KORRUPSIÝA GARŞY GÖREŞMEGIŇ ÝOLLARY
Puly yzarla
Hökümetleriň örän köp maddy serişdeleri bolýar we bu korrupsiýa, parahorlyga ýol açýar. Döwlet çykdajylary barada gyzyklan we habarlary okap olara gözegçilik et. Salgytlaryň, ýurduň girdejisi nähili sarp edilýändigini öwren we hyýanatçylykly hereketleri paş et.
Ähli zatlary sana
Hökmemet mekdepleri, çagalar baglaryny okuw kitaplary, enjamlary ýa-da beýleki zerur zatlar bilen üpjün edýär. Berilýän zatlaryň hasabyny alyp barmak kyn iş däldir. Bu diňe şahsy jogapkärligi, eýeçilik duýgusyny we aç-açanlygy talap edýär. Habarlary okaňda sanlara üns ber. Kitaplaryň, okuw esbaplaryň, kompýuterleriň näçe bolmalydygyny sora we sanlar dogry çykmasa, derňe.
Döwelet hyzmatlaryna baha ber
Adamlaryň köpüsinde hökümetiň hödürleýän hyzmatlary barada pikiri bolýar, ýöne sen öz pikirleriňi ýazmak/beýan etmek üçin näçe wagt sarp edýärsiň? Jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hili barada seslenme ýazýarsyňmy? Diňe “Like” goýmak ýa-da kinaýa bilen aýdylýan, kakdyrylyp ýazylýan teswirler netijeli däldir. Hökümetiň işine manyly we konstruktiw äheňde baha bermegi öwren.
Tehniki çözgütleri hödürle
Tehnologiýada ökde bolsaň, sen internetda hasabat platformalaryny döretmek ýa-da mobil programmalar arkaly korrupsiýa hadysalaryny dokumentleşdirmäge kömek edip bilersiň. Internetiň, sosial mediýanyň korrupsiýa garşy göreşde orny ulydyr. “Men para berdim” (I paid a bribe) tagallasy munuň gowy mysalydyr.
Komikslary we multfilmleri döret
Komiks döretmek ilatyň korrupsiýa barada düşünjesiniň ýokarlandyrmagynyň güýçli usulydyr. Şekilleriň we tekstiň utgaşmasy arkaly hödürlenýän jemgyýetiň ýiti meseleleri jedele sebäp bolup bilýär. Komiks döretmek aňsat – saňa diňe ruçka we kagyz gerek.
Teatry we dramany ulan
Korrupsiýa garşy göreşiňi döredijilikli şekilde sahna çykaryp bilersiň. Aýdym-saz, drama, poeziýa ýa-da tans raýatlara korrupsiýa garşy nähili göreşmelidigini görkezmek, şeýle hem öz jemgyýetiňi nädip ösdürmelidigi barada pikirleriňi paýlaşmak üçin ulanyp bilýäň.
Korrupsiýa “korrupsiýa”, “parahorlyk” diýip atlandyr we özüň ýaly pikir edýan ýaşlary tap
Kän ýaş adamlarymyz korrupsiýany oňlamaýarlar. Korrupsiýa barada aç-açan gürleş we onuň jemgyýetimize, geljegiňe ýetirýän ýaramaz täsirleri barada habardarlygy ýokarlandyr. Meselem, okuwa girmek üçin para bermek, saglygy goraýyş sistemasyndaky korrupsýia barada pikir alyş. Gürrüňdeşlikleriň seni haýran galdyrmagy mümkin. Sen ýeke dälsiň!
“Nol” manat/dollar möçberli para ber
“Nol walýuta” belligi para talap edýän korrumpirlenen wezipeli adamlara “ýok” diýmäge we para nirede we haçan talap edilýändigini aç-açan görkezmäge kömek edýän wizual proýekt. Bu düşünje Hindistanda döräp, “nol rupiýa” hereketi hökmünde tanalýar we korrupsiýa garşy göreşmek üçin netijeli taktikadygyny subut etdi. Bu nähili bolýar? Sizden para soralanda, hakyky walýuta meňzeş, ýöne aslynda korrupsiýa garşy habarlary öz içine alýan galp kagyz pullary bilen “töleýärsiňiz”.
Arz et, petisiýa ýaz
Arz – adalatsyzlygy, nädogrulygy ýok etmek maksady bilen edilýän resmi şikaýatdyr. Seniň galdyrýan meseläňi goldaýan adamlaryň gollarynyny onlaýn we offlaýn ýygna. Haýyşlaryňyzy, teklipleriňizi onlaýn ýerleşdirip, hökümet işgärlerine ýüzleniň.
Berlen wadalary ýatladyp dur
Syýasatçynyň, häkimiň, arçynyň, islendik başlygyň “korrupsiýany ýok ederin” wadysyny ýazyp al, belle we ýatladyp dur. Olara “parahorlyga” garşy görjek çäreleri barada sorag ber, jikme-jiklerini anykla we öwren.
Çeşme: Transparenсy International