Progres.Online

Türkmenistana hristiançylygyň ýaýraýyşy

2019-njy ýylda, Garward uniwersitetinden Barakatullo Aşurow “Günorta we Merkezi Aziýada hristiançylyk” atly makalasyny çap etdi. Makalanyň Türkmenistan baradaky bölümi hristiançylygyň Türkmenistandaky roly we taryhdan häzirki gününe çenli nähili ýaýrandygyny gözden geçirýär.

Gadymy döwürde Türkmenistanda hristiançylygyň döremegi

Merkezi Aziýada hristianlaryň bolanlygynyň iň irki material subutnamalary üçünji we dördünji asyrlara degişli bolup, materiallar Türkmenistandan tapyldy. Türkmenistanyň Mary şäheri (gadymy Merw) Gündogar Ybadathanasynyň missionerleriniň (din ýaýradyjalar) geçelgesi bolupdyr.

Merwde ýewangelizasiýanyň (hristiançylygy ýaýratmak) edebi subutnamasy “Barsabbanyň durmuşy” atly ýazgydan mälimdir. Ol birnäçe dillerde, şol sanda Sogdian dilinde hem ýazylypdyr. Ýazgynyň Sogdian dilindäki parçasynda öňdebaryjy ýepiskop Barsabba Pars, Gürgen, Tus, Abarsahr, Sarahs, Marwrud, Balh, Hyrat we Sistan sebitlerinde monastyrlary esaslandyrandygyny bellenilýär. Bu hristiançylygyň sebitdäki medeni ähmiýetini we strategiki täsirini görkezýär.

Barsabbanyň alyp baran işleri XI asyrda ýaşan musulman alym Al-Birunynyň ýazgylaryndan hem mälimdir. Biruny hristian senenamalary baradaky ýazgysynda sebitde hristiançylygyň düýbüni tutujy hökmünde Barsabbanyň hatyra gününi we Isa pygamberden 200 ýyl soň, sebitde hristiançylygyň ýaýranlygyny agzap geçýär.

Häzirki zaman Türkmenistanynda hristiançylyk

Häzirki wagtda, Türkmenistanda hristiançylyk giň ýaýbaňlanmadyk dindir. Ýurtdaky azlyklaryň jemgyýetiniň aglabasy rus prawoslaw hristianlyçylygyna uýýarlar. Olar esasanam, ýerli rus-türkmen gatyşyk ýa-da rus we Ýewropanyň beýleki etnik jemgyýetlerindendir. Türkmenistanda 12 sany rus prawoslaw ybadathanasy bolup, olaryň 4-si Aşgabat şäherinde, galanlary bolsa ýurduň beýleki welaýatlarynda ýerleşýär.

Rus prawoslaw ybadathanasyndan soň, ikinji uly topar Ýewangelik baptist ybadathanasyna degişli jemgyýetdir. Olar aýratynam, Aşgabat, Nebitdag we Türkmenbaşy şäherlerinde ýaşaýarlar. Aşgabatdaky merkezi Ýewangelik baptist ybadathanasy Merkezi Aziýada esaslandyrylan iň gadymy protestant bileleşigidir. Ol 1890-njy ýylda deport edilen protestantlar topary tarapyndan döredilipdir. Esasanam nemes neberelerini öz içine alýan ýewangelik lýuteranlarynyň hem öz bileleşigi bar. Häzirki wagtda, olaryň ybadathanalary Türkmenbaşyda we Ýolötende ýerleşýär.

Türkmenistanyň konstitusiýasynda döwlet dini kesgitlenmeýär we dini azatlyk berilýär. Şeýle-de bolsa, hökümet dine gözegçilik edýär. Hristian toparlarynyň aglabasy ulgamlaýyn çetleşdirmelere sezewar bolýarlar.

Türkmenistanyň kanunlary ilatyň agramly böleginiň musulmandygyny ykrar edýär. Emma, dini wagyz etmegi, dini edebiýatyň neşir we import edilmegini gadagan edýär. Türkmenistanda resmi taýdan hristian ybadathanany bellige goýmak, hristian edebiýatyny edinmek we dini amallary berjaý etmek örän kyn.

Häzirki wagtda, Türkmenistanda resmi taýdan hasaba alnan ýewangelik bileleşiklerine girýän 2000-den gowrak protestant ynançlylar we hasaba alynmadyk ybadathanalaryň ençeme ynanyjylary bar. Çäklendirmelere we kynçylyklara garamazdan, jemgyýetler uly töwekgelçilik astynda ybadat etmek üçin ýygnanmagyny dowam etdirýärler. Birnäçe halkara guramalary türkmenistanly hristianlary işjeň goldaýarlar.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: