Progres.Online

Türkmenistanyň ilat ýazuwynyň gizlin maglumatlary

Ilat ýazuwynyň maglumatlary aç-açan bolmasa, Türkmenistan gowy dolandyrylmaz. Hökümetiň jebislik, bagtyýarlyk we röwşen geljek baradaky wadalaryny maglumatsyz amala aşyryp bolmaz.

2022-nji ýylyň 17-27-nji dekabry aralygynda, Türkmenistan “Ilat ýazuwy – 2022: jebislik, bagtyýarlyk, röwşen geljek” şygary astynda tutuş ýurt boýunça milli ilat ýazuwyny geçirdi. 2012-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri köpçülige aýan edilmedi. Soňky 10 ýylda, Türkmenistanyň döwlet syýasaty ýurtda näçe adam ýaşaýandygy, çaga dogluş we ölüm derejesi ýaly esasy we möhüm statistikalary jemgyýete we syýasatçylara äşgär etmezden işlenilip düzüldi we durmuşa geçirildi. BMG-nyň Statistika edarasy web sahypasynda Türkmenistanyň diňe 1995-nji ýyldaky ilat ýazuwyny agzap geçýär. Türkmenistan garaşsyzlyk alanyndan bäri 3 gezek ilat ýazuwyny geçirdi: 1995, 2012 we 2022-nji ýyllarda.

2021-nji ýylyň dekabrynda, Türkmenistan ilat ýazuwyna taýýarlyk görmek üçin synag ilat ýazuwyny geçirdi. Onuň netijeleri yglan edilmedi.

Halkara kompaniýalary, alymlary we ösüş ekspertleri Türkmenistanda ähtibarly maglumatlaryň elýetersizligini ýiti mesele hasaplaýarlar. Ilat sanynyň ygtybarly maglumatlaryna esaslanyp, syýasy kararlar bermek üçin maglumatlaryň we ilat ýazuwynyň täzelenen hasabatynyň ýoklugy uly weýrançylykdyr. Türkmenistanyň hökümeti maglumat üpjün etmek islemeýär we hatda, maglumatlary bermäge garşy. Muny ýurduň COVID-19-y nähili dolandyrandygynda, has takygy COVID-19 hadysalarynyň we ondan ölenleriň sanyny nol diýip hasabat bermeginde görýäris. 2018-nji ýyldan bäri, Bütindünýä banky ygtybarsyz ykdysady maglumatlar sebäpli Türkmenistany hasabatlaryna goşmagy bes etdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow üstünliklerini köplenç çişirip aýdýar we çykyşlarynda statistika ulanmaýar. Meselem: Prezident pandemiýa we Ukrainadaky uruş döwründe hem, Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň (JIÖ) ýyllyk 6%-den gowrak durnukly ösendigini nygtaýar. Şeýle çişirilen görkezijini maglumatsyz barlamak kyn. 2020-nji ýyldan bäri, Halkara Pul Gaznasy (HPG) we Türkmenistanyň hökümetiniň berýän JIÖ-niň ösüşi baradaky maglumatlary tapawutlanýar. HPG 2020-nji ýylda ýurduň JIÖ-niň 3% peselendigini, 2021-nji ýylda 4.6% we 2022-nji ýylda 1.2% ösendigini çaklady.

Türkmenistanda ilkinji elektron ilat ýazuwy

2012-nji ýyldaky ilat ýazuwynda bolşy ýaly, 2022-nji ýyldaky ilat ýazuwyny guramak we geçirmek üçin BMG tehniki we maliýe goldawyny berdi. BMG we hökümet ýurtda ilat ýazuwyny ilkinji gezek elektron ýazuw görnüşinde geçirmegi öňe sürdi. Maglumatlary düzüw ýygnamak üçin ýerli programma üpjünçiligi ýüklenen, Türkmenistanda öndürilen elektron planşetler ulanyldy. BMG-nyň Ýewropa boýunça ykdysady komissiýasynyň (UNECE) ekspertleri ilat ýazuwynyň anketa soraglarynyň talaplara laýyk gelýändigini tassykladylar. Komissiýa ilat ýazuwynyň netijeli we hatasyz geçirilmegini üpjün etmek üçin Türkmenistanyň statistika baradaky döwlet komiteti (TürkmenStat) we BMG-nyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy (UNFPA Türkmenistan) bilen birlikde işledi.

Türkmenistan ilat ýazuwynda ulanmak üçin 14.000 elektron planşet öndürdi.

2022-nji ýylyň aprelinde we 2022-nji ýylyň dekabrynda, BMG-nyň iki sany missiýasy Türkmenistanda ilat ýazuwyny geçirmek boýunça saparda boldy.

 “Türkmenistan hökümetiniň 2022-nji ýylda ilat yazuwyny planşet kompýuterlerini ulanyp geçirmek kararyny goldaýarys. Bu hili ýokarlandyrmaga, ýygnalan maglumatlary çalt redaktirlemäge we taýýarlamaga ýardam eder, ilat ýazuwynyň deslapky we ahyrky netijelerini wagtynda ýaýratmaga we aýan etmäge mümkinçilik berer. Türkmenistanyň hökümeti bilen 2022nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmekde tä ähli tapgyrlary tamamlanýança BMG-nyň goldaw bermegini dowam etdirmek üçin ähtibarly hyzmatdaşlyk etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistan hökümetini ygrarlylygy, çeşmelere maýa goýmagy, ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny meýilleşdirmegi we geçirmegi bilen gutlaýarys” – diýip BMG-nyň statistika edarasynyň demografiki statistika bölüminiň başlygy, missiýanyň ýolbaşçysy Srjan Mrkic aýtdy.

BMG missiýasynyň wekilleri 2022-nji ýylyň dekabryndaky saparynda, saýlanan ilat ýazuwy uçastoklaryna baryp gördüler we sanaýjylara ýazuwyň tehniki jikme-jikleri bilen bagly soraglar berdiler. Onuň netijeleri barada hasabat çap edilmedi.

Sosial mediýada geçirilen sowalnama

Progres Fondunyň platformalarynda geçirilen sowalnama ilat ýazuwy sanaýjylarynyň öýlere diňe planşetler bilen däl-de, kagyz depderçe we ruçka bilen aýlanandygyny hem görkezýär. Sowalnama gatnaşanlaryň takmynan 44%-i (Instagram) we 50%-i (Twitter) sanaýjylaryň maglumatlary kagyz bloknot we ruçka bilen belländiklerini habar berdiler. (Gatnaşyjylaryň 38.9%-i (Twitter) we 46%-i (Instagram) planşetleri, 11.1%-i (Twitter) we 9% (Instagram) kagyz bloknotdan we planşetden başga zada ýazandygyny görüpdir).

Statistika baradaky döwlet komiteti

Türkmenistanyň statistika baradaky döwlet komitetiniň (TürkmenStat) web sahypasynda ilat ýazuwy barada örän çäkli maglumat berilýär. Ilat ýazuwy anketasynyň soraglary ilata mälim edilmedi. Döwlet habar beriş serişdeleri anketada 53 soragyň bardygyny bellediler. 1995-nji ýyldaky ilat ýazuwynyň anketasy onlaýn görnüşde elýeterlidir. 3000 sany ilat ýazuwy sanaýjylarynyň türgenleşdirilişi we profili barada maglumat berilmeýär.

TürkmenStat-yň web sahypasyndaky maglumat materiallary (broşýuralar, wideolar) diňe türkmen dilinde elýeterlidi. Ilat ýazuwynyň anketasynyň we soraglarynyň milli azlyklaryň gürleýän rus we/ýa-da beýleki dillerinde elýeterli bolandygy ýa bolmadygy näbelli. Bu örän möhümdir, sebäbi Türkmenistanyň ilatynyň uly böleginiň entek hem rus dilinde gürleýändigi çaklanylýar.

Hökümet ýygy soralýan soraglara jogap bermek üçin gyzgyn telefon liniýasyny döretdi we 2022-nji ýylyň 15-nji dekabrynda, ilat ýazuwy barada ýatlatma SMS iberdi. Hemişeki ýaly, halkyň soraglary we aladalary barada köpçülige aýdylmady ýa-da köpçülikleýin habar beriş seridelerinde (KHBS) habar berilmedi.

KHBS-de ilat ýazuwynyň geçirilişini düşündirýän, bökdençlikler barada habar ýa teswir berýän döwlet resmileriniň, şol sanda TürkmenStat-yň işgärleriniň sany çäklidi we çykyşlar beýan ediji äheňdedi. Ilat ýazuwy üçin serişdeleriň bölünip berilmegi we onuň býudjeti barada maglumat paýlaşylmady.

TürkmenStat-yň başlygynyň orunbasary Güljemile Annaniýazowa: “Türkmenistanyň 2022-nji ýylda geçiriljek ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna taýýarlyk derejesine, Statistika baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleriniň ussatlygyna, Türkmenistanyň hökümetiniň halkara ülňülerine, ýörelgelerine we maslahatlaryna doly laýyk gelýän ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň geçiriljegi babatda BMG-nyň ýokary derejeli bilermenleriniň ýokary baha berendigine biz örän şat” – diýip belledi.

Hökümet BMG-nyň ekspertleriniň ýurtda enjamlary elýeterlileşdirmek ýaly belläp geçen meselelerini, ýagny pandemiýa we MT (maglumat tehnologiýasy) enjamlaryna bolan islegiň ýokarlanmagy sebäpli dünýäde ýüze çykan çip ýetmezçiligini we onuň ýazuwa ýetiren täsiri barada aýdanlaryna reaksiýa bildirmedi. Hökümet ýurtda öndürilen elektron planşetlerden başga-da, UNFPA-nyň kömegi bilen goşmaça enjamlary satyn almaly boldy.

Ilatyň habardarlygy

Hökümet 2012-nji ýyldaky ilat ýazuwynyň netijeleriniň köpçülige näme sebäpden aýan etmändigini hiç wagt aýtmady we düşündirmedi. Munuň raýatlaryň ruhdan düşmegine, hökümete bolan ynamyna we ilat ýazuwyna gatnaşmak kararyna nähili täsir edendigini çaklamak mümkin.

2022-nji ýylyň aprelinde, UNFPA Türkmenistan 2022-nji ýylda Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmek boýunça ýygy soralýan soraglary türkmen, rus we iňlis dillerinde taýýarlady we çap etdi.

Möhüm bellemeli zat: UNFPA Türkmenistan-yň 2022-nji ýyldaky ilat ýazuwyna bagyşlanan web sahypasy ýurtdaky ilat ýazuwynyň esasy hyzmatdaşy, guramaçysy we ýerine ýetirijisi hökmünde TürkmenStat-yň web sahypasyna gönükdirmeýär. Soňky 10 ýylda, UNFPA ýurduň maglumatsyz nädip dolandyrylandygy we näme üçin maglumat bermeýändigi barada agzamaýar. Şeýle hem, munuň Türkmenistanyň sosial-ykdysady ösüşi üçin uzak we gysga möhletli meýilnamalaryna nähili täsir edendigi hakynda bellemeýär.

Ilat ýazuwynyň netijelerini çap etmek üçin nähili meýiller yglan edildi?

Döwlet mediýasynda paýlaşylan maglumata görä, TürkmenStat ilat ýazuwynyň deslapky netijelerini alty aýyň içinde jemlenjegini belläpdir. Emma, bu maglumat TürkmenStat-yň web sahypasynda ýok. Elektron ilat ýazuwyň deslapky netijelerini jemlemäge näme üçin alty aý zerurdygy düşündirilmeýär. UNFPA hökümeti 180 sany kompýuter, planşetdäki maglumatlary TürkmenStat-yň maglumatlar merkezine automatik geçirmäge mümkinçilik berýän kuwwatly serwerler we maglumat saklaýjylar bilen üpjün etdi.

“Maglumatlary ýygnamak işi gutarany bilen ilat ýazuwy tamamlanmaýar. Halkara maslahatlaryna laýyklykda maglumatlaryň çap edilmegi we seljerilmegi bu prosesiň möhüm bölegidir” – diýip BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Statistika edarasynyň Sosial we demografiki statistika bölüminiň ýolbaşçysy Andres Wikat nygtady. Soňky 10 ýylda, BMG-nyň Türkmenistandaky edarasy hökümeti 2012-nji ýyldaky ilat ýazuwynyň maglumatlaryny ýaýratmaga çagyrýan jemgyýetçilik beýannamasyny çap etmedi. BMG ilat ýazuwy maglumatlaryny halka elýeterli etmek jogapkärçiligini Türkmenistanyň hökümetine ýatlatjak şeýle beýannamany ýazsa örän ýerlikli bolar. Ýöne, bu çagyryş hökümetiň maglumatlary aýan etmegi üçin ýetersiz itergi bolup biler.

Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewiň aýtmagyna görä, Türkmenistan “halkara kadalaryna we ýörelgelerine laýyklykda ilat ýazuwynyň netijelerini çap etmek boýunça BMG-nyň ekspertleriniň tekliplerini öwrenmäge taýýar”. Esasy we möhüm statistiki maglumatlary çap etmek üçin agzalan “teklipler” nähili bolmaly? Ilata bu barada karar bermek, statistikalary aýan etmek üçin hakykatdan-da şeýle teklipler zerurmy?

Prezident Serdar Berdimuhamedow: “2022-nji ýylda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň geçirilmegi BMG-nyň gurama agza ýurtlarda ilat ýazuwyny geçirmek baradaky çagyryşyna Türkmenistanyň beren jogabydygyny hem bellemelidiris. Bu biziň ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýdyň görkezýär” – diýip belledi.

Hökümetiň dymmak we ýalňyş, statistiki maglumatsyz dolandyryş däbini bes edip, maglumatlaryň haçan ýaýradyljakdygyny görkezýän syýasy meýili entek ýok. Eger hökümet ilat ýazuwynyň netijelerini yglan etmese, bu raýatlaryň hökümete bolan ynamyny has peselder we halkara maýadarlary ýurtdan ýüz öwürerler. Biziň hemmämiz türkmen hökümetiniň ähmiýetli halkara hyzmatdaşlyga nä derejede taýyndygyny synlamalydyrs. BMG-nyň haçana çenli türkmen hökümetiniň düzgünlerine görä oýnap, ilat ýazuwy maglumatlaryna döwlet syry hökmünde daraşjagyna üns bilen synlamalydyrs.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: