Progres.Online

Andreý Saharowdan intellektual azatlyk barada

Adam jemgyýetine intellektual azatlyk zerurdyr – maglumat almak we ýaýratmak azatlygy, bitarap we gorkusyz pikir alyşmak azatlygy, emeldarlaryň basyşyndan we ýalan düşünjelerden azatlyk. Bu üç gatlakly pikir azatlygy halkyň toslamalar bilen zƤherlenmegine garşy ýeketƤk kepildir. Toslamalar mekir, ikiýüzli nadaralaryň eline galsa, aňsatlyk bilen ganly diktatura ƶwrülýär. Pikir azatlygy syýasata, ykdysadyýete we medeniýete ylmy-demokratik usulda Ƨemeleşmegiň ýeketƤk kepilidir.

Bu gün dƶwlet sistemasyny adamzat bƤhbidini nazarda tutup tƤzeden gurmagyň aƧary intellektual azatlykdadyr. Biziň ýurdumyzda senzura (metbugata gƶzegƧilik) şeýle bir ýagdaýda welin, onuň haýsydyr bir ā€œliberalā€ instruksiýalaryň kƶmegi bilen hemişelik düzeldilip bilinjegi nƤbelli. Onuň üçin ƶrƤn Ƨynlakaý guramaƧylyk we kanuny ƧƤreler zerur. Meselem, neşirler we maglumatlar boýunƧa ýörite kanunlary kabul etmek we ol kanunlarda nƤmƤ rugsat berilýändigini we berilmeýändigini anyk we deliller esasynda kesgitlƤp, munuň jogapkƤrƧiligini başarjaň we kƶpçülikleýin dolandyrylýan adamlara bermek. Maglumat alyş-Ƨalyşygyny (neşirýat, syýahatƧylyk, we ş.m.) halkara derejede güýçlendirmek ƶrƤn mƶhümdir. Ɩzümizi tanamak, şol sanda, diňe dƶwletiň dolandyrýan programmalary (munda ā€œĆ½akymsyzā€ mowzuklardan we soraglardan daş durjak bolmagymyz ahmal) üçin dƤl-de, sosiologik, umumy syýasy, ykdysady barlaglar we derňewler üçin hem pulumyzy gysganmazlyk mƶhümdir.

Andreý DmitrewiƧ Saharow ā€œProgres, parahatƧylykda ýaşaşmak we intellektual azatlyk baradaky pikirlerā€ 22-nji iýul, 1968 ý.

Andreý Saharow (1921-1989, Moskwa, Russiýa), Sowet ýaderçi fizigi, adam hukuklarynyň, raýatlaryň azatlygynyň, Sowet Soýuzynda reformanyň we kommunist däl döwletler bilen dostlaşykly gatnaşyklaryň aç-açan goldawçysy. Ol 1975-nji ýylda Nobel Parahatçylyk baýragy bilen sylaglanýar.

1968-nji ýylyň maýynda Saharow ƶzüniň ā€œProgres, parahatƧylykda ýaşaşmak we intellektual azatlyk baradaky pikirlerā€ atly düzmesini tamamlaýar. Bu düzmƤniň nusgalary ilki gizlinlikde ýaýradylýar (samizdat), soňra iýuldan başlap günbatarda The New York Times gazetinde we dünýäniň beýleki ýerlerinde Ƨap edilip başlanýar. Saharow adamzada abanýan howp-hatarlar barada duýdurýar, ýadro ýaraglarynyň azaldylmagyna Ƨagyrýar, kommunist we kapitalist sistemalaryň ahyrsoňy demokratik sosializm hƶkmünde birleşmeklerini öňe sürýär we Ƨaklaýar hem-de Sowet dissidentleriniň jezalandyrylmagyny tankytlaýar. Şu pursatdan başlap tƤ dünýeden ƶtýänƧƤ, ol syýasy taýdan adam hukuklaryna degişli we beýleki hereketlere işjeň gatnaşýar.