Progres.Online

Döwlet adam üçindir: Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlaryň ýykylmagy

Türkmenistanda garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap häkimiýetleriň ýaşaýyş jaýlary ýykmak tejribesi dowam edip gelýär. Bu mesele ilatyň wawwaly meselesine öwürlip ilatda uly nägileligi döredýär. Türkmenistanda jaýy ýykylmadyk ýa-da jaýy ýykylan adamyny bilmeýän adam az bolmaly. Ilatyň nägileligi, başyndan geçirýän adalatsyzlygy, döwlet guramalarynyň işinden göwni galmaklyk, bolup geçýän hadysalar gürrüňleriň üsti bilen nesilden-nesile trawma bolup geçýär. Biz bu makalada şu mesele boýunça açyk çeşmelerden maglumatlary topladyk. Okyjylarymyz biz bilen habarlaşyp anonim şertde başdan geçirenlerini paýlaşyp bilerler.

Şeýle mazmunly habarlar türkmen we halkara metbugatynda yzygiderli çap edilip gelinýär. Bu wakalary halkara guramalar we habar beriş serişdeleriniň birnäçesi uly hasabatlar taýýarlap, ýagdaýy giňişleýin aýan etdiler: Human Rights Watch; Turkmenistan Helsinki Foundation for Human Rights; Institute for War and Peace Reporting; Deutsche Welle; Amnesty International; International Federation for Human Rights; The Diplomat. Ýagny, Türkmenistanda öýleriň ýykylmagynda ýüze çykýan adam hukuklarynyň bozulmagy, äsgerilmezligi daşary ýurtlarda giňden öwrenilýän we paýlaşylýan mesele bolup durýar.

Jaýlaryň aglaba bölegi 2017-nji ýyldaky Aziadadan öň ýykylan hem bolsa, soňky ýyllarda hem beýle hadysalar kemçilik etmeýär. Meselem, 2021-nji ýylda Aşgabatdaky “Weteran” magazynyň ýerleşen gatly jaýy ýykyldy we şo bir ýylyň içinde Ahal welaýatynyň täze paýtagtyny gurmak üçin 300 gektar ýeri tutýan üzümçilik we miwe baglaryny aýyrdylar. 2022-nji ýylda hem Aşgabat şäheriniň Baba Jepbarow köçesiniň ugrundaky 4 gatly ýaşaýyş binalary ýykyldy. Şu ýylyň mart aýynda Aşgabatdaky Görogly köçesine ýakyn ýerde ýene 300 golaý hususy jaýlar ýykylar.

Arzyňy kim diňlejek?

Türkmenistanyň resmi habar beriş çeşmelerinde bu mowzuk barada hiçhili maglumat, hasabatlar berilmeýär, raýatlaryň soraglary we şikaýatlary çap edilmeýär. Ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilmek meseleleri boýunça ýaşaýjylar şäher, welaýat we etrap häkimliklerine ýüz tutmaly. Ýaşaýyş jaýy babatynda ýüze çykýan dawa-jenjeller we şikaýetler üçin bolsa kazyýete ýüz tutmaly (Ýaşaýyş jaý kodeksi, 9-njy madda). Adalat Ministrliginiň web sahypasynda onlaýn ýüz tutma hyzmaty hödürlenýär.

Döwlete degişli däl ilata kömek hyzmatlary

Türkmenistanyň raýatlaryna kanuny goldaw we hukuk boýunça sowatlylygy ýokarlandyrmak maksady bilen “Defakto” atly web sahypasy jaýy ýykylan adamlaryň maddy kompensasiýasyny almak hukuklary hakynda maglumat berýär.

Türkmenistanyň garaşsyz aklawçylar birleşigi jaýy ýykylan adamlara hem ýuridiki maslahatlary berýär.

BMG-nyň soragy, hökümetiň jogaby

Birleşen Milletler guramasyňyň Adam Hukuklary Komiteti 2017-nji ýylda Türkmenistanyň wekili Atageldi Haljanowdan ýurtda adam hukuklarynyň bozulmagy hakynda birnäçe soraglary berdi we şolaryň arasynda öýleriň ýykylmagy meselesi hem agzalyp geçildi. Bu BMG-nyň Türkmenistan wekiliýetini jaýlaryň ýykylmagy barada soraga çeken soňky hasabatydyr.

BMG-niň soragy: “Soňky ýyllarda 2 sany köçede öýler ýykylypdyr. Ýaşaýjylara habar berilmezden öýler ýykylypdyr, bu dogrymy? Ýaşaýjylaryň käbir bölegi ýykylan öýler üçin kompensasiýa alypdyrlar. Bu hadysalar barada maglumat berip bilersiňizmi?”

Türkmen wekiliniň jogaby: “Ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen birnäçe gurluşyk taslamalary amala aşyryldy. Mekdepler, çagalar baglary, seýilgähler we dynç alyş merkezleri guruldy. Jaýlaryň ýykylmagy şol maksada laýyk gelýärdi, sebäbi käbir ýaşaýyş jaýlaryň ýagdaýy ýaramaz şertdedi. Jaýlary ýykylan ýaşaýjylar meýilnama boýunça başga ýerlere göçürildi”Tm-d

Jaýy ýykylan adamlaryň kynçylyklary, arz-şikaýatlary we nägilelikleri

Habarnamanyň bolmazlygy

Hökümetiň ilat bilen aragatnaşygynyň bolmazlygy: Öýleriň ýykyljaklygy barada resmi habar öňünden berilmeýänligi sebäpli ýaşaýjylar myş-myşlara ynanyp, alada, gorky, näbellilik gurşawynda, psihologiki taýdan dartgynly ýagdaýda ýaşaýarlar. Jaýlary ýykmak baradaky karary ýaşaýjylara köplenç 1-2 hepde galanda, kä halatlarda bolsa 3 gün galanda duýdurýarlar. Ýaşaýjylar gysga wagtyň içinde goşlaryny çöpläp, olary başga ýerik eltip ýetişmeli bolýarlar. Ilat bilen hiç hili düşündiriş işler geçirilmeýär. Bu bolsa myş-myşlaryň, ýalan maglumatlaryň pajarlap ösmegine getirýär.

Kanuny tertip, düzgüniň bolmazlygy we sylanmazlygy: Häkimiýetler hususy jaýlary ýykmak barada karar berenlerinde, bu kazyýet tarapyndan çözülmän, şäher häkimliginiň işgärleri tarapyndan dessine karar berilýär. Ol ýerdäki ýaşaýjylaryň pikirini soramaýarlar, maslahatlaşmaýarlar we olardan rugsat almaýarlar. Karar çykansoň, ýaşaýjylara bu karary şikaýet etmäge mümkinçilik we ýol berilmeýär.

Kompensasiýa

Kompensasiýa, öwez puly tölenmeýär: Jaýlar ýykylansoň, maddy kompensasiýa berilmän, täze jaý hödürlenýär we täze jaýa göçmek üçin ýaşaýjylar kä halatlarda birnäçe ýyllap garaşmaly bolýarlar. Jaýy ýykylan maşgala täze jaý berilýänçä, olar artykmaç çykdajy edip kärendesine kwartiralarda ýa-da dost-garyndaşlarynyň öýünde wagtlaýyn ýaşamaly bolýarlar. Ýykylan jaý üçin pul kompensasiýasy berilmeýäni üçin, zeper ýetirilen maşgala ol puly ulanyp, islän ýerinden özbaşdak jaý satyn almaga karar berip bilmeýär. Häkimlik nirä göç diýse, adamlar şol ýere göçmäge mejbur bolýarlar.

Deňsizlik: Giň howlusy, mellegi bolan planowyý jaýlary ýykyp, onuň ýerine etaž jaýlardan kwartira berýärler. Bilşimiz ýaly, planowyý jaýlaryň bahasy köplenç etaž jaýlardaky kwartiralardan gymmat bolýar.

Registrasiýanyň bolmazlygy

Eger ýykylan jaýda ýaşaýan maşgala jaýyny öz atlaryna registrasiýa etmedik (öý kitaby bolmadyk) bolsalar, onda bu maşgalanyň jaýy ýumrulsa hem, onuň ýerine hiçhili kompensasiýa ýa-da täze jaý berilmeýär. Kähalatlarda ýaşaýjynyň adyna jaý registrasiýa edilen bolsa hem, onuň ýerine hiç hili täze jaý berilmeýär.

Dokumentsiz jaýlar

Aşgabatda 1948-nji ýyldaky ýer titremeden soňra birnäçe hususy planowoý jaýlar wagtlaýyn şekilde (wremýanka) şahsyýetler tarapyndan guruldy. Dokumentlerini oňarman ol jaýlarda birnäçe nesil bolup ýaşamaga dowam etdiren maşgalalar örän köp. Garaşsyzlyk döwründe jaýlaryň rugsatsyz ýykylmak emelleri başlanandan soňra, ýaşaýjylar bu ýagdaýdan howsala düşüp, jaýlary öz atlaryna registrasiýa etmek islänlerinde, şäher häkimliklerinde bir näçe müň ABŞ dollary mukdarynda para islediler. Netijede, jaýy öz atlaryna registrasiýa edip ýetişmedik we öýleri rugsatsyz, häkimiýetler tarapyndan ýykylan maşgalalara täze öý berilmeýär we olar birnäçe güniň içinde köçede galmaga mejbur bolýarlar.

Kanun näme diýýär?

Türkmenistanyň Konstitusiýasy, 51-nji madda: “Her bir raýatyň ýaşaýyş jaýyna we abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny almakda ýa-da edinmekde we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmakda döwletiň goldawyna hukugy bardyr.

Ýaşaýyş jaýy eldegrilmesizdir. Ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan adamlaryň erkine garşy ýa-da kanuny esaslar bolmasa, hiç kimiň ýaşaýyş jaýyna girmäge ýa-da onuň eldegrilmesizligini başga bir ýol bilen bozmaga hukugy ýokdur. Adamyň öz ýaşaýyş jaýyny kast etmelerden goramaga hukugy bardyr. Kanunda bellenilen esaslar bolmasa, hiç kim ýaşaýyş jaýyndan mahrum edilip bilinmez”.

Türkmenistanyň “Eýeçilik hakynda” kanuny (2015-nji ýyl), 29-njy madda, 3-nji bölüm: “Zat eýesiniň emläginiň alynmagyna gös-göni gönükdirilen döwlet edarasynyň karary, şol sanda zat eýesine degişli bolan jaý, gaýry gurluşlar, desgalar ýa-da agaçlar ýerleşýän ýer bölekleriniň alynmagy hakynda karary bilen baglanyşykly eýeçilik hukugynyň bes edilmegine, diňe Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we halatlarda, zat eýesine deň derejeli emlägiň berilmegi ýa-da eýeçilik hukugynyň bes edilmegi bilen baglanyşykly oňa ýetirilen ýitgileriň doly möçberde öweziniň dolunmagy bilen ýol berilýär”.

Türkmenistanyň “Ýaşaýyş Jaý Kodeksi” (2013-nji ýyl), 27-nji madda, 1-nji bölüm: “Döwlet we jemgyýetçilik hajatlary üçin ýer böleginiň yzyna alynmagy (mundan beýläk – ýer böleginiň yzyna alynmagy) bilen bagly ýykylan hususy ýaşaýyş jaýynyň ýerine eýesine, onuň bile ýaşaýan maşgala agzalaryna, şeýle hem ýaşaýyş jaýynyň ýykylmagyna çenli bu ýaşaýyş jaýynda hemişelik ýaşaýan beýleki adamlara olaryň razylygy bilen we ýykylan ýaşaýyş jaýynyň eýesiniň saýlamagy boýunça oňa başga deň derejeli abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýy (durmuş we beýleki hajatlary kanagatlandyrmak üçin kömekçi peýdalanylýan jaýlary hasaba almazdan) hususy eýeçilik hukugy esasynda berilýär ýa-da ýykylan ýaşaýyş jaýynyň, onuň kömekçi hojalyk binalarynyň, beýleki desgalaryň we ekinleriň bahasynyň möçberinde öwez puly tölenilýär”

Ykdysady erkinlik, korrupsiýanyň derejesi

Heritage Foundation guramasynyň “Ykdysady erkinlik” indeksine görä, Türkmenistan bütin dünýäde ykdysady erkinlik boýunça 178 ýurduň arasynda 167-nji orny eýeleýär. Olaryň Türkmenistan boýunça taýýarlan hasabatyna görä, hökümet ýurtda ýeketäk ýer eýesi hökmünde çykyş edýär we hususy emläkleriň goragçylygy örän çäklendirilen.

Şeýle hem, Transparency International guramasynyň hasabatyna görä (2021 ýyl), korrupsiýa Türkmenistanda örän giň derejede ornaşan we bu indeksde 180 ýurduň arasynda Türkmenistan 169-nji orny eýeleýär. Ýagny, dünýäde korrupsiýanyň ýokary derejesi boýunça Türkmenistan ilkinji 11 sany ýurduň hataryna girýär.

Hökümet ilatyň agyryly meselesine nädip çemeleşmeli?

Syýasy erk: Bu çylşyrymly problemany kabul edip çözmek arkaly raýatlaryň häkimiýetlere we býurokratlara bolan ynamy we goldawy artar. Raýatlary eşidip bilýän hökümet adamkärçiligiň, ynsanperwerligiň alamatydyr.

Hökümetiň ilatyň islegne garşy hususy ýaşaýyş jaýlaryny ýykmagy ýurtda ykdysady erkinligiň, kanun hökmürowanlygynyň we adamkärçilikli dolandyryşyň diňe kagyz ýüzündedigini görkezýär. Şeýle ýagdaý Türkmenistanyň abraýyny pese düşürýär we ösüş üçin örän wajyp bolan daşary ýurt maýa goýumlaryndan mahrum edýär.

Garaşsyz komissiýa: Türkmenistanyň raýatlarynyň arz-şikaýtlaryny diňlejek garaşsyz komissiýa döredilmeli. Bu komissiýanyň işine hökmany ýagdaýada raýat jemgyýeti, adaty raýatlar gatnaşdyrylmaly. Onuň iş tertibi, kadalary anyk kesgitlenilip ilata düşündirilmeli. Kompensasiýa töleglerine täzeden garamaly. Garaşsyz komissiýanyň işi aç-açanlyk we aýdyňlyk esaslarynda alynyp barylmaly we olaryň işi barada metbugatda ilata yzygiderli habar bermeli. Garaşsyz kommisiýanyň işine degişli ýörite gyzgyn liniýa, web sahypa we web forumlar hödürlenmeli.

Garaşsyz, adalatly kazyýetiň işi, derňewi döwlet tarapyndan kanuna görä üpjün edilmeli.

Goňşy döwletler

Hususy ýaşaýyş jaýlarynyň ýykylmagy goňşy döwletlerde hem ýüze çykýar. Özbegistan 2017-nji ýyldan bäri “Tashkent city” ady bilen paýtagt Taşkentde köne hususy jaýlary ýaşaýjylaryň rugsadyny alman ýykyp, onun ýerine biznes merkezini, söwda merkezlerini we täze ýaşaýyş jaýlaryny gurdy. Bu problemany çözmek üçin hökümet 2019-njy ýylda täze kanuna “Döwlet we jemgyýetçilik zerurlyklary üçin ýerleriň alynmagy bilen baglanyşykly raýatlara we edara görnüşli taraplara ýitgileriň öwezini dolmagyň tertibi boýunça” gol çekdiler. Bu kanuna görä, ýykyljak öý toplumynyň ýaşaýjylarynyň 75% öýleriň ýykylmagyna razylygyny berse, öýler ýykylýar we ýerine maddy kompensasiýa berilýär. Emma hakykatda kompensasiýalaryň ýeterlik däldigi bellenip geçilýär.

Spelling error report

The following text will be sent to our editors: