Progres.Online

Türkmenistanda rus dili howp astyndamy?

Hemmelere düşünikli däl: Merkezi Aziýada rus diline howp abanýarmy?” atly makala görä, Türkmenistanda rus dilinde gürleýänleriň heniz hem känligine garamazdan, ýurtda rus diliniň ulanylyşy kem-kemden azalýar.

Içerki gurşaw

Merkezi Aziýada rus dili entek hem giňden ulanylýar. Gazagystan ýaly ýurtlarda ilatyň 90%-i rus dilinde gürleýärler. Türkmenistanda ilatyň 40%-i rus dilini ulanýar ýa-da düşünýär. Şeýle-de bolsa, ilatyň diňe 12%-i rus dilini ene dili hasaplaýar.

Россотрудничество (GDA, Daşary ýurtda ýaşaýan watandaşlar we Halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy işleri boýunça federal gullugy) görä, Türkmenistanda 300.000 töweregi, Gazagystanda 5 million, Özbegistanda 1 million, Gyrgyzystanda 373.000 we Täjigistanda 88.000 rus ýaşaýar. Bilime gezek gelende, Türkmenistanda bary-ýogy 71 sany rus mekdepleri bar.

Emma, Türkmenistanyň maglumat gizlinligi sebäpli ýurtdaky ýagdaýlar barada takyk maglumatlar elýetersiz. Muňa garamazdan, daşary ýurtlarda işleýän türkmen oppozisiýa mediýasy ýurtda rus mekdepleriň azalýandygyny aýdýarlar. Şeýle-de bolsa, ýakynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Rus-Türkmen uniwersitetini döretmegi teklip edipdi. Ýöne, Türkmenistan uniwersitetiň dil syýasatlaryny ara alyp maslahatlaşmaýar ýa-da mälim etmeýär.

Russiýa bilen gatnaşyklar

Döwlet Dumasynyň GDA we watandaşlar bilen gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Konstantin Zatuline görä, Merkezi Aziýa döwletleriniň liderleri rus diliniň Moskwa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary saklamak üçin ähmiýetlidigini nygtaýarlar. Ýöne olar ýurtlarynda ýerlileşdirmek syýasatyny alyp barýarlar. Bu rus diliniň täzeden galkynmasyna gyzyklanma bildirýän Özbegistandan başga, beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynda rus diliniň, rus atlaryň we atlandyrmalarynyň ýitmegine sebäp bolar. Şeýle hem, rus dili ýerli elitalaryň basyşy astynda.

Zatulin bu prosesiň kirillisadan latyn elipbiýine we bilim programmalarynyň milli dile geçirmegiň bahasynyň gymmatlygy sebäpli kyndygyny aýdýar. Mundan başga-da, Merkezi Aziýa üçin möhüm ähmiýete eýe bolan Russiýa bilen ykdysady gatnaşyklar päsgelçilik döredýär. Zatuline görä, transport koridorlarynyň entek hem Russiýadan geçýänligi zerarly bu gatnaşyklaryň saklanmagy wajyp. Gelejekde, Russiýa Merkezi Aziýada rus dilini öwrenmäge bolan gyzyklanmanyň artmagyna garaşýar.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: