Progres.Online

Korrupsiýamy ýa-da kleptokratiýa?

Soňky 30 ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynda korrupsiýa hökümet dolanşygynyň we jemgyýetimiziň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Korrupsiýa wezipeli döwlet işgärleri, işewür adamlar, ýönekeý raýatlar hem baş goşýar. Gyrgyzystanda korrupsiýa garşy protestler häkimiýetiň üýtgemegine sebäp bolan bolsa, Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda korrupsiýa üns bermezligi we ara alyp maslahatlaşmazlygy makul bilýärler. Merkezi Aziýa ýurtlarynda korrupsiýanyň derejesi tapawutlymy? Para bermek, para almak durmuşumyza nähili derejede ornaşdy? Parahorluga garşy nähili göreşmeli?

Postsowetistanyň “Korrupsiýamy ýa-da kleptokratiýa?” podkast gürrüňdeşliginden alnan sitatalar.

Gepleşigi alyp baran Daniýar Moldokan, onuň myhmanlary gyrgyzystanly zurnalist Bektur Iskender, özbegistanly syýasatçy Dilmira Matýakubowa we gazagystanly ykdysatçy Kasymhan Kapparow.

Kleptokratiýa – häkimiýet başyndakylaryň milli baýlyklardan peýdalanmagy, ogurlaýan hökümet; parahorlar, ogrylar tarapyndan dolandyrylýan hökümet.

Daniýar Moldokan

Gyrgyzystandaky korrupsiýa barada aýdanymyzda, takyk näme barada gürrüň barýar? Bu nähili korrupsiýa bolýar, ýokardan aşak gaýdýan korrupsiýamy ýa-da gündelik durmuşdaky, ownuk korrupsiýa diýip bilerismi?

Bektur Iskander, Kloop.kg habar saýtynyň esaslandyryjylaryň biri

Ikisem bar, ýöne umuman aýdylanda, men Gyrgyzystanda özboluşly bir model döredi diýip pikir edýärin. Dünýä boýunça munuň nähili üýtgeşikdigini bilemok ýöne iň bolmanda Merkezi Aziýada bu gaty üýtgeşik bir ýagdaý. Mysal üçin, Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryna seretseňiz, korrupsiýanyň esasy çeşmesi – häkimiýet bolup görünýär. Ol ýerde hemme zat iň ýokary derejede ele salyndy we korrupsiýa giňden ýaýrady, gaty uly ýerasty baýlyklaryň töweregindäki korrupsiýa. Gyrgyzystanda beýle baýlyklar hiç mahal bolmandy, sebäbi nebitimiz, gazymyz ýok. Bu ýerde milliardlarça dollar derejesinde ogurlamak gaty kyn, sebäbi ýurtda beýle mukdarda pul ýok. Şol bir wagtyň özünde-de, biziň döwletimiz şeýle bir korrumpirlenen, açyk aýtsam, döwletiň köp meseläni çözüp bilmeýändigini duýýaryn. Gynansagam, şol bir wagtyň özünde guramaçylykly jenaýatyň uly täsiri bar. Ýurdumyzda korrupsiýanyň esasy çeşmesi şol kriminal toparlaryň bolmagy mümkin.

Daniýar Moldokan

Mira, siziň pikiriňizçe, Özbegistanda korrupsiýanyň derejesini nädip häsiýetlendirip bolar?

Dilmira Matýakubowa, döwlet dolandyryşy, korrupsiýany we adam hukuklaryny öwrenýän barlagçy

Gowy sorag. Öran uly, ýokary derejedäki korrupsiýa (grand сorruption) düşünjesi bar. Korrupsiýanyň giň ýaýrandygyny we korrupsiýanyň dürli görnüşleriniň bardygyny bilýäris. Ownuk korrupsiýa, ýokary derejedäki, syýasy, täze korrupsiýa hem bar – biz olary öwrenýäris. Uly korrupsiýa – syýasatçylaryň şahsy, biznes maksatlary üçin döwletiň guralyny ulanyp, syýasaty we kanunlary ýoýup, döwlete doly eýe bolan ýagdaýdyr. Uly korrupsiýany öwrenýän okuw bar, bu hökümetiň döwleti doly ele almagyny (state сapture) öwrenýär. Özbegistanda şeýle uly korrupsiýa bar – bu bir uly mesele.

Kleptokratiýa barada aýdylanda bolsa, häkimiýet başynda bolan adamlar özlerini döwlet býujetinden bikanun baýlaşdyrýarlar. Bu parahorlaryň häkimiýeti bolýar, erk we güýç ilatda bolman parahor emeldarlarda jemlenýär.

Mysal üçin, prezident Mirziýoýewe degişlidigi aýdylýan täze rezidensiýasyny alalyň. Ýakynda Ozodlik (Azatlyk) radiosy ajaýyp derňew geçirdi: bu derňewe görä, täze gurluşyk toplumy Prezident Mirziýoýew üçin gurulýar. Ahangaran şäherindäki Daşkendiň aňyrsyndaky daglarda. Ol ýerde goraghana bar. Bu ýere Şowwozsoý diýilýär. Bu desganyň gurluşygyny hatda Putiniň köşgi bilen deňleşdirip bolar. Käbirleri hatda bu ýeri “Putiniň ikinji köşgi” diýip atlandyrdylar. Elbetde, bu degişmedir. Ýöne ýere aýdylmadyk bolýar sebäbi gurluşuk toplumynyň bahasy 1 milliard dollara barabar.

Bu diňe bir bina däl: suw howdany bar, köşk bar. Bu zonanyň umumy meýdany 17,5 inedördül kilometre barabardyr. Bu edil Putiniň köşgüniň ululygyna meňzeýär.

Muny ilkinji bolup ýerli aktiwistler tapdylar. Awçylar baranlarynda olara ol ýere barmana rugsat berilmedi. Näme üçin? Soraglar soň ýüze çykdy we ýagdaýlary öwrenip başladylar. Netijede şeýle uly derňew işi geçirildi.

Daniýar Moldokan

Gazagystandaky korrupsiýa barada gürrüň edenimizde, takyk näme hakda gürleşýäris? Bu nähili korrupsiýa bolýär we kleptokratiýa barada gürrüň edilmelimi? Mümkin bolsa, mysallary getirip düşündirmegiňizi haýyş edýärin.

Kasymhan Kapparow, ykdysadyýetçi we Economist.kz web sahypasynyň esaslandyryjysy

Soranyňyz üçin sag boluň. Geliň taryhdan başlaly Merkezi Aziýadaky korrupsiýa Sowet Soýuzynda bolan korrupsiýanyň logiki dowamydyr we onuň kökleri, däpleri sowet administratiw paýlaýyş sistemasyndan gaýdýar. Sowet döwründe parahorlyk “blat” (tanyş) haýsydyr bir haryt almak üçin tanyşlyk gerek bolanda we “defisit” (gytçylyk) ýaly sözler bilen häsiýetlendirilýärdi. Ilata zerur bolan, aňsatlyk bilen tapdyrmaýan harytlaryň gytçylygynda korrupsiýa gülläp ösýärdi.

Aslynda korrupsiýa däplerimiz şol ýerden gözbaşysyny alyp gaýdýar. Ýöne soňky 30 ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen başlan korrupsiýanyň gaty uly derejä ýetendigini görýäris we adamlar sowetler döwrüniň korrupsiýasyny nostalgiýa duýgusy bilen ýatlap onuň derejesini “çaga oýny” diýip hasaplaýarlar. Şol sebäpden, raýat pudagynyň korrupsiýa garşy esasy söweşijidiginiň aýdyň mysaly, oppozisiýa syýasatçysynyň “Korrupsiýa garşy gaznasy” taslamasy sebäpli meşhur bolan Russiýany görkezip bileris. Bütin jemgyýet şeýle taslamalary goldamaga taýyn, sebäbi olar her bir raýata degişlidir, korrupsiýa täze doglan bäbeklerden başlap, pensionerlere çenli her täsir edýär.

Gazagystandaky ýagdaý beýleki post-sowet ýurtlarynyň ýagdaýyndan kän bir tapawutlanmaýar. Bu ýerde, elbetde, nebitden gelýän ýokary girdejileriň korrupsiýanyň derejesini ýokarlandyrýandygyny görüp bolýar. Başga ýurtlar bilen deňeşdirlende, meniň pikirimçe, korrupsiýanyň derejesi uýtgeşik bir derejede däl. Şeýle-de bolsa, ykdysadyýetimiziň her ýyl nebit eksportyndan onlarça milliard dollar alýandygy sebäpli, korrupsiýa üçin mümkinçilikleriň artýandygyny görýäris. Şol bir wagtyň özünde, Gazagystanda döwletiň ykdysadyýete ýokary derejede gatnaşma aýratynlygynyň bardygyny belläp bolar. Döwletiň paýy we ykdysadyýete gatnaşmagy Russiýa, Gyrgyzystan we Täjigistan bilen deňeşdireniňde has ýokary. Emma, ​​elbetde, Özbegistandan we Türkmenistandan pes bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, nebit girdejileriniň döwlet edaralary, kwazi-döwlet edaralary arkaly paýlanmagy korrupsiýa üçin amatly ýerler. Korrupsiýa dürli görnüşde bolup biler. Meselem, jemgyýetde “otkat (rusça)” diýilýän zat bar, ýagny bäsleşigiň, tenderiň ahyrynda işewür ýeňiş gazansa, taraplaryň biri (döwlet edarasy) kontraktyň göterimini “peşgeş” hökmünde alýar.

Korrupsiýanyň başga görnüşleri hem bar. Meselem, hususy kärhanalaryň ornuny tutýan we döwletiň ýerine ýetirmeli däl wezipelerini ýerine ýetirýän kwasi-döwlet edaralary döretmek we olary goldamak ýaly korrupsion shemalary. Aslynda olar emeldarlaryň garyndaşlaryny, ýakynlaryny, dostlaryny işe almak üçin döredilýär. Gazagystanda şeýle pudagynyň göwrüminiň aladalandyryjy derejä ýetendigini görýäris. Samruk Kazyna, Baiterek, KazAgro ýaly kompaniýalar we edaralar barada gürrüň barýar, olary bankrotlykdan halas etmek üçin döwlet býujetiniň serişdeleri ulanylýar. Bular gaty pes netijeli, peýdalylygy bolan edaralardyr. Belli bolşy ýaly, sowet döwründen dowam edip gelýän däplere görä, ol ýerlerde adamlar tanyşlyk, ýokardan jaň edip iş tapýarlar. Olara “oňurga” diýilýär, ýagny jaň, tanyşlyk üsti bilen işe durýan adamlara. Bu hem korrupsiýanyň bir görnüşidir, sebäbi bu maliýe serişdeleri ýollary, mekdepleri gurmak, pensiýalary ýokarlandyrmak ýa-da hassahanalar ýaly sosial infrastrukturany gowulandyrmaga derek netijesiz, gerek däl işleriň dowam etdirilmegine gönükdirilen býudjetiň çykdajylary bolup durýar.

Korrupsiýanyň zyýany barada aýtsak. Elbetde, korrupsiýa komponentiniň islendik önümiň, islendik hyzmatyň bahasyna girýändigini düşünmek möhümdir. Elektrik togy üçin pul töleseňizem, çörek satyn alsaňyzam, teatra, kino gitseňizem hemme ýerde belli bir derejede korrupsiýanyň düzüjüsiniň bahasy bar. Näme üçin beýle bolýarka? Gözegçilik funksiýaly, barlag geçirýän köp sanly döwlet edaralarymyz bar. Olar barlag geçirip, jerime salmagyň ýerine para alýarlar. Bularyň hemmesi ykdysadyýetdäki transaksiýa (biznesi ýöretmek) çykdajylary ýokarlandyrýar. Bu bolsa önümleriň we hyzmatlaryň bahasyna täsir edýär. Şeýle ýagdaýlar ykdysadyýetiň bäsdeşlige bolan ukyplylygyna täsir edýär. Biz korrupsiýanyň derejesi näçe ýokary bolsa, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlik ukybynyň şonça pes boljakdygyny görýäris.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: