Progres.Online

Baýmy ýa-da garyp? BMG-niň täze usuly boýunça garyplygyň ölçegleri

Oksford uniwersitetiniň garyplyk meseleleri we ynsan mümkinçilikleriniň ösüşi barada başlangyçlar (OUGMYMÖB) edarasy we Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Ösüş maksatnamasynyň täze hasabatyna laýyklykda adaty garyplyk barada düşünje we görkeziji könelişdi.  

Hasabata görä garyplygyň derejesini ölçeýän  we giňden ulanylýan günüňe 1,9 amerikan dollary möçberindäki garyplygyň çäginiň görkezijisiniň bu meseläni giňişleýin aýdyňlaşdyryp bilmeýär. Çünki garyplyk diňe bir maddy gymmatlyk bilen çäklenmäni, durmuş maksatly beýleki esaslara hem bagly bolup durýar. Mundan başga-da, täze usul boýunça  ýurtlary, hatda öý hojalyklaryny garyplara ýa-da baýlara bölmek bu ýagdaýy juda sadalaşdyrýar. 2019-njy ýylyň global köpölçegli garyplygyň indeksiniň (KGI) netijeleri ýurduň içinde bolşy ýaly garyp adamlaryň arasyndaky deňsizligi gökrezýär. Bu täze indeksde girdejiniň möçberi garyplygyň ýeketäk görkezijisi hökmünde alynmany, eýsem garyplyk üç ölçegde öwrenilýär: saglygy goraýyşa (iýmit, çaga ölümi), bilime (okuwyň dowamlylgy we mekdebe gatnaýanlaryň sany) we esasy durmuş zerurlyklara (ýangyja, elektrik toguna, sanitariýa, suwa, emläklere we ş.m.) elýeterlilik.

KGI-niň usuly ilat sany 5,7 milliard bolan 101 sany ýurtda bilim, saglygy goraýyş çygrynda we ýaşaýyş derejesine 10 sany görkeziji boýunça köp sanly faktorlary öz içine alýar. Bu gerimli barlag 2007-2018-nji ýyllar aralygynda geçirilen soragnamalara esaslanýar. Barlag sebitler, ýurtlar we ýaş toparlary boýunça garyplykda we jemgyýetde bolup geçýän üýtgeşmeleri yzarlmaga mümkinçilik berýär.

Orta giderjili garyp ýurtlar

Garyplyk diňe bir pes derejeli girdejisi bolan ýurtlarda däl-de, girdejisi orta derejeli ýurtlarda hem agdyklyk edýär, ýagny garyp adamlaryň üçden iki böleginden gowuragy, has takygy 886 million adam, orta girdejili ýurtlarda we 440 million adam girdejisi pes derejeli ýurtlarda ýaşaýarlar.  Milli görkezijiler ýurtdaky ýa-da hatda maşgalanyň içindäki garyplygyň düzmündäki ägirt uly deňsizligi ýaşyryp bilýär.

Merkezi Aziýa görkezijileri

Bu barlagyň çäginde Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitine 12 ýurt goşulan. Ösüp barýan ýurtlarda KGI-niň görkezijisi 0,114-e deň. Barlagda getirilen ähli sebitleriň arasydan Ýewropada we Merkezi Aziýada indeksiň görkezijisi has kiçi (0,004). Sebitde has ýokary görkeziji Täjigistanda (0,029) we has pesi birnäçe ýurtlarda, şol sanda Türkmenistanda (0,001). Armeniýada, Serbiýada, Türkmenistanda we Ukrainada birmeňzeş görkezijili (0,001) bolsalar-da, köpölçegli garyplygyň depginliliginiň dürli derejesine eýe bolýarlar: Armeniýa – 36,2%, Serbiýa – 36,2%, Türkmenistan – 36,1% we Ukraina – 34,5%.

Beýleki sebiterdäki ýurtlar bilen deňeşdirilende Merkezi Aziýa ýurtlary üçin KGI-niň görkezijisi ýokary däl. Muňa garamazdan, barlaglar aziýa ýurtlarynda köpölçegli garyplyk bütinleý artyp biljekdigini görkezýär.

Merkezi Aziýa ýurtlary üçin saglygy goraýyşa we esasy zerurlyklara elýeterlilik häzirki wagt hem mesele bolup durýar. Emma, bu sebit bilim ulgamynda, esasan-da mekdep bilminiň elýeterliliginde düýpli ösüşlere ýetdiler diýip hasabtada bellenilýär.

Çaga garyplygy dogrusynda aýdylanda bolsa, köp ugurlar boýunça garyplykda ýaşaýan 1,3 milliard adamdan 663 milliony – 18 we 10 ýaşa çenli çagalar. Çaga garyplygy (33,8%) uly ýaşly ilatyňkydan (17,5%) has ýokary bolup durýar. Köpölçegli garyplykda ýaşaýan ähli çagalaryň 85%-i dünýäniň iki sany has garyp sebitleri bolan Saharanyň günortasyndaky afrika sebiti we Günorta Aziýa. KGI-niň üç sany esasy görkezijileri dünýäniň bu iki iň garyp sebitlerinde çagalaryň arasyndaky agyr ýagdaýy görkezýär.

Umuman aýdylanda, mynasyp ýaşaýyş derejesi adamyň ýokary hilli bilime, saglygy goraýyşa we esasy durmuşy  zerurlyklara elýeterliligini talap edýär. Bu ugurlaryna üns bermek bilen, garyplygyň netijeleri bilen däl-de, eýsem gös-göni sebäpleri bilen göreşip bolar diýip barlagyň awtorlary jemleýärler.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: