • Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi sebitara ähmiýetli taslamalaryň hatarynda durar

Sosial maksatnamalar

  • Ilatyň durmuş we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak meselesi elmydama ileri tutular
  • Täze iş orunlaryny döretmek

Başgalar

  • Durmuş hem-de ynsanperwer-medeni ulgamlar mundan beýläk-de depginli ösüşe eýe bolar
  • Sanly ulgamdan oňat baş çykarýan hünärmenleriň täze nesli kemala getirmek

*******************

BERDIMÄMMET GURBANOW

(Raýatlaryň teklipçi toparlary)     

Daşarky we içerki syýasat

  • G. Berdimuhamedow tarapyndan hödürlenen “2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy”-ny goldamak
  • Bitaraplyk syýasatynyň esas goýujy, hususan-da, parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk, olaryň özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini hormatlamak, olar bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary alyp barmak,
  • Halkara harby guramalara we ylalaşyklara gatnaşmazlyk
  • Watanyň halkara derejedäki at-abraýyny artdyrmak
  • Halkara meseleleri syýasy we diplomatik serişdeleri arkaly çözmek

Ykdysadyýet

  • Önüm öndürmäge mümkinçiligi bolan kärhanalaryň işini ýola goýmakda kiçi we orta telekeçiligi işjeň goldamak
  • Nebit-gaz, mineral serişdeler, energetika, himiýa, ýeňil senagat, oba hojalyk, söwda, saglygy goraýyş, sport, medeniýet hem-de syýahatçylyk pudaklarynyň okgunly ösüşini gazanmak

Saglyk we ekologiýa

  • Milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de özgertmek
  • Döwrebap lukmançylyk merkezleri gurular, lukmançylyk ulgamy döwrebaplaşdyrylar

Başgalar

  • Ylymly, bilimli, dürli hünärlerden ussatlyk bilen baş çykarýan, ruhy we beden taýdan sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmek
  • Şypahanalar, dynç alyş we sagaldyş merkezleri, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky işler dowam etdiriler

*******************

PERHAT BEGENJOW

(Raýatlaryň teklipçi toparlary)

Daşarky we içerki syýasat

  • G. Berdimuhamedow tarapyndan hödürlenen “2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy”-ny goldamak
  • Sebitde we dünýäde parahatçylyk, dostluk we hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen daşary syýasaty yzygiderli dowam etdiriler

Ykdysadyýet

  • Nebitgaz we mineral serişdeler, energetika, himiýa, ýeňil senagat, oba hojalyk, ulag-logistika ulgamlaryny, söwda we syýahatçylyk pudaklaryny ösdürmek
  • Hususy telekeçiligi we işewürligi goldamak
  • Ykdysadyýetimiziň dünýä hojalyk ulgamyna giňden goşulyşmagyny üpjün etmek
  • Daşary söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek
  • Ýokary girdejili býujeti düzmek
  • Milli puluň hümmetini artdyrmak
  • Milli energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmek

Oba-hojalyk we infrastruktura

  • Obalarda kärendeçileriň, ýer eýeleriniň ösdürip ýetişdiren oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň hasabyna oba hojalyk senagatynyň giňden ýola goýmak
  • Dünýäniň kämil tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan önümçilik desgalaryny ulanmaga bermek
  • Döwrebap ýyladyşhanalaryň, sowadyjy ammarlaryň we maldarçylyk toplumlarynyň gurulmagy dowam etdiriler
  • Obalaryň, şäherçeleriň we etraplardaky şäherleriň, etrap merkezlerini yzygiderli abadanlaşdyrylmak
  • Ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurup, ulanmaga bermek
  • Obalar özgerdiler, oba ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak üçin zerur çäreleri geçirler
  • Awtomobil ýollarynyň, elektrik, gaz, suw geçirijileriň durkuny täzelemek

Sosial maksatnamalar

  • Zähmet hem-de dynç alyş şertlerini gowlandyrmak

Saglyk we ekologiýa

  • Ilata edilýän lukmançylyk we beýleki hyzmatlaryň ähli görnüşleriniň hilini ýokarlandyrmak
  • Raýatlaryň önümleri gaýtadan işleýän hususy kärhanalary döretmek baradaky islegleriniň ählitaraplaýyn goldanylmagy

Başgalar

  • Ylym we bilim ulgamlaryny ösdürmek, alymlaryň, ýokary derejeli hünärmenleriň täze neslini kemala getirmek boýunça hem ulgamlaýyn işleri alyp barmak
  • Medeniýeti ösdürmek, milli gymmatlyklary aýawly saklamak, dikeltmek we üstüni ýetirmek
  • Adamlarda watansöýüjiligi, ruhubelentligi hem-de ýokary ahlaklylygy terbiýelemek
  • Milli baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanyp, olary halkymyzyň bähbitlerine ulanmak

*******************

MAKSATMYRAT ÖWEZGELDIÝEW

(Raýatlaryň teklipçi toparlary)

Daşarky we içerki syýasat

  • G. Berdimuhamedow tarapyndan hödürlenen “2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy”-ny goldamak
  • Ýurduň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak, dünýäniň döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy we söwdany, dostlukly gatnaşyklary ösdürmek

Ykdysadyýet

  • Milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak
  • Senagatyň ähli pudaklaryny, şol sanda himiýa we nebitgaz pudaklaryny ösdürmek, nebitiň hem-de gazyň çykarylýan we eksport edilýän möçberini artdyrmak
  • Kiçi hem-de orta telekeçiligi goldamak
  • Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de azyk bolçulygyny döretmek

Oba-hojalyk we infrastruktura

  • Dürli oba hojalyk ekinlerini gaýtadan işläp, ýokary hilli önümleri öndürmek

Sosial maksatnamalar

  • Halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowlandyrmak
  • Raýatlaryň zähmet çekmegi hem-de dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek

Saglyk we ekologiýa

  • Ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, daşky gurşawy goramak ulgamlaryny kämilleşdirmek
  • Ilaty ekologik taýdan arassa azyk önümleri bilen üpjün etmek
  • Lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny hem-de täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna saglygy goraýşyň netijeli ulgamyny döretmek
  • Lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary hilini we elýeterliligini üpjün etmek

*******************

KAKAGELDI SARYÝEW

(Raýatlaryň teklipçi toparlary)     

Daşarky we içerki syýasat

  • G. Berdimuhamedow tarapyndan hödürlenen “2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy”-ny goldamak
  • Parahatçylygy, demokratik, hukuk, dünýewi döwletiniň binýadyny has-da pugtalandyrmak

Ykdysadyýet

  • Milli ykdysadyýeti ösdürmek
  • Ykdysadyýetiň pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak
  • Täze, döwrebap enjamlaşdyrylan iş orunlaryny döretmek
  • Milli ykdysadyýetiň senagatlaşma derejesini ýokarlandyrmak
  • Sanly ykdysadyýeti, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak
  • Bazar ykdysadyýetini, kiçi we orta telekeçiligi işjeň ösdürmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek
  • Welaýatlarda senagat önümlerini gönüden-göni ýerli we daşary bazarlara çykarýan, bäsdeşlige ukyply kärhanalary döretmek
  • Nebig gaz pudagyna maýa goýumlary artdyrmak, täze ýataklary gözläp tapmak

Oba-hojalyk we infrastruktura

  • Oba hojalygy ösdürmek, olary gaýtadan işlemek
  • Döwrebap elektrik beketlerini gurmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak, şol sanda wodorod energetikasyny ösdürmek
  • Akylly ulgamlar ornaşdyrylan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak
  • Içerki hem daşarky gatnawlara hyzmat edýän awtomobil, demir, howa we suw ýollaryny ösdürmek we olaryň durkuny täzelemek
  • Arassa agyz suwy bilen doly üpjün etmek we suwy arassalamagyň, dürli minerallar bilen baýlaşdyrmagyň, suw geçiriji ulgamlary gurmak

Sosial maksatnamalar

  • Ylmyň, bilimiň ösdürilmegine uly üns berler
  • Pensiýa, kömek pullaryny, zähmet we talyp haklaryny ýyl-ýyldan artdyrmak

Saglyk we ekologiýa

  • Ekologiýa we daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek
  • Tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak
  • Tebigatyň gözelligini geljek nesiller üçin gorap saklamak
  • Ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek

Başgalar

  • Pähimdar ata-babalarymyzyň mukaddes ýol-ýörelgelerine, ruhy gymmatlyklarymyza we dünýä tejribesine esaslanyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak

*******************

HYDYR NUNNAÝEW

(Raýatlaryň teklipçi toparlary)

Daşarky we içerki syýasat

  • G. Berdimuhamedow tarapyndan hödürlenen “2022 –  2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy”-ny goldamak

Ykdysadyýet

  • Ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek
  • Energetika syýasaty, nebitgaz toplumyny ösdürmegiň ýollary, ýer serişdelerini rejeli peýdalanmak

Oba-hojalyk we infrastruktura

  • Oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmagy dowam etdirmek hem-de täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna hasyllylygy ýokarlandyrmak
  • Ýaşaýyş jaýlarynyň, täze döwrebap mekdepleriň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, medeni, saglygy goraýyş maksatly desgalaryň, stadionlaryň hem-de sport mekdepleriniň, awtomobil ýollarynyň, inženerçilik-tehniki kommunikasiýalaryň gurluşyklaryny dowam etdirmek

Sosial maksatnamalar

  • Türkmenistanyň ähli ilatynyň durmuş-ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de gowlandyrmak

Başgalar

  • Durmuşyň ähli ulgamlaryna ylmy-tehniki innowasiýalary giňden ornaşdyrmak
  • Medeniýet, sport, saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmek
  • Ylmy-barlag işlerini işjeňleşdirmek
  • Dünýä ähmiýetli taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamak we giňden wagyz etmek

*******************

MAKSAT ÖDEŞOW

(Raýatlaryň teklipçi toparlary)

Daşarky we içerki syýasat

  • G. Berdimuhamedow tarapyndan hödürlenen  “2022 –  2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy”-ny goldamak
  • Döwletiň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, jemgyýetde demokratiýany ösdürmek
  • Ýurtda amala aşyrylýan syýasy, jemgyýetçilik, ykdysady, ylmy we medeni özgertmeleriň hukuk binýadyny has-da berkitmek
  • Milli kanunçylygy halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk derejede kämilleşdirmäge gönükdirilen işleri alyp barmak
  • Parahatçylyk söýüji ýurt hökmünde halkara abraýymyzy mundan beýläk hem artdyrmak

Ykdysadyýet

  • Içerki bazarlarda harytlara we hyzmatlara bolan islegi yzygiderli kanagatlandyrmak,
  • Ýurduň zähmete ukyply ähli raýatlarynyň ukyp-başarnyklaryny we mümkinçiliklerini deň bazar şertlerinde, sagdyn bäsleşik esasynda ulanmaga, degişli möçberlerde girdejileri gazanmaga mümkinçilik berýän syýasaty alyp barmak
  • Telekeçilikde we ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz beýleki ugurlarynda täze iş orunlaryny döretmegi döwlet tarapyndan goldamak
  • Öndürilýän önümleri daşary ýurtlara ibermek
  • Daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge gönükdirilen täze kärhanalary döretmek

Oba-hojalyk we infrastruktura

  • Halk hojalygyna häzirki zaman ösen tehnologiýalary we öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak
  • Ilatyň azyk üpjünçiligini gowlandyrmak boýunça oba hojalygynda düýpli özgertmeleri geçirmek
  • Türkmenistanyň oba hojalyk önümçiligini düýpli özgertmegi we onuň alnyp barlyşyny kämilleşdirmek

Sosial maksatnamalar

  • Pensiýa üpjünçiligini dünýä derejelerinde guramak, döwlet kömek pullarynyň we ýeňillikler ulgamynyň ilatyň zähmete ukypsyz bölegi üçin salgylaýyn häsiýetde bolmagyny gazanmak
  • Nyrhlary amatly derejelerde durnukly saklamak maksady bilen ilatyň pul girdejilerini, zähmet haklaryny tapgyrlaýyn we yzygiderli ýokarlandyrmak
  • Milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynda iş orunlaryny döretmek ýoly bilen ilatyň doly iş üpjünçiligini gazanmak

Saglyk we ekologiýa

  • Daşky gurşawy goramak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, adamyň saglygyny goramagyň möhüm bölegi bolan azyk önümleriniň hiline berk gözegçilik etmek
  • Ilatyň durmuş medeniýetini ýokarlandyrmak, bedenterbiýäni we sporty adamlaryň durmuşyna köpçülikleýin ornaşdyrmak, ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek
  • Hazaryň ekologik taýdan iň arassa kenary bolan Awazany mundan beýläk-de ösdürmek
  • Ilatyň saglygy baradaky aladany üns merkezimizde saklamak

Başgalar

  • Akademiki hem-de ýokary okuw mekdeplerindäki ylmyň dünýä ülňülerine laýyk derejede bolmagyny gazanmak
  • Türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, edim-gylymlaryny, däp-dessurlaryny hemmetaraplaýyn öwrenip, bu hazynany täze nesli terbiýelemekde giňden ulanmagyň usullaryny işläp düzmek
  • Türkmen döwletiniň özboluşly ideologiýasyny kämilleşdirilmek

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: