Progres.Online

Merkezi Aziýadaky Köpaýallylyk: Onuň Sebäpleri we Täsirleri

2016-njy ýylyň 11-nji maýynda Merkezi Aziýanyň analitiki makalalary çap edýän ulgamynda (CAAN) ylmy barlagçylar Mişel E. Kommersio we Julýetta Kleuzio bilen geçirlen söhbetdeşligi çap edildi. Olar Merkezi Aziýa sebitinde poligamiýa, ýagny köpaýallylyk, birden köp aýally bolmak bilen bagly meseläni öwrenýärler. Merkezi Aziýanyň analitiki ulgamy СAAN – bu şol sebitiň raýatlarynyň tarap çalynmaýan, obýektiw maglumatlara we döwrebap analizlere elýeterliligi ýokarlandyrmak üçin niýetlenen platformadyr. Öz ylmy işlerinde Mişel Kommersio Gyrgyzystanda köpaýallylygyň ýaýramagyna üns berýär we Julýetta Kleuzio bolsa Täjigistandaky maşgala gatnaşyklaryna seredýär.

Barlagçylar Merkezi Aziýada köpaýallylygyň bar bolup durýandygyny aýdýarlar. Mundan başga-da, olar köpaýally bolmak praktikasy Sowet Soýuzy ýykylandan soň sebitde giňden ýaýrap başladygyny mälim edýärler.

Tajigistanda hem-de Gyrgyzystanda köpaýallylyga kanuny taýdan rugsat berilmeýär. Mişel Kommersionyň we Julýetta Kleuzionyň aýtmaklaryna görä, maliýe kynçylyklary, sosial basyş we adamlaryň gymmatlyklarynyň üýtgemesi Merkezi Aziýada köpaýallylygyň köpelmegine sebäp bolup durýar.

Şeýle hem barlagçylar birinji aýalyna kanuny taýdan öýlenenligine garamazdan, erkege ikinji aýally bolmaga mümkinçilik berýän zat diňe “nika” atly dini praktikasydygyny görkezýärler. Barlagçylaryň gelen netijeleri esasynda, dürli sebäplere görä erkekler we aýallar maşgala gatnaşyklaryň bu görnüşinden peýdalanmagy karara gelýärler. Mysal üçin, Gyrgyzystandaky we Täjigistandaky käbir baý we garybyrak erkek kişiler özleriniň jemgyýetindäki status derejelerini ýokarlandyrmak üçin birden köp aýal edinmegi karar edýärler. Ikinji aýal bolmaga razylaşýan zenanlar özleriniň ykdysady ýagdaýyny gowulaşdyrmak, durmuşa çykan aýal maşgalanyň statusyny gazanmak we çaga edinmek maksady bilen şeýle ädime aýak basýarlar.

Mişel E. Kommersio we Julýetta Kleuzionyň görkezişleri ýaly, adatça birinji aýal özüniň äriniň ikinji aýal edinmegini karara gelendiginden habarly bolmaýar. Haçan-da ol bu barada bilende, özüne ikilik edilenligi we ikinji aýalyň bäsleşmeginden gorky duýup başlaýar. Emma, özleriniň ärli derejesini we ýoldaşlarnyň mirasyna bolan hukuklaryny ýitirmekden howatarlanyp, käbir birinji aýallar özleriniň ärleri bilen nikalaryny bozmazlygy saýlaýarlar.

Täjigistanda we Gyrgyzystanda köpaýallylygyň bikanun bolanlygy sebäpli, eger äri ikinji aýalyndan aýrylyşmak islese ýa-da onuň ölen halatynda, ikinji aýallarda öz ärleriniň mirasyna hukuklary bolmaýar. Erkek adamyň ikinji aýalyndan çagalary diňe onuň öz çagalary hökmünde hasaba goýan ýagdaýynda aliment alýarlar. Adatça bir erkegiň guran iki maşgalasy bilelikde ýaşamaýar. Üstüsine-de ikinji aýal adamsynyň garyndaşlary bilen gatnaşmaýar, sebäbi erkegiň nikasynda bolan birinji aýaly ýokaryrak statusa eýe bolýar.

Iň gyzykly ýeri bolsa, barlagçylaryň ikisi hem yslam dininiň sebitdäki köpaýallylgyň sebäbi däl diýip pikir edýärler. Hakykatda yslam dini şeýle gatnaşyklary alyp barmaga mehanizm bolup durýar diýip barlag mälim edýär. Julýetta Kleuzionyň aýtmagyna görä:

Yslam dini hem köp aýally bilelişikleri gurmagyň mehanizmi hem-de olary kanunylaşdyrmagyň ýoly bolup durýar. Emma, dindarlyk hiç haçan hakyky itergä meňzänokdy, iň bolmanda aýallar üçin şeýledi. Erkekler üçin ol köplenç delillendirme hökmünde bolýardy, ýöne köpaýallylyk hiç haçan yslam dininiň kanunyna laýyklykda amala aşyrylanokdy (birinji aýaldan rugsat soramak, olaryň arasynda serişdeleri deň paýlaşmak we ş.m.), emma mende entek hem bu babatda maglumat ýok we bu mesele boýunça musulman ruhanylary bilen söhbetdeşlik geçirip göremok. Çünki olar köpaýally erkekleriň aglaba bölegine girenoklar. Meniň pikirimçe, muňa bolan itergiler köplenç halatlarda öz nika gatnaşyklaryny özbaşdak çözýän erkekler we aýallaryň arasyndaky nikada ulanylýan jynsy we ykdysady alyş-çalyş bolup durýar.

Köpaýallylyk praktikasy çylşyrymly mesele bolup durýar. Barlagçylaryň nygtaýyşlaryna görä, ykdysady we sosial faktorlar Merkezi Aziýa ýurtlarynda adamlaryň kanuny taýdan rugsat berilmeýän köpaýally maşgala bilelişiklerini gurmak barada çözgütlerini emele getirýärler. Geljekki ýyllarda köpaýallylyk praktikasynda nämeler boljagyny düşünmek üçin Merkezi Aziýa jemgyýetlerinde maşgala gatnaşyklaryny, sosial basyşlary we gymmatlyklardaky üýtgeşmeleri öwrenmegi dowam etmek möhümdir.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: