Progres.Online

Daşary ýurtlardaky oppozisiýa toparlaryndan Prezidentlige dalaşgär bolanlaryň saýlaw maksatnamalary

Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek irki Prezident saýlawlaryna diňe ýurduň içinden däl, eýsem ýurduň daşynda ýaşaýan oppozisiýa toparlaryndan hem Prezidentlige dalaşgär bolan şahsyýetler bar. Emma bular Türkmenistanyň Merkezi Saýlaw topary tarapyndan bellige alynmady we saýlawlara resmi şekilde dalaşgär bolup bilmeýärler. Muňa garamazdan, saýlaw prosesina doly düşünmek we öwrenmek üçin Progres.online iş topary oppozisiýa toparlaryndan özlerini Prezidentlige dalaşgär edip bellän şahsyýetleriň saýlaw maksatnamalarynyň gysgaça mazmunyny size ýetirmegi makul bildi. Maglumatlar dälaşgärleriň Youtube sahypasynda paýlaşan wideolaryndaky maglumatlara, çykyşlaryna esaslanýar.

Progres.online analitiki onlaýn žurnaldyr. Progres ýokary hilli ylmy barlaglaryň we derňewleriň üsti bilen, Türkmenistandaky jemgyýetçilik tendensiýalaryna has içgin we aýdyň düşünmegi öňe sürýär.

GELDI KÄRIZOW, Çehiýa

Saýlaw maksatnamasy: (Youtube 1), (Turkmen Yurt TV), (Youtube 3)

Daşarky we içerki syýasat

  • Erkin mediany döretmek we daşary ýurtdaky media guramalaryň hemmesini ýurduň içine çagyrmak we olara ofis hödürlemek
  • Daşary ýurtdaky ilçihanalar arkaly pasportlaryň möhletini uzaldarys we täze pasportlary bereris
  • Prezidentlige saýlanmak üçin ýurduň içinde 15 ýyl hemişelik ýaşamagy talap edýän maddany aýyrarys
  • Halka kömek etmek üçin Parlamentiň üsti bilen bu kararlary etmek gerek däl. Bularyň hemmesini Prezidentiň bir karary bilen çözeris
  • Welaýat häkimleriniň wezipesini ýatyrarys. Şolar sebäpli tire-taýpa problemalary ýüze çykýar
  • Korrupsiýa garşy berk çäreler görüler
  • Din erkinligine mümkinçilik dörederis
  • Internet erkin bolar
  • Adam haklary bozulmalaryny monitoring edýän hukuk goraýjy edaralary dörederis we daşary ýurtdakylary çagyryp, goldaw bereris

Ykdysadyýet

  • Ýurdy daşary ýurt maýadarlara, telekeçilere we turistlere açarys
  • Biz açmakdaky býurokratiýany azaldarys we telekeçilere maksimum derejede erkinlik bereris we kömek ederis
  • Hususy emläk hökümetiň goragy astynda bolar
  • Ulag transportyny we demir ýollaryny gowlarys
  • Eýran bilen gürleşip, Etrek derýasynyň suwuny ýene Türkmenistana geler ýaly ederis

Sosial maksatnamalar

  • Her bir raýata 20 müň ABŞ dollaryny döwlet tarapyndan bir gezeklik bereris
  • Içerki we daşary ýurtda okaýan Türkmenistanly studentlere stipendiýa bereris we bu olaryň gündelik hemme çykdajylarynyň üstüni ýapmaly
  • Demografik problemany çözmek üçin enelik kapitalyny dörederis
  • Inwalidlara kömek ederis
  • Daşary ýurt Uniwersitetlerine we Professorlaryna gapylarymyzy açarys we bilim reformasyny geçireris

Saglyk we ekologiýa

  • COVID-19 bardygyny we 500,000 raýatyň ýogalandygyny boýun almak
  • Ekologiýany arassa saklarys, suwuň we howanyň hilini gowlarys, ýadro galyndylary baradaky şertnamalary ýatyrarys ýa-da täzeden serederis, zibil galyndyrlaryny oňararys

Başgalar

  • Iň ýakyn wagtda halkara uçarlary dikelderis we daşary ýurtda galan raýatlaryň hemmesini hökümetiň habasyna mugduna ýurda yzyna getireris
  • Türmedäki tussaglylaryň 90%-ni azatlyga çykararys
  • Syýasy, dini we beýleki sebäpler bilen türmä düşenleriň hemmesi boşadylarys. Diňe agyr kriminal sebäpli türmä düşenler içinde saklanmaly we olaryň hem dokumentlerine garaşsyz bir komitet täzeden gözden geçirmeli
  • Owadepdepe türmesini düýbünden ýykarys
  • Daşary ýurtda ýogalan raýatlaryň mazarlaryny döwletiň hasabyna mugduna ýurda yzyna getireris
  • Zorluk, milletçilik, separatizm, pornografiýa, narkomaniýa, çilimkeşlik we serhoşlyk barada propagandalara garşy göreşeris

*******************

MYRAT GURBANOW, Fransiýa (DWT hereketi)

Saýlaw maksatnamasy: (Youtube), (Youtube 2)

Daşarky we içerki syýasat

  • Parlament sistemasyna geçeris we Prezidentiň güýji çäklendiriler
  • Hemme kararlar Parlament üsti bilen çözüler
  • Konstitusiýany üýtgederis we täze Parlament saýlawlary geçiriler, sebäbi şu wagtky işgärler işlerine ukypsyz
  • Prezidentlik möhletini 2 gezeklik ederis
  • Söz we metbuget azatlygyny dörederis
  • Täze partiýalar erkin şekilde dörediler
  • Hususy media we telewizor kanallary dörediler
  • Karar beriş mehanizminde açyklyk öňe sürüler
  • Korrupsiýany ýok ederis

Ykdysadyýet

  • Täze iş orunlaryny dörederis
  • Telekeçilere biznes açmaga şertler dörediler
  • Ykdysadyýete degişli statistikalaryň hemmesini öwreneris we paýlaşarys
  • Daşary ýurt walýutasyndaky gara bazary ýatyrarys we erkin alyş çalşygyny dörederis
  • 1 ABŞ dollaryny 25 manatdan resmi şekilde belläris we ýuwaşlyk bilen ony düşüreris
  • Dürli pudaklardaky ýolbaşçylara özbaşdak karar almaga erkinlik bereris
  • Kredit we maliýe sistemasyny gowlarys
  • Adamlaryň ynamyny gazanyp, maýa goýum çekeris
  • Dollar kursuna we inflýasiýa görä ilatyň aýlyklaryny galdyrarys
  • Hökümet biržasyny ýaparys
  • Eksportlaryň mukdarynyň statistikasyny hasaplap, paýlaşarys
  • Islendik telekeçä eksport etmage goldaw bereris
  • Hemme ilcihanalarda ataşe dörederis we olaryň kömegi bilen eksportlary ýokarlandyrarys
  • Döwlet tenderlerini açyk şekilde geçireris
  • Bank sistemasyny açarys we telefon arkaly islendik kişä pul geçirmäge mümkinçilik dörederis
  • Daşary ýurtdaky studentlere konwertasiýany erkin şekilde açarys

Oba-hojalyk we infrastruktura

  • Oba hojalygy ösdüreris
  • Daýhanlara erkinlik bereris we harytlaryna hökümetiň berýän pulunyň möçberini artdyrarys. Daýhanlar bilen kontraktlar garantiýa şeklinde alynar

Sosial maksatnamalar

  • Pensiýa reformasyny ederis we işlemedikler hem minimum pensiýa alar. Minimum pensiýanyň mukdaryny 150$ ederis we soňra onuň mukdaryny 400$ çenli galdyrarys
  • Iň az aýlygyň we pensiýalaryň mukdaryny dollaryň kursuna we inflýasiýa görä artdyrarys
  • Çagaly masgalalarda, çagalara 3.5 yaşyna ýetýänçä döwlet kömek pullaryny bereris we soňra 4 ýylyň içinde kömek pullaryny 12 ýaşa çenli galdyrarys
  • Studentlere beriljek stipendiýalar olaryň ýaşaýyş jaýyna we iýjek içjegine ýetjek derejede bereris we olar ene-atasyna garaşly bolmazlar

Saglyk we ekologiýa

  • Saglyk sistemasy mugt bolar we saglyk ätiýaçlandyryş sistemasyny girizeris
  • Bilim sistemasyny ösdürmek arkaly güýçli lukmanlary ýetişdireris

Başgalar

  • Ukrainadaky studentleri ewakuasiýa ederis
  • Döredijilik bilen meşgullanýanlara mümkinçilik dörederis
  • Halkyň medeniýetini ösdüreris

*******************

NURMUHAMMET ANNAÝEW (OGUZ BOÝU), Polşa

Saýlaw maksatnamasy: (Youtube 1), (Youtube 2), (Youtube 3)

Daşarky we içerki syýasat

  • Söz we metbuget azatlygyny dörederis
  • Halk we häkimiýet arasyny ýakynlaşdyrys
  • 2 ýylyň içinde täze saýlawlar geçiriler, sebäbi men Prezident bolmak niýetim ýok
  • Parlament sistemasyna geçeris we Prezidentiň güýjüni çäklendireris
  • Adalat sistemasyny ýerine goýarys
  • Türkmenistan pasportynyň güýjini artdyrarys we dürli ýurtlar bilen wizasyz režimi getireris
  • Korrupsiýanyň ýoguna ýanarys
  • Goňşy ýurtlar bilen gümrük birligini emele getireris we öz aramyzda wizany aýyrarys

Ykdysadyýet

  • Erkin bazar we söwda gatnaşyklaryny dörederis
  • Walýutany gowlarys we erkin alyş çalşygyny dörederis
  • Sistema bolan ynamy döretmek arkaly daşary ýurt maýadarlaryny ýurda çekeris
  • Iş orunlary dörederis
  • Önümçiligi gowlajak işler ediler we telekeçileri goldarys
  • Eksport etmäge mümkinçilik dörederis
  • Býurokratiýany azaldarys we telekeçileriň edarasyna polisiýany, salgyt gullugyny ugradyp azar bermeris
  • Telekeçilere erkin konwertasiýa etmek mümkinçiligini dörederis
  • Eksportlaryň mukdaryny artdyrarys

Oba-hojalyk we infrastruktura

  • Kärende ýerlerinden doly hökümetiň elini çekeris we daýhanlaryň ekjek zadyna garyşmarys. Daýhanlar näme ekmelidigini hökümet işgärlerinden gowy bilýärler
  • Hasyllaryň bahasyny hökümet tarapyndan kontrol etmeris
  • Banklar üsti bilen daýhanlara kredit bereris we döwletiň tehnikasyny daýhanlara satarys
  • Kärendeçileriň suw problemasyny döwlet çözüp bermeli. Kanallary gazmaly, şorlama garşy işleri etmeli, gübrelere garşy işleri etmeli. Azotlary we dökünleri üpjünçilik etmeli
  • Kanalizasiýa, suw, gaz çekmeli we elektrik toguny çekmeli. Sähel şemal bolsa tok we gaz öçmeli däl

Sosial maksatnamalar

  • Işsizlik posobiýalaryny bereris
  • Korrupsiýany azaltmak üçin döwlet işgärleriniň aýlyklaryny ýokarlandyrarys

Saglyk we ekologiýa

  • Saglyk ätiýaçlandyrma sistemasyny oturtmaly
  • Çaga ölümleriniň öňüni almaly we kiçi ýaşdan dürli wiruslara garşy sanjymlary etmeli
  • Ekologiýany arassa saklarys

Başgalar

  • Beýin göçüniň öňüni almak we daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlarymyzy yzyna getirmek üçin şertler we ynam döretmek
  • Daşary ýurt ilçihanalarynda pasportlaryň möhletini uzaldarys we täze pasportlar bereris
  • Halkara uçar gatnawlaryny dikelderis
  • Türmeleri düzedişhana rolyny almaly we ar almak üçin ullanylmaly däl
  • Syýasy we dini pikirleri sebäpli basylan adamlary türmeden boşadarys

*******************

AHMET RAHMANOW, Türkiýe

Saýlaw maksatnamasy: (Youtube 1), (Youtube 2), (Youtube 3), (Youtube 4)

Daşarky we içerki syýasat

  • Parlement sistemasyna geçeris
  • Söz we metbugat erkinligini dörederis
  • Ynsan haklaryny bozmak jenaýat işine öwrüler
  • Zenanlaryň haklaryny yzyna getireris, şol sanda awtoulag sürmek üçin
  • Mejbury zähmeti we çaga zähmetini gadagan ederis. Onuň içine pagta ýygymy we çäreler hem girýär
  • Adalat sistemasyna reformalar getireris
  • Korrupsiýa garşy çäreler görüler

Ykdysadyýet

  • Walýutanyň erkin alyş çalşygyny dikelderis
  • Telekeçilik üçin mümkinçilikler dörederis
  • Döwlet pudagyndaky aýlyklary galdyrarys
  • Hususy pudagyndaky iň az zähmet haky rahat şekilde ýaşamaga ýeterli derejede bolmasyny kepillendireris

Sosial maksatnamalar

  • Bilim reformasyny geçireris
  • Studentlere maliýe kömegini dörederis (ýurduň içinde we daşary ýurtda okaýanlara)
  • Türme sistemasyna reformalara getiriler we bulara degişli psihologiki we sosial programmalar dörediler
  • Çagalar ulalýança olara döwlet kömek pullary beriler
  • Pensiýalar artdyrylar we maýyplara berilýän döwlet kömek pullarynyň möçberi galdyrylar

Başgalar

  • Erkin we çäklendirmesiz internet
  • Möhleti dolan pasportlary daşary ýurtdaky ilçihanalarda çalşyp bereris, şol sanda köne pasportlary hem çalşyp bereris
  • Pasportlaryň möhletini 10 ýyla çenli uzadarys
  • Halkara uçar gatnawlaryny dikelderis
  • Içerki migrasiýany erkinleşdireris

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: