Progres.Online

Türkmenistanlylaryň etli naharlary iýmek medeniýeti

BMG-nyň Azyk we oba hojalygy guramasy (FAO) dürli ýurtlaryň ilatynyň bir ýylyň dowamynda näçe mukdarda et iýýänini hasaplaýar. Gurama göra, “et kategoriýasyna” towuk we guş etleri, sygyr eti, goýun, geçi eti, doňuz eti, balyk we deňiz haýwanlarynyň önümleri girýär.

FAO-nyň maglumatyna salgylanyp, “Our world in data” portaly statistikalary ulanyp, wizualizasiýalary taýýarlady. Maglumata görä, 2017-nji ýylda bütin dünýäde iň köp et iýilýän ýurt Portugaliýa we ABŞ bolup, bu ýurtlaryň ýaşaýjysy bir ýylyň dowamynda ortaça 151 kg we 146 kg möçberinde et iýýär. Iň az et iýilýän ýurt bolsa Efiopiýa. Bu ýurduň ýaşaýjysy bir ýylyň dowamynda ortaça 5.8 kg et iýýär.

Karta: Dünýä boýunça et iýmegiň derejesi

Türkmenistanlylar 2017-nji ýylda ilat başyna ortaça 63 kg et iýipdirler: adam başyna iň köp sygyr etini (29kg), soňra goýun we geçi etlerini (26 kg), towuk etlerini (4.5 kg), deňiz önümlerini (2.9 kg) we doňuz etini (0.3 kg) iýýän ekenler.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Gazagystanyň ilaty adam başyna iň köp et iýýän ýurtdur. 2017-nji ýylda her bir gazagystanly ortaça 69 kg möçberde et iýipdir. Sebitimizde ikinji ýerde 63 kg bilen Türkmenistan, soňra özbegistanlylar 37 kg, gyrgyzstanlylar 32 kg we täjigistanlylar bir ýylyň dowamynda 17 kg et iýipdirler. Sebitimizde iň köp iýilýän et sygyr etidir we iň az iýilýän etler bolsa doňuz eti we deňiz önümleridir.

Iň az et iýýän ýurtlar

Bütin dünýäde iň az mukdarda et önümleri bilen iýmitlenýän ýurt Efiopiýadyr. 2017-nji ýylda Efiopialylar adam başyna bary-ýogy 5.8 kg möçberde et iýipdirler. Soňra Owganystan (8.8 kg), Hindistan (11kg), Nigeriýa (16 kg) we Täjigistan (17 kg) ýaly döwletler hem dünýäniň iň az et iýýän ýurtlaryna degişlidir. Has giňişleýin sanlary aşakdaky tablisadan görüp bilersiňiz.

JIÖ we et iýmek arasyndaky baglanyşyk

Karta: Dünýäde et iýmek medeniýeti we JIÖ

Merkezi Aziýada ilat başyna düşýän Jemi içerki önümi boýunça birinje ýerde Gazagystan (9055 USD), soňra Türkmenistan (7612 USD), Özbegistan (1719 USD), Gyrgyzstan (1173 USD) we Täjigistan (859 USD) ýer alýar. Sebitimizdäki et iýmek boýunça statistikalaryna seredenimizde hem edil şular ýaly arabaglanşyk saklanylýar. Gazagystan (adam başyna 69 kg) sebitdäki ilat başyna iň köp mukdarda et iýýän we Täjigistan (adam başyna 17kg) iň az et iýýän ýurtlardyr. Emma beýle arabaglanşyk hemişe saklanmaýar. Aşakdaky grafikde görşümiz ýaly, Braziliýa we Indoneziýanyň JIÖ-leri ýakyn, ýöne Braziliýa 5 esse kän et iýýän eken Indoneziýa bilen deňeşdirilende. Samo we Hindistan arasynda, ýa-da Argentina we Türkiýe arasynda hem şeýle we JIÖ-leriň deň bolmagyna garamazdan et iýmek derejesi örän tapawutlydyr. Muňa düşündiriş hökmünde belli ýurtlarda ilata etiň elýeter bolmagy we iýmitlenmek medeniýetiniň taryhy, kadalary bilen düşündürip bolar.

Gadyrly okyjy, etiň we oba hojalygyň adamyň saglygyna we howanyň üýtgemegine ýetirýän täsirlerini göz öňünde tutsak, seniň pikiriňçe, türkmenistanlylar eti köp iýýärmi? Azmy? Näme üçin?

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: