Progres.Online

Okyjynyň sesi: Turkmenistan. Baý döwlet, garyp ilat.

Salam Progres,

Turkmenistan. Baý döwlet, garyp ilat.

Turkmenistanyn ekonomikasy gaz we nebitiñ (esasy gaz) satylmagyndan saklanýar. 1991-nji ýyldan tä 2021-nji ýyla çenli bu ýagdaý üýtgemedi. Beý diýmek bolsa Turkmenistanyñ ekonomikasy “iññäniñ” ustunden 30 ýyldap çykyp bilmedi. Onyñ erbet netijesini bolsa 2014-nji ýylda Russiyanyñ turkmen gazyndan ýüz öwrenden soñ duýulyp başlanyldy. 2014-nji yylda ilkinji walyuta çäklendirmeler girizilip başlanyldy, ilatyñ hakyky (faktyçeskiy) aýlygy esseläp 2021- nji yyla çenli azaldy. Şol ýyllaryñ icinde kabir çeşmelere görä 1 milliona golaý ilat ýokary girdeýji ucin ýurdy terk etdiler.

Ýene bellap geçmeli zadymyz diñe ekonomikanyñ “gaz uglerod iññisiniñ” ustunde duranlygyndan başgada, korrupsiya we ýurda gelyan girdeýjileri(býujet) bisarp ulanmaklyk hem öz erbet täsirini ýetirdi.

Bu ýagdaýdan nadip cykmaly?

  • Daşary ýurt inwesterleri ýurda çagyrmaly (gelmage rugsat bermeli)
  • Başga toplumlary ösdürmeli (Oba hojalyk, Turizm, Ylym-bilim sferasy, Saglyk goraýyş)
  • Korrupsiýa garşy Ýewropa birleşiginiñ ýurtlary bilen birleşip taze syýasat alyp barmak
  • Daşary ýurt (Ýewropa, ABŞ) alyp barýan ykdasadyýetinden we syýasatyndan görelde alyp täzeleşdirmeler we özgerişler girizmek
  • Býujet (ýurda gelyan girdeýjeni) peýdaly sarp etmek.
  • Ilat bilen hökümetiñ arasynda hereket başlamak we ýurt gurmakda jemgyýet esasy orun tutmak.
  • Garaşsyz institutlaryñ, hukuk goraýjy edaralaryñ döredilmegi.
  • Azat metbugatyñ döredilmegi
  • Hakyky parlament dolandyryşa gecmek
  • Konstitusiýanyñ ýokarda bellenilip gecilenleri göz öñüne tutyp üýtgedilmegi

Okyjylardan gelýän hatlar uýtgedilmän çap edilýär. Redaksiýanyň pikirleri makalada beýan edilýän pikirlere gabat gelmän biler. Progres.online köpdürli pikir-garaýyşlaryň beýan edilmegine giňişlik döredýär.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: