Progres.Online

Talyban ýeňdi. TOPH başa bararmy?

Hytaý goşulmazlygy saýlasa, şol bir näbellilik dowam eder ýa-da iň gowy ssenariýada Potemkin TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gaz geçiriji toslamasy ýaly bir zat bolar. Bu aralykda Aziýanyň Öşüş Banky (AÖB) türkmenleri güýmemegi dowam etdirer. Türkmen resmileri Berdimuhammedowyň gazabyndan gorkup, ýasama surata düşmek çärelerini dowam etdirip iň az mukdarda türkmen tebigy gazyň hem Owganystana serhetden geçjek gününe umyt baglarlar.

Talybanyň ýeňşi TOPH taslamasyny başa bardyrarmy? Bir nukdaýnazardan jogap hawa. Owganystandaky giň gerimli söweşleriň gutarmagy TOPH-de öňden bäri dowam edip gelýän päsgelçilikleriň birini – gurluşyga böwet bolýan we gaz geçirijileriň işine täsir edýän duşmançylygy gowşadar. Emma Talybanyň gelmegi, taslamany maliýeleşdirmek, karz almak, gaz geçirijilere eýeçilik we ony işletmek ýaly taslamanyň düýpli kemçiliklerini düzetmek üçin hiç zat etmez. Munuň üstesine-de, Talybana garşy girizilen berk sanksiýalar täze pesgelçilik bolup durýar. Trans-Hazar turba geçirijisinde bolşy ýaly, türkmenleriň işlemeýän dolandyryş we maliýeleşdiriş usullary we strukturalary işleriň gijikmegine sebäp boldy we bäsdeşligi güýçlendirdi.

Türkmenleriň talabyna görä, AÖB we taslama beýleki gatnaşyjylar TOPH taslamasyna beýleki nebit we gaz eksport turbalaryna degişli söwdanyň we logikanyň düzgünleri degişli däl ýaly garadylar. Aslynda bu beýle däl we şu wagt Waşington, Ýaponiýa AÖB bilen birlikde, iň uly paýdar hökmünde, bu hakykaty görkezmek üçin öz pozisiýasyny üýtgetmeli. AÖB TOPH taslamasyna bolan goldawyny Kabuldaky täze rezime täsir etmek üçin ulanyp biler, ýöne TOPH-a goldaw kanuny taýdan mümkin däl bolup biler. Ýa-da has netijeli bolar ýaly, beýleki paýdarlar bilen birleşip AÖB Türkmenistanda inwestisiýanyň reformalaryny ileri tutup hususy pudagyň inwestorlaryny gazyň eksport taslamalaryna çekip bilerdi.

Stiwen Mann ABŞ-nyň Türkmenistandaky öňki ilçisi. 2009-2020-nji ýyllar aralygynda ExxonMobil korporasiýasynyň uly geňeşçisi bolup işledi. Will a Taliban victory advance TAPI?

*****

Geliň, häzirki wagtda gazyň bahasynyň ýokarydygyna göz ýumaly, sebäbi bu wagtlaýyn bir zat bolup biler, şonuň üçin hemişelik dowam etmeýän ýokary gaz bahalary bolmazdan, TOPH-yň ykdysady taýdan islendik şertlerde nähili amala aşyryljagyna göz ýetirmek gaty kyn. Gazyň ýokary bahasy 15 ýa-da 20 ýyl dowam eder diýip pikir etmeseňiz, bu taslama netije bermeýär, sebäbi LNG (suwuklandyrylan tebigy gaz) Hindistana ýa-da Päkistana getirmek arzan. Gaz geçirijini gurmakdaky kynçylyklar we çykdajylar bolsa bu taslamanyň durmuşda işläp bilmejekdigini aňladýar.

Ýagdaýlar köp ýyllaryň dowamynda şeýle boldy we köp ýyllap kärdeşlerim bilen bu gas geçirijini öwrenemde, ykdysady taýdan işlemese-de, esasanam Aziýanyň Ösüş Banky we ABŞ-nyň diplomatlary tarapyndan TOPH taslamasy Merkezi Aziýada “Parahatçylyk taslamasy” ýaly goldanyldy diýen pikir bardy. Başga sözler bilen aýdylanda, olaryň Owganystandaky ýurdy gurmak baradaky pikiri bilen bilelikde Türkmenistanda gaz üçin hytaý däl eksport ýoluny döretmäge kömek eder ýaly strategiki ugurlar bardy – bular ABŞ-nyň strategiki nukdaýnazaryndan gowydy. Hawa, bizde Trump prezidentlik etdi, indi Owganystandan çekildik we ABŞ-nyň öňki strategiýasynyň geljegi ýok, şonuň üçin şeýle ýagdaýlar TOPH gaz geçirijisiniň gurulmak ähtimallygyny hasam azaldar diýip pikir edýärin”.

Simon Pirani, Oksfordyň Energiýa barlaglary institutynyň (OIES) uly ylmy işgäri

*****

Ýöne bu taslamalar (TOPH, elektrik energiýasynyň eksporty) Bütindünýä Banky ýaly maliýe goldawyny berýän iri halkara guramalaryna bagly bolup, belli bir wagta çenli yza süýşüriler. Bu taslamalaryň gutulgysyz doňdurylmagy, Günorta Gaz turbageçirijisi arkaly türkmen gazyny Ýewropa getirjek Trans-Hazar gaz geçirijisinde has köp ünsi jemläp biler. Bu bolsa Aşgabadyň Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryny gowulaşdyrmaga we hökümetiň ýurda günbatar maýa goýumlaryny has köp çekmek ugrundaky tagallalaryna kömek eder. “

Kris Weafer, Moskwadaky “Makro-Maslahat” guramasynyň esaslandyryjysy

Çeşme

Spelling error report

The following text will be sent to our editors: