Soňky onýyllyklarda dekolonizasiýa düşünjesi dünýä taryhyna täzeden garamagyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu düşünje diňe bir öň koloniýa bolan ýurtlaryň garaşsyzlyk gazanmagyny däl, eýsem kolonial dolandyryşyň halklaryň ykbalyna, taryhyna we ýadyna ýetiren täsirini öwrenmegi hem aňladýar. Türkmen topraklarynyň Russiýa imperiýasy tarapyndan basylyp alynmagy hem şeýle kolonial geçmişiň bir bölegidir.
Türkmen topraklaryny eýelemek bilen bir hatarda, XIX asyryň ahyrynda rus kolonial syýasaty müňlerçe adamyň ykbalyny düýpgöter üýtgetdi. Munuň iň täsin mysallarynyň biri Muhammet-han (Mämmet) Tekinskiýniň ömrüdir. Onuň ömür ýoly rus kolonializminiň Türkmenistanda we soňra Kawkazda galdyran yzlaryny aýdyň görkezýär.
Muhammet-han Tekinskiý 1881-nji ýylda general Mihail Skobelewiň baştutanlygyndaky rus goşunynyň Gökdepe galasyny basyp almagy netijesinde ýetim galan müňlerçe türkmen çagasynyň biri bolupdy. Gökdepäniň synmagy ýerli halk üçin diňe bir harby ýeňliş bolman, eýsem türkmen jemgyýetiniň durmuşyny, maşgalalaryny we taryhy ösüş ýoluny düýpli özgertmäge gönükdirilen kolonial syýasatyň nyşanydy. Tekinskiý şol zorlugyň pidasy hökmünde bäbekliginden ene-atasyndan mahrum bolup, dogduk mekanyndan aýra düşüpdi.
Bu makala Muhammet-han Tekinskiýniň ömür ýoluny yzarlamak arkaly rus kolonial syýasatynyň bir adamyň ykbalynda we tutuş bir halkyň taryhynda galdyran yzlaryny açyp görkezmäge synanyşýar.
Muhammet-han (Mämmet) Tekinskiýniň durmuş ýoly ok-däri tüteşmesiniň we taryhy pajygalylygyň içinde başlanýar. Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet Arhiwinindäki çeşmelere görä, ol 1879-njy (käbir çeşmelerde 1880-nji) ýylda Zakaspi oblastynda, Ahal-Teke oazisinde, Russiýa imperiýasynyň türkmen taýpalaryny boýun egdirmek ugrundaky harby hereketleri döwründe dünýä inýär.
1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Rus patyşalygynyň generaly Mihail Skobelewiň goşunlary tarapyndan Gökdepe galasy eýelenende, kiçijik oglanjygyň bütin maşgalasy wepat bolýar. Ol ýekelikde, saman petdesiniň ýanynda aglap ýatyrka, rus goşunynyň düzüminde gulluk edýän polkownik Ehsan han Nahçywanskiý (asly azerbaýjan kengerli taýpasynyň wekili, meşhur general Kelbali han Nahçywanskiniň ogly) tarapyndan tapylýar we halas edilýär. Ofiser ýetim galan türkmen-teke oglanjygyny ogullyk edip alýar we ony täze watanyna, Nahçywana alyp gidýär. Şeýlelikde, bu oglanjyk rus kolonial ekspansiýasynyň pidasy bolan müňlerçe türkmen çagasynyň birine öwrülýär.
Oglanjygyň täze hossarlary onuň türkmeniň teke tiresinden gelip çykyşyny ýatdan çykarmazlygy üçin onuň familiýasyny “Tekinskiý” diýip resmileşdirýärler we adyna Muhammet-han (Mämmet) dakýarlar. Bu bolsa onuň täze jemgyýetde ulalsa-da, etniki kökleriniň ýitirilmändigine şaýatlyk edýär. Bu ýagdaý Gökdepe söweşinde ýetim galan başga bir gyzjagazyň, familiýadaşy Tatýana Tekinskaýanyň ykbalyny ýatladýar. Bularyň ikisi hem rus goşunynyň wekilleri tarapyndan ogullyk we gyzlyk edilip äkidilen çagalardyr. Bulara “Tekinskiý” familiýasynyň berilmegine ogullyk-gyzlyk alnan çagalaryň aslynyň ýatda saklanmagy nukdaý nazaryndan baha berlip bolar. Bu ýerde adyň özüne arhiw hökmünde garamak mümkinçiligi döreýär.
Gökdepe galasyndaky söweş. Türkmenistandaky Gökdepe Milli muzeýiniň eksponaty.
Muhammet-han Tekinskiý Nahçewanda aristokratik gurşawda terbiýelenip, ýokary bilim almak mümkinçiligine eýe bolýar.
Ol Tiflisdäki gimnaziýany üstünlikli tamamlap, soňra Odessadaky Imperator Noworossiýsk uniwersitetinde bilim alýar. Uniwersitet ýyllarynda ol diňe bir Russiýa hukugyny däl, eýsem halkara şertnamalaryň we diplomatiýanyň esaslaryny hem çuňňur öwrenýär. Soňra bu bilimler onuň Azerbaýjan Demokratik Respublikasynyň diplomatik gullugynda möhüm orun eýelemegine mümkinçilik döredýär.
Dekolonizasiýa nukdaýnazaryndan Tekinskiýniň terjimehalyndaky bu döwrüň möhüm tarapy imperiýanyň diňe ýer basyp almak bilen çäklenmeýändigidir. Tekinskiýniň çagalygyndaky ýagdaý hem harby basyp alyşlygyň, hem-de onuň döredýän täze sosial tertibiniň nyşanydyr: Rus goşunynyň hüjümi, maşgalanyň ýok bolmagy, soň bolsa türkmen ýetiminiň başga bir aristokratik gurşawda terbiýelenmegi. Gökdepe gyrgynçylygy onuň çagalygyny we ata watanyny elinden alsa-da, ol alan bilimi we tejribesi arkaly Günorta Kawkazdaky ilkinji demokratik döwletleriň biriniň gurluşygyna işjeň goşant goşan döwlet işgärleriniň birine öwrülýär. Tekinskiý diňe bir hukugy öwrenmek bilen çäklenmän, imperiýanyň dilini, düzgünini we administratiw gurluşyny hem özleşdirýär. Bu ýagdaý kolonial döwrüň paradoksyny görkezýär: boýun egdirilen jemgyýetiň wekili güýç ulgamynyň içinde ýokary derejeli hünärmen bolup ýetişýär, şol ulgamyň usullaryny soň öz halkyny goramak üçin ulanyp bilýär. Şonuň üçin onuň aklawçy, soňra döwlet işgärleri hökmünde çykyş etmegi diňe hünär derejesi däl, eýsem syýasy mümkinçilikdir.
Azerbeýjan Demokratik Respublikasynyň Gullugynda: Hukuk Goragçysy we Nahçywanyň “Galkany”.
Azerbaijan Genjedäki milli Şurasynyň jaýy. Jemgyýetçilik eýeçiligi.
Muhammet-han Tekinskiýniň Azerbaýjan Demokratik Respublikasynyň hyzmatyndaky döwri onuň terjimehalynyň iň möhüm bölümleriniň biridir. Azerbaýjanyň garaşsyzlygynyň yglan edilmeginiň öňüsyrasynda, 1918-nji ýylyň mart aýynda Bakuda bolşewik, daşnak we musulman ýaragly toparlarynyň arasyndaky ganly çaknyşyklary we köpçülikleýin zorluklary derňän komissiýasynda işläp, bolşewikler tarapyndan musulman ilatyna garşy edilen zorluklaryň resminamalaşdyrylmagyna gatnaşýar, soňra Ýerewandaky diplomatik missiýa ýolbaşçylyk edýär we Nahçywanyň howpsuzlygy üçin möhüm maglumatlary ýetirýär. Bu ýerde onuň alyp baran işi diňe bir döwlet gullugy däldi. Ol uruş we zorluk şertlerinde ýerli musulman ilatynyň hukuklaryny we howpsuzlygyny goramaga gönükdirilen syýasy göreşdi. Bu ýagdaý dekolonizasiýanyň diňe garaşsyzlyk yglan etmek bilen çäklenmän, halkyň hukuklaryny gorap bilýän döwlet edaralarynyň kemala gelmegi bilen hem baglanyşyklydygyny görkezýär.
Ministriň Orunbasary we Sowet Ýyllary
1919-njy ýylyň oktýabrynda Muhammet-han Tekinskiý Azerbaýjan Demokratik Respublikasynyň (ADR-yň) Daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenilýär. Bu wezipede ol ýaş respublikanyň daşary syýasatyny alyp barmaga, daşary ýurt missiýalary bilen gepleşikleri utgaşdyrmaga we 1920-nji ýylyň aprelinde Gyzyl Goşun tarapyndan ADR-sy syndyrylýança onuň halkara derejedäki özygtyýarlygyny goramaga gatnaşýar. Respublika dargadylandan soň, köp döwlet işgärlerinden tapawutlylykda, Tekinskiý emigrasiýa gitmän, Sowet Azerbaýjanynda hukukçy bolup işlemegini dowam etdirýär. Şeýle-de bolsa, öňki döwlet işgäri hökmünde oňa bolan ynamsyzlyk barha güýçlenýär. 1926-njy ýylda ol sowet häkimiýetleri tarapyndan “nätanyş element” diýlip döwlet hukuk ulgamyndan çetleşdirilýär. 1937-nji ýylyň repressiýalary döwründe bolsa “milletçi”, “panturkist”, “içaly” ýaly standart aýyplamalar bilen NKWD tarapyndan tussag edilýär we 1938-nji ýylda Bakuda atylyp öldürilýär. Bu ýagdaý dekolonizasiýanyň doly tamamlanmandygyny görkezýär: imperiýanyň bir görnüşi dargasa-da, onuň zorlukly dolandyryş usullary başga ideologiýanyň ady bilen, ýagny bolşewikler tarapyndan dowam etdirilýär. Staliniň şahsyýet kultunyň ýazgarylmagyndan soň, 1955-nji ýylyň sentýabrynda Muhammet-han Tekinskiý resmi taýdan doly aklanýar (reabilitasiýa edilýär).
Muhammet-han Tekinskiýniň ykbaly diňe bir “ata-watanyň daşynda ýaşamak” däl-de, “aslyny ýitirmän, başga taryhy giňişlikde ýaşap bilmek” baradaky meseläni galdyrýar. Ol türkmen bolmagyna garamazdan, Azerbaýjanyň döwlet gurluşynda hyzmat edýär. Bu ýagdaý milli çäkleriň häzirki görnüşinden has giň taryhy gatnaşyklaryň bardygyny görkezýär. Şeýlelikde, ol diňe bir türkmenleriň däl, eýsem Merkezi Aziýa bilen Kawkazy baglanyşdyrýan köpri hökmünde hem möhüm orny eýeleýär.
Söz soňy
Muhammet-han Tekinskiýniň durmuş ýoly dekolonizasiýanyň diňe garaşsyzlyk yglan etmek bilen tamamlanmaýandygyny görkezýär. Ol taryhy ýatlamany dikeltmek, kolonial geçmişe täzeden baha bermek we şol döwrüň pidalarynyň ykbalyny öwrenmek bilen dowam edýän prosesdir. Tekinskiýniň ömri hem şol taryhy hakykatyň aýdyň mysallarynyň biridir.
Taryhy ýatlama barada seljerme
Geçmişe syn aýlap, Muhammet-han Tekinskinyň ykbalyna seljerme geçireliň we birnäçe soraglara jogap tapmaga synanyşalyň:
- Muhammet han Tekinskiý özüniň türkmendigini bileninden soňra ata-watanyna gaýtma pikiri däredimikä?
- Şu wagt onuň neberesinden galan adam barmyka?
- Häzirki döwürde Azerbaýjanda Muhammet-han Tekinskinyň ady ebedileşdirildimikä?
Şu makalany okanyňyzdan soňra özüňizde dörän pikir bilen paýlaşsaňyz örän minnetdar bolardyk.
Ulanylan çeşmeler
Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet Arhiwi (Baku): Фонд Министерства иностранных дел АДР (1918-1920 гг.), материалы Дипломатической миссии в Эривани.
Azerbaýjan SSR-iň NKWD Arhiwi: Следственное дело № 384920 в отношении Теклинского (Текинского) Мамед-хана, 1937-1938 гг. (Архив Службы государственной безопасности Азербайджана).
Gululyýew M. Трагические судьбы первых дипломатов: Мамед хан Текинский и его эпоха. // Журнал «Кавказ и глобализация», 2015, Том 9, Выпуск 2.
Isgenderow A. Азербайджанская Демократическая Республика и её дипломатия в Закавказье (1918–1920). Баку, 2011.
Касымов Дж. Жертвы большевистской пули. (на аз. яз.) – Баку: 2011, с.282.
Russiýanyň Döwlet Taryhy Arhiwi (RGIA): Материалы Императорского Новороссийского университета (Одесса), юридический факультет, личное дело М. Теклинского (1904-1908 гг.).
Türkmenistanyň Milli muzeýiniň eksponatlary.
Aşgabatly mugallym







