Progres.Online

Okyjydan: Turkmenportalyň hödür edýän kitaplary

Daşary ýurtda ýaşaýan zähmet migranty hökmünde men hemişe türkmen dilindäki kitaplaryň gözleginde. Türkmençe kitap okanymda ruhum aram tapyp, obama gidip gelen ýaly bolýan.

Arada Turkmenportal saýtynda “Özüňi kämilleşdirmek üçin saýlama kitaplar” atly makalany görüp örän begendim. Gyzyl tapan ýaly, haýdap makalany açyp okamaga başladym. Bu makala şahsy ösüşe degişli dünýäde meşhur kitaplaryň 10 sanysy barada maglumat berýärdi. Menem gyssanyp olaryň türkmen diline terjime edilen nusgalarynyň salgysyny gözleýärdim. Olary özüm hökman alyp okajakdym we türkmençe okaýan tanyşlaryma maslahat berjekdim. Makalany gaýtalap-gaýtalap okadym, emma ol ýerde bu kitaplaryň türkmen okyjysyna elýeterdigi ýa däldigi barada hiç zat aýdylmandyr. Düşünmedim. Pikirlendim. “Kitaplaryň adynyň rusçasy hem berlipdir, kitaplary diňe rus dilinde okaýanlara teklip eden bolaýmasynlar?” diýip oýlandym. Onda näme üçin makalany türkmençe çykaryp, türkmen okyjylaryna ýetirdilerkä? Türkmen dilinden başga dili gürlemeýän okyja bu makalanyň nähili peýdasy bolup biler? Ýa-da kitaplaryň türkmençe nusgalarynyň salgylaryny goýmagy ýatdan çykaraýdylarmyka? Garaz begenip açan makalam meni garyşyklyga we sussupeslige saldy.

Turkmenportal maglumat we habar beriş gullugy meşhurlygy we öňdebaryjylygy bilen tapawutlanýar. Onuň ýurduň içinde hem, daşynda hem ýüz müňlerçe okyjylary bardyr. Okyjylaryna ýokary hilli hyzmat bermek üçin, Turkmenportal şeýle maslahat we teklip beriji makalalarynda okyja zerur bolan jikme-jikleri hem berse örän ýerine düşerdi. Meselem, ýokarky şahsy ösüş kitaplary maslahat berlende aşakdaky maglumatlar hem goşulsa:

  • Bu kitaplar türkmen dilinde elýetermi?
  • Türkmenistanyň içinde we daşynda olary türkmen dilinde nireden we nähili bahadan tapyp bolýar?
  • Eger kitaplaryň diňe rusça nusgalary bar bolsa, olary nireden we nähili bahadan tapyp bolýar?
  • Şeýle kitaplar türkmen diline hem terjime edilýärmi ýa-da edilmesi meýilleşdirilýärmi?

Ene dilimizde has köp döwrebap kitaplaryň köpçülige ýetirilmesi hem dilimiz üçin, hem türkmen okyjylary üçin deňsiz-taýsyz serpaý bolardy.