Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň prezidentlik wezipesini eýeledi. 2024-nji ýylyň martynda ol prezidentliginiň 2 ýylyny doldurdy. Progres.online topary, degişli döwürde Palaw Indeksindäki bahalaryň üýtgeşmelerini seljerer.
Palaw Indeksindäki önümler: tüwi, günebakar ýagy, sogan, sygyr eti, käşir we bugdaý uny. Palawyň ortaça porsiýasy 4 kişilik maşgalanyň (2 adam, 2 çaga) iýjek möçberini öz içine alýar we onuň bahasy 2020-nji ýylda 59 manat we 2021-nji ýylda 92.1 manada deň boldy. Serdar Berdimuhamedow prezidentlige saýlanansoň, palawyň ortaça bahasy 2022-nji ýylda 82.5 manat we 2023-nji ýylda bolsa 71.5 manada barabar boldy.
Türkmenistanda aýlyklar her ýyl 10% galdyrylýar. Muny nazara alyp, iň pes aýlyk bilen näçe sany palaw porsiýasyny satyn alyp boljagyny hasapladyk we 2020-nji ýylda 14.7 sany porsiýa satyn alyp bolýan bolsa, 2023-nji ýyldaky iň pes aýlyk bilen Türkmenistanlylar palawyň 16.2 sany porsiýasyny satyn almaga güýji boldy.
Serdar Berdimuhamedow prezidentligine başlamazyndan öň, Palaw Indeksi 2021-nji ýylyň martyndan 2022-nji ýylyň marty aralygynda ortaça ýyldan-ýyla 51.5% gymmatlady. Emma 2022-nji ýylyň martyndan 2023-nji ýylyň marty aralygynda bolsa palawyň bahasy ortaça 11.2% arzanlady we 2023-nji ýylyň martyndan 2024-nji ýylyň marty aralygynda 16% peseldi. Bulara garamazdan, palawyň bahasyndaky peseliş Serdar Berdimuhamedowyň ykdysady syýasaty netijesinde däl-de, eýsem daşarky faktorlar sebäpli arzanlady.
Palawyň bahasy şular sebäpli arzanlady: COVID-19 pandemiýasynyň soňlamagy bilen ýurtda syýahatyň ýuwaşlyk bilen açylmagy, harytlaryň halkara derejede arzanlamagy we dollaryň gara bazar kursunuň durnuklaşmagy.
Birinjiden, Serdar Berdimuhamedow prezidentlige başlamazyndan ozal, Türkmenistan COVID-19 pandemiýasy sebäpli dolulygyny izolýasiýa döwründedi, ýollar ýapykdy, importlar çäklidi, gara bazar walýuta kursy soňky 20 ýylda iň ýokary derejesindedi we onuň netijesinde 2021-nji ýylda Palaw Indeksi 51.5% artypdy. 2022-nji ýyldan soňra, Türkmenistandaky pandemiýa degişli çäklendirmeler ýatyryldy we ýurt gaýtadan açylmaga başlady. Palaw Indeksindäki bahalar hem 2022-nji we 2023-nji ýylda arzanlapdy.
Ikinjiden, 2023-nji ýylda harytlaryň bahasy bütindünýä derejesinde peseldi. Meselem, FAO-nyň Azyk Bahalary Indeksi 2023-nji ýylda ortaça 13.7% arzanlady. Palaw Indeksindäki günebakar ýagy we bugdaý uny daşary ýurtlardan import edilýär we olaryň bahasy global derejede arzanlady.
Üçünjiden, manat/dollar gara bazar walýuta kursy 2021-nji ýylda iň ýokary derejesine, ýagny 40 manada ýetipdi we şo ýyl Palaw Indeksi hem 51.5% artypdy. Emma walýuta kursy 2022-nji ýyldan başlap, 19 manat derejesine peseldi we palawyň bahalary hem şol bir ýylda 11.2% arzanlady. Walýuta kursy şu güne çenli 19 manat töwereginde durnuklaşandygy sebäpli, palawyň bahasyna täsirini azaltdy.
Ýokarda agzalan faktorlarda düşündirilşi ýaly, 2022-nji we 2023-nji ýyllarda Palaw Indeksiniň arzanlamagy diňe Serdar Berdimuhamedowyň ykdysady syýasaty netijesinde däl-de, eýsem ýokardaky sanalan faktorlardan has ýokary derejede täsirlenendigini görmek bolýar.