Progres.Online

Merkezi Aziýada korrupsiýa we oňa garşy çärelere syn

Sowet Soýuzy dargansoň Merkezi Aziýa ýurtlary tapawutly osüş ýollaryny saýlap aldylar. Muňa garamazdan, awtoritar dolandyryşdan demokratiýa geçmekde olar dürli derejede korrupsiýa garşy göreş alyp barýan hem bolsalar, korrupsiýa syýasatyň we hökümetiň köp bölegine aralaşdy. Awtokratik dolandyryş usullary we 2020-nji ýylda giňden ýaýran korrupsiýa, sebitdäki ýurtlaryň COVID-19 pandemiýa bilen göreşinde böwet bolýanlygy aýdyň boldy. Sebitiň saglyk ulgamlary agyr döwri başdan geçirýär, söz azatlygyna we maglumat elýeterliligine has berk çäklendirmeler girizildi we СOVID-19 çärelerine bagyşlanan maliýe serişdeleri sarp etmekde aladalandyrjy gizlinlik göze ilýär.

Esasy faktlar:

  • Merkezi Aziýada korrupsiýa giňden ýaýran. Bäş ýurt 2019-njy ýyldaky korrupsiýa indeksinde (Corruption Perceptions Index) 100-den 26,6-sy, dünýädäki ortaça 43 baldan has pes derejede. Türkmenistanda bu indeksiň möçberi 19.
  • Syýasy ýolbaşçylaryň korrupsiýa garşy aýdýan sözlerine garamazdan, iş ýüzünde korrupsiýa garşy geçirilýän boş kampaniýalar köplenç oppozisiýa agzalaryny we hökümet tankytçylaryny nyşana alýar.
  • Korrupsiýa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň COVID-19-a jogap bermegine päsgel berýän bolsa-da, sebitdäki hökümetler pandemiýany syýasy taýdan tapawutly pikirleri basyp ýatyrmak üçin bahana hökmünde ulandylar.
  • “Transparency International” (TI) halkara aç-açanlyk guramasynyň dünýäde korrupsiýanyň ýagdaýy boýunça 2020-nji ýyl üçin çap eden soňky hasabatynda Türkmenistan 180 ýurduň arasynda 165-nji orny eýeledi.
  • Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Korrupsiýa garşy konwensiýasyna (UNCAC) 2005-nji ýylda goşuldy. Türkmenistan OECD-nyň Stambul korrupsiýa garşy meýilnamasynya goşulmady.
  • Stambul korrupsiýa garşy meýilnamasyna laýyklykda, gatnaşýan ýurtlar korrupsiýa garşy özgermeleri amala aşyrmakdaky öňegidişliklerini deňeşdirip, seljerip, garaşsyz syn görnüşde öwrenýärler. Meýilnama Türkmenistandan başga ähli Merkezi Aziýa ýurtlary gatnaşýar.
  • Türkmenistanyň korrupsiýa garşy kanunçylyk binýady ösmedik. “Korrupsiýa” ýurduň kanunlarynda kesgitlenmeýär ýöne para bermek we para almak jenaýat hasaplanýar.
  • Türkmenistanda korrupsiýa, parahorlyga garşy göreş alyp barýan garaşsyz guramalar ýok. Korrupsiýa bilen baglanyşykly işler yzygiderli we anyk kanun, düzgün kadalaryna görä geçirilenok.
  • Merkezi Aziýanyň Türkmenistandan başga ähli ýurtlary COVID-19 keseliniň bardygyny resmi taýdan habar berdiler.

Çeşme: Transparency International: Overview of corruption and anti-corruption in Central Asia.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: