Progres.Online

Andreý Saharowdan intellektual azatlyk barada

Adam jemgyýetine intellektual azatlyk zerurdyr – maglumat almak we ýaýratmak azatlygy, bitarap we gorkusyz pikir alyşmak azatlygy, emeldarlaryň basyşyndan we ýalan düşünjelerden azatlyk. Bu üç gatlakly pikir azatlygy halkyň toslamalar bilen zäherlenmegine garşy ýeketäk kepildir. Toslamalar mekir, ikiýüzli nadaralaryň eline galsa, aňsatlyk bilen ganly diktatura öwrülýär. Pikir azatlygy syýasata, ykdysadyýete we medeniýete ylmy-demokratik usulda çemeleşmegiň ýeketäk kepilidir.

Bu gün döwlet sistemasyny adamzat bähbidini nazarda tutup täzeden gurmagyň açary intellektual azatlykdadyr. Biziň ýurdumyzda senzura (metbugata gözegçilik) şeýle bir ýagdaýda welin, onuň haýsydyr bir “liberal” instruksiýalaryň kömegi bilen hemişelik düzeldilip bilinjegi näbelli. Onuň üçin örän çynlakaý guramaçylyk we kanuny çäreler zerur. Meselem, neşirler we maglumatlar boýunça ýörite kanunlary kabul etmek we ol kanunlarda nämä rugsat berilýändigini we berilmeýändigini anyk we deliller esasynda kesgitläp, munuň jogapkärçiligini başarjaň we köpçülikleýin dolandyrylýan adamlara bermek. Maglumat alyş-çalyşygyny (neşirýat, syýahatçylyk, we ş.m.) halkara derejede güýçlendirmek örän möhümdir. Özümizi tanamak, şol sanda, diňe döwletiň dolandyrýan programmalary (munda “ýakymsyz” mowzuklardan we soraglardan daş durjak bolmagymyz ahmal) üçin däl-de, sosiologik, umumy syýasy, ykdysady barlaglar we derňewler üçin hem pulumyzy gysganmazlyk möhümdir.

Andreý Dmitrewiç Saharow “Progres, parahatçylykda ýaşaşmak we intellektual azatlyk baradaky pikirler” 22-nji iýul, 1968 ý.

Andreý Saharow (1921-1989, Moskwa, Russiýa), Sowet ýaderçi fizigi, adam hukuklarynyň, raýatlaryň azatlygynyň, Sowet Soýuzynda reformanyň we kommunist däl döwletler bilen dostlaşykly gatnaşyklaryň aç-açan goldawçysy. Ol 1975-nji ýylda Nobel Parahatçylyk baýragy bilen sylaglanýar.

1968-nji ýylyň maýynda Saharow özüniň “Progres, parahatçylykda ýaşaşmak we intellektual azatlyk baradaky pikirler” atly düzmesini tamamlaýar. Bu düzmäniň nusgalary ilki gizlinlikde ýaýradylýar (samizdat), soňra iýuldan başlap günbatarda The New York Times gazetinde we dünýäniň beýleki ýerlerinde çap edilip başlanýar. Saharow adamzada abanýan howp-hatarlar barada duýdurýar, ýadro ýaraglarynyň azaldylmagyna çagyrýar, kommunist we kapitalist sistemalaryň ahyrsoňy demokratik sosializm hökmünde birleşmeklerini öňe sürýär we çaklaýar hem-de Sowet dissidentleriniň jezalandyrylmagyny tankytlaýar. Şu pursatdan başlap tä dünýeden ötýänçä, ol syýasy taýdan adam hukuklaryna degişli we beýleki hereketlere işjeň gatnaşýar.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: