Progres.Online

Türkmenistanyň pagta ýygymyndaky ulgamlaýyn mejbury zähmet we korrupsiýa

Halkara zähmet guramasy (HZG) Türkmenistanyň mejbury zähmeti gadagan edýän halkara kanunlaryny ýerine ýetirýändigini gözden geçirer.

2023-nji ýylyň 12-nji iýunynda, Pagta Kampaniýasy hökümetleri, kompaniýalary we işçiler guramalaryny Türkmenistanyň mejbury zähmeti bes etmegi we esasy zähmet hukuklaryny goramagy üçin ýurda basyş etmäge çagyrdy. Pagta Kampaniýasy – Merkezi Aziýanyň pagta ýygyjy işçilere gowy iş şertlerini üpjün etmegi we mejbury zähmetiň soňuna çykmagy üçin döredilen global bileleşikdir. Bu çagyryş, Türkmenleriň hukuklaryny goraýyjy garaşsyz toparyň Türkmenistanyň ýyllyk pagta hasylyny ýygnamakda endemik korrupsiýanyň, mejbury zähmetiň giňden we yzygiderli ulanylmagyny dokumentleşdirýän täze hasabatyny çap edenden soň yglan edildi. Hasabat HZG-nyň Standartlaryň ýerine ýetirilişi boýunça komitetiniň (ILO CAS) Türkmenistanyň mejbury zähmeti bes etmek baradaky borçnamasyny berjaý edişini barlajak güni çap edildi.

 “Üýtgeşmeler ozal ornaşdyrylmalydy. Türkmen hökümeti her ýyl daýhanlary we döwlet işgärlerini pagta öndürmek we ýygnamak üçin mejbur we ekspluatasiýa edýär. Hökümetiň bu meseläni boýun alma wagty geldi.  Zähmet hukuklaryny goraýjylara repressiýa howpy abandyrmazdan,  iş şertlerine gözegçilik etmäge we hasabat bermäge rugsat bermeli” – diýip Türkmenistanyň pagta  atyzlarynda mejbury zähmete gözegçilik edýän Turkmen.News-yň direktory Ruslan Mätiýew belleýär.

Hasabatda, 2022-nji ýylda, Türkmenistanda pagta hasylyny ýygmakda mejbury zähmetiň ulanylandygy barada subutnamalar berilýär. Şeýle hem, hasabat mejbury zähmetiň soňuna çykmak we zähmet hukuklary boýunça gowy şert döretmek üçin giňişleýin reformalary geçirmäge çagyrýar. ILO CAS-yň Türkmenistanyň Mejbury zähmeti ýatyrmak baradaky konwensiýasyna (No. 105) laýyklykda iş alyp baryşyna syn beren wagtynda, bütindünýäniň hökümetleriniň, işçileriniň we iş berijileriň wekilleri Türkmenistanda mejbury zähmete garşy görkezme bermegine garaşylýar. Pagta kampaniýasyna görä, Türkmenistanyň hökümeti döwletiň guraýan mejbury zähmetini inkär etmegini bes etmeli. Tersine, bu ulgamy ýok etmek üçin syýasy meýililik görkezmelidir.

ILO CAS Türkmenistanyň HZG-nyň 105-nji konwensiýasyna laýyklykda iş alyp baryşyna soňky gezek  2021-nji ýylda syn beripdi. Gurama synda Türkmenistany pagta pudagynda mejbury zähmeti ýok etmäge we HZG, jemgyýetçilik hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyk edip, konwensiýany berjaý etmäge çagyrypdy. Şondan soň, hökümet HZG-nyň ýokary derejeli missiýasynyň ýurda gelmegine rugsat berse-de, pagta ýygymynda mejbury zähmeti ulanýandygyny yzgiderli inkär edýär. Bu barada 2023-nji ýylyň martynda, BMG-nyň Adam hukuklary komitetiniň synynda hem bellenilýär. Şeýle hem, adam we zähmet hukuklary barada söz açanlara hökümetiň zulum we hüjüm edişi barada nygtalýar.

Global zähmet adatlatlylygy – Halkara zähmet hukuklary forumynyň Mejbury zähmet maksatnamasynyň direktory Allison Gill: “HZG Türkmenistanda döwletiň amala aşyrýan mejbury zähmetiniň soňuna çykmakda möhüm rol oýnaýar. Türkmenistanda mejbury zähmet baradaky ILO CAS-yň ýazgylary wagtynda çap edildi. Emma, mejbury zähmeti bes etmek üçin uzak möhletleýin çözgütler beýleki esasy zähmet hukuklaryny, aýratynam birleşmek, ýygnanyşmak we biznesler we kärdeşler arkalaşygyny arasyndaky gepleşik geçirmek azatlygyny öz içine almaly” – diýip belleýär.

Türkmenistan jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna diýen ýaly gözegçilik edilýän awtokrat we korrupsiýa ulgamly bolup, dünýäniň iň ýapyk we repressiw ýurtlaryndan biridir. Her ýyl pagta ýygymy döwründe, türkmen hökümeti mekdepleriň we hassahanalaryň işgärleri ýaly on müňlerçe döwlet işgärlerini pagta ýygmaga ýa-da olaryň ýerine pagta ýygýan hakyna tutma işçiler üçin pul tölemäge mejbur edýär. Muny etmeseler işden boşadylmak ýaly jezanyň beriljekdigini aýdyp gorkuzýarlar.

Şeýle hem, hökümet daýhanlaryň ekspluatasiýa edilmegine esaslanýan pagta önümçiligine doly kontrol edýär. Her ýyl, hökümet daýhanlara pagta öndürmek üçin kwotalary goýýar we jerime, ýerlerini elinden almak bilen haýbat atýar. Hökümetiň tabşyran kwotalaryny ýerine ýetirmekde ygrarlydygyny görkezmek üçin ýerli häkimlikler pagta hasylyny ýygmaga döwlet işgärlerini mejbur edýärler.

Adam hukuklary boýunça Türkmen başlangyjynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatulliniň aýtmagyna görä, pagta ýygmakda we daýhanlary ekspluatirlemekde döwletiň zorlaýan mejbury zähmeti Türkmenistanda adatdan daşary ýagdaý däl. Bu tejribe bugdaý we ýüpek pile öndürmek ýaly oba hojalygynyň korrumpirlenen buýruk berme ulgamynyň aýrylmaz bölegidir. Türkmenistanyň hökümeti mejbury zähmet we ekspluatasiýa meselesini çözmek üçin pagta pudagyndan başga-da struktura özgertmelerini geçirmeli.

Mundan başga-da, hasabatda import gadagançylygynyň kanunlaryny we kompaniýalaryň mejbury zähmeti ulanyp öndürilen harytlary ulanmazlyk baradaky borçnamalaryny bozup, türkmen pagtasynyň global egin-eşik we dokma üpjünçilik zynjyrlaryna satylma töwekgelçiligi bellenilýär. Üçünji ýurtlarda, aýratyn hem Türkiýede, Pakistanda we Italiýada üpjün edijiler Türkmenistanyň pagtasyny, ýüplügini we matalaryny ulanýarlar. Olar bu harytlary dünýäniň görnükli brendlerine satýarlar. Bu brendleriň we lomaý satyjylaryň üpjünçilik zynjyrlarynyň ähli tapgyryna türkmen pagtasyny ýygmakda ulanylýan mejbury zähmetiň aralaşmagy howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aňladýar.

“Türkmenistanda mejbury zähmet ulanylyp öndürilen pagtany global üpjünçilik zynjyrlaryndan aýyrmak üçin adam hukuklaryna, üpjünçilik zynjyrlaryna we import edilende adam hukuklaryny düzgünleşdirýän kanunlaryň ýerine ýetirilişine güýçli basyş etmeli. Hem-de, ähli hukuk goraýjy kanunlara şeýle düzgünleri girizmeli. Deň derejeli şertleriň döredilmegi, Türkmenistanyň hökümetine mejbury zähmetiň kabul ederliksizdigini duýduryş berer” – diýip  Pagta kampaniýasynyň utgaşdyryjysy Raluca Dumitrescu nygtaýar.

2023-nji ýylyň pagta hasylyna bary-ýogy iki aý galdy. Hökümet pagta ýygymda döwletiň mejbury zähmeti ulanylmagynyň öňüni almak üçin gyssagly çäre görmelidir. Pagta kampaniýasy Türkmenistanyň hökümetini döwlet tarapayndan zorlanýan mejbury zähmet boýunça HZG, BMG-nyň adam we zähmet hukuklary boýunça edaralary, garaşsyz raýat jemgyýeti guramalary bilen konstruktiw we ygrarly hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: