Progres.Online

BIZ IŞE ALÝARYS

Bizanalitiki pikirlenip, meseläniň dürli taraplaryny seljerip, ygtybarly çeşmeleri ulanyp, pikirini makala görnüşinde beýan edip bilýän, öwrenmegi isleýän hünärmenleri, talyplary hyzmatdaşlyga çagyrýarys.

Esasy talaplar: Türkmenistanyň geçmişi, şu güni, geljegi bilen analitiki şekilde gyzyklanmak, türkmen, rus we iňlis dillerinde maglumatlary tapyp, düşünip, ulanyp bilmek, janly we döwrebap türkmen dilinde pikiriňi beýan edip bilmek ukyplary.

Progres.online – bu türkmen jemgyýetiniň geçmişi, häzirki zamany we geljegi barada analiktiki ýazyjylygy, analitiki pikirlenmek medeniýetini öňe sürýän, goldaýan we ösmegine mümkinçilik döredýän onlaýn žurnal. Progres gazanç üçin döredilen başlangyç däldir.

Kän türkmenistanly ýaşlar daşary ýurtlarda bilim alýarlar, ýöne olaryň aglaba bölegi öz ýurdy we jemgyýeti bilen az gyzyklanýarlar we jemgyýetiniň özgermegine goşant goşanoklar. Bu bir gynandyryjy ýagdaýdyr. Eger sen şeýle täze medeniýeti ösdürmegi isleýän bolsaň, onda biz bilen habarlaş. Biz Türkmenistanyň ykdysadyýeti, türkmen medeniýeti we taryhy, sungaty, jemgyýetçilik meseleleri, sebitimiz bilen gyzyklanýan synçy adamlary tölegli hyzmatdaşlyga çagyrýarys. Anlizler, synlar, kommentariýalar anonim şertde atsyz ýa-da edebi lakam bilen çap ediler.Biz gizlinlik kepilligini wada berýäris.

Gyzyklandyňmy? Bize 500 sözden uzyn bolmadyk we şu aşakdaky soraglara jogap berýän türkmen, rus ýa-da iňlis dillerinde pikirleriňi ýazyp ugrat.

  1. Sen anyk haýsy durmuşy mesele barada ýazmakçy bolýarsyň?
  2. Näme üçin bu mowzuk we mesele türkmenistanlylar üçin wajyp?
  3. Ygtybarly çeşmeler (barlag işleri, statistika) bu mesele barada näme diýýärler?
  4. Ýagdaýlary uýtgetmek üçin (meseläň boýunça) kim näme etmeli? Nähili işler geçirilmeli?

Çap edilýän makalalaryň mysallaryny saýtymyzda okap bolýar. Pikirleriňi turkmen.progres@gmail.сom salgysyna ugratgyn.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: