Progres.Online

“Korrupsiýa” näme bolýa?

Korrupsiýa (parahorlyk) – emeldaryň halkyň beren ygtyýarlyklaryny şahsy bähbidi üçin hyýanatçylykly ulanmagydyr. Korrupsiýa jemgyýetdäki ynamy, adalaty ýok edýär, ykdysady ösüşi bökdeýär we deňsizligi, garyplygy, sosial adalatsyzlygy hasam güýçlendirýär. Korrupsiýany paş etmek we parahorlary jogapkärçilige çekmek biz diňe jemgýetde korrupsiýanyň derejesine, işleýşine we oňa mümkinçilik döredýän ulgamlaryň işine düşünenimizde netijeli göreş gurnap bileris.

“Korrupsiýa” Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde düşündirilmeýär.

Para [pa:ra], at. Bikanun edilen işiň, hereketiň üstüni ýapmak ýa-da bikanun iş etdirmek niýeti biler berilýän ýa-da alynýan pul, zat, berim, para-peşgeş.

Parahor [pa:raho:r], syp. Para alýan (adam).

Parahorlyk [pa:raho:rluk], at. Kanun tarapyndan jenaýat jogapkärçiligine çekilýän para almak hereketi (ser. Para); para almak bilen meşgullanmak gylygy, parahor bolmaklyk, para almaklyk.

Korrupsiýa köp görnüşde ýüze çykýar we aşakdaky ýaly hereketleri öz içine alýar:

  • Döwlet hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin senden pul ýa-da sowgat talap edýän döwlet işgärleri;
  • Syýasatçy döwletiň pulundan hyýanatçylykly peýdalanyp hemaýatkärlerine, dostlaryna we maşgala agzalaryna jemgyýetçilik işlerini, orunlaryny ýa-da şertnamalary berýär;
  • Girdejili şertnamalar almak üçin döwlet işgärlerne para berýän korporasiýalar, iri işewürler.

Korrupsiýa islendik ýerde bolup biler: biznisde, hökümetde, kazyýetlerde, habar beriş serişdelerinde, şeýle hem saglygy goraýyşdan, bilimden başlap infrastruktura we sporta çenli ähli pudaklara ornaşyp bilýär.

Korrupsiýa islendik adam goşulup biler: syýasatçylar, döwlet işgärleri, işewür adamlar ýa-da jemgyýetçilik agzalary.

Korrupsiýa garaňkylykda bolup geçýär: Bankirler, aklawçylar, buhgalterler, emläk agentleri korrupsiýa meýilnamalarynyň gülläp ösmegine we korrumpirlenen adamlaryň bikanun ele geçen baýlyklaryny ýuwmaga we gizlemäge kömek berýärler.

Korrupsiýa üýtgeýän şertlere uýgunlaşýar (rak kletkasy ýaly): Düzgünleriň, kanunçylygyň we hatda tehnologiýanyň üýtgemegine jogap hökmünde ýa-da özgermegi netijesinde ösüp biler.

Korrupsiýanyň täsirleri

Syýasy täsirleri: seniň erkinligiň we seniň ýaşaýan jemgýýetiňde kanunyň hökmürowanlygy – işiň kanuna, düzgünlere görä bitýärmi ýa-da bir adamyň islegine görä?

Sosial täsirleri: seniň öz durmuşuňa gatnaşmagyň we hökümete bolan ynamyňa düýpli täsir edýär.

Daşky gurşawa täsirleri: seniň saglygyňa göniden-göni täsir edýän sagdyn daşky gurşaw we parahatçylykly geljek üçin mümkinçilikler.

Ykdysady täsirleri: seniň öz ýurduň baýlygyna eýe bolmagyň we ösdürmek mümkinçilikleriň.

Korrupsiýa garşy göreşmek üçin sen aç-açanlyga düşünmeli

Aç-açanlyk – kimiň? näme üçin? näme? nädip? we näçedigini? bilmekden ybaratdyr. Şeýle hem bu resmi we resmi däl düzgünleri, meýilnamalary we hereketleri “aç-açanlyk bilen şöhlelendirmek” diýmekdir. Aç-açanlyk köpçüligiň, ilatyň bähbitlerine gulluk etmäge kömek edýär.

Maglumat gözlemek we almak – korrupsiýa garşy gorag bolup biljek, karar berýänlere, dolandyryjylara ynamy artdyryp biljek her adamyň hukugydyr. Şeýle-de bolsa, aç-açanlyk diňe bir maglumaty elýeterli etmek bilen çäklenmän, maglumatlaryň raýatlar tarapyndan aňsatlyk bilen tapyp, öňa düşünip we ulanyp bolmagyny üpjün etmekdir.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: