Kleptokratiýany ýok etmek üçin döredilen mümkinçilik pursatlaryndan peýdalanmak
Saýlawçylar, protestçiler we beýleki dahylly raýatlaryň “kleptokratik” hökümeti ýok etmek üçin mümkinçilik pursatlaryny döredýärler. Köplenç bu özgeriş pursatlaryny bir-iki ýylyň dowamynda dargadylýar.
Kleptokratiýa – öz halkynyň baýlyklaryna eýe bolmak üçin syýasy güýjüni ulanýan ýolbaşçylarynyň dolandyrýan hökümetidir.
Soňky ýigrimi ýylyň dowamynda, korrupsiýa garşy göreşýän reformatorlar “kleptokratik” hökümeti ýok etmek üçin bu taryhy pursatlardan peýdalandylar. Bu reformatorlar maglumatlaryň açyk ýaýradylmagy, doly garaşsyz hasabat berýän ýolbaşçy organlary we ykdysady ösüş syýasatyny öz içine alýan radikal talaplary girizýärler. USAID we beýleki donarlar özgerişler üçin mümkinçilik pursatlaryny yzygiderli goldasalar bu proses üstünlikli tamamlanar.
Gollanmada raýat jemgyýetine, donorlara anyk maslahat berilýär.
Mümkinçilik pursadyndan öň: Ýurtdaky parahorlyk hereketleriniň syýasy seljerişini geçiriň we kleptokratiýa ulgamyny öwreniň. Parahorlygyň üstüni açýan we köpçülikleýin çekişmeleri geçirýän raýat jemgyýetini goraýjylar we derňewçi-žurnalistler bilen aragatnaşyk saklamaly. Özgeriş döwründe gerekli bolaýjak maliýe fondlary we çalt kömek edip biljek gurluşlary öňünden taýýarlamaly.
Mümkinçilik pursadynyň dowamynda: Aşakda görkezilen üç ugurdan netijeleri tiz wagtda halka ýetirmek üçin reformist hökümet we raýatlar bilen işleşmeli:
- Maglumatlaryň açyklygy – hökümet işgärleriniň hususy serişdeleriniň resmi beýanyny talap etmek we döwlet çykdaýjylaryny onlaýn platforma geçirmek.
- Hasabat bermek – raýat jemgyýetleri we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan geçirilýän barlaglarda ulanylýan sanly ulgama geçirlen maglumatlar. Olar döwlet serişdeleriniň nirä sowulýandygy we kime degişlidigini görkezýän maglumatlardyr.
- Geçiş – tütjarlaryň parahor we monopoliýa häkimýetini reformirläp, wyždanly ýolbaşçylary we edaralary ýerine geçirmek.
Mümkinçilik pursadyndan soň: Bu pursatlaryň öňüni alma sebäplerini öwrenmeli. Parahor hökümete garşy ABŞ ýaly jemgyýetçilik diplomatiýasy açyk bolan döwletlerden kömek almaly. Parahor hökümet işgärlerine garşy çäklendirmeler goýmaly.
Dekleptifikasiýa – çuňňur ornaşan kleptokratik gurluşlary, ulgamlary we kadalary ýok edip – ilatyň uzak wagtdan bäri isleýän özgeriş we geçiş talaplaryny göz öňüne tutýan, resmi aýdyňlygy üpjün edýän, hasabat bermekligi kabul edýän hökümeti çalyşma prosesidir. Bu prosesiň planlamasy we programmirlemesi iki tapgyrdan ybaratdyr:
- Syýasy ykdysadyýet analizi ulanmaly we parahorlyk ulgamy teswir edilmeli. Bu maglumatlar hemişe täzelenmeli.
- Özgerişi tizleşdirýän derňewçi-žurnalistler we raýat jemgyýetiniň aktiwistlerini maddy we ruhy taýdan goldamaly.
Korrupsiýanyň (parahorlygyň) kesgitlemesi
Hökümet korrupsiýasy: Syýasy elitanyň (şahslaryň) döwlet serişdelerinden uly möçberde pul ogurlamagy ýa-da başga şekilde şahsy we syýasy bähbitleri üçin öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmagydyr.
Administratiw korrupsiýa: Köplenç orta we pes wezipeli döwlet ýolbaşçylarynyň şahsy bähbitleri üçin wezipdesinden hyýanatçylykly peýdalanmagydyr. Ýagny, käbir kişiler we hususy kärhanalar bilen birlikde resmi düzgünlere görä hereket etmän, özleriniň ýönekeý hyzmatlary üçin raýatlary pul bermäge mejbur etmegidir.
Milletara korrupsiýa: Haçanda parahorlyk ýurduň çäginden çykyp, döwletiň baýlygyny onuň kanuny eýesinden ýagny, halkyň eýeçiliginden almak üçin global ulgamlara täsir edýär we çylşyrymly planlary ulanýar.
Strategik korrupsiýa: Hökümetiň korrupsiýany daşary syýasatynyň esasy ýaragy hökmünde ulanmagydyr.