Progres.Online

Palaw Indeksiniň sözlügi

Inflýasiýanyň hemmelere öz täsirini ýetirýändigi sebäpli, onuň nädip ölçelişini öwrenmek örän wajypdyr. Bu sebäpden inflýasiýa mowzugyna degişli bolan “Sarp Ediji Bahalarynyň Indeksi” (SEBI) terminine göz aýlarys. SEBI Palaw Indeksi bilen arabaglanyşykly bolup, bu çeşmeleriň ikisi hem inflýasiýany ölçemäge mümkinçilik berýär.

Sarp Ediji Bahalarynyň Indeksi

Dünýäniň köp ýurtlarynda inflýasiýany hasaplamak üçin “Sarp Ediji Bahalarynyň Indeksi” (iňlisçe: “Consumer Price Index”, rusça: “Индекс Потребительских Цен”) ulanylýar. SEBI öý hojalyklary tarapyndan satyn alnan ähli harytlaryň we hyzmatlaryň ortaça bahasynyň ýyldan-ýyla üýtgeýşini ölçeýär. SEBI ýekeje haryda görä däl-de, ýaşaýyş üçin zerur bolan ençeme harytlardan we hyzmatlardan ybarat “sebede” görä hasaplanylýar. Bu sebediň içine girýän harytlar belli Bir formula görä standartlaşdyrylan we ýurtdan-ýurda görä hem üýtgäp bilýär. Harytlaryň käbiri SEBI formulasynda has uly agrama eýe bolsa, beýlekileriniňki pesräk bolýar. Agram sarp edijileriň satyn alyş ýygylygyna görä üýtgeýär. Meselem, iýmit önümleriniň gündelik ulanylýandygy üçin olaryň SEBI formulasyndaky agramy uly bolsa, aýda bir gezek gidilýän dellekçi hyzmatlarynyň bahalarynyň agramy pesräk bolýar.

Beýleki ýurtlaryň amallaryna göz aýlasak, SEBI birnäçe kategoriýalary öz içine alýar: iýmit, ýaşaýyş (arenda we kwartiralaryň bahalary); transport çykdajylary, egin-eşik, bilim we aragatnaşyk, dynç alyş, saglyk çykdajylary we maşgala üçin zerur bolan başga-da birnäçe harytlar we hyzmatlar. ABŞ-da SEBI-niň içine 80,000-e golaý haryt we 200-den gowrak kategoriýa girýär. Şeýle hem, SEBI-däki hemme harytlary hemme maşgalalaryň ulanmazlygy mümkin. Meselem, SEBI-ýe girizilen sygyr eti et iýmeýän maşgalalara kän täsirini ýetirmez.

Türkmenistan we SEBI

Türkmenistanda SEBI derejeleri Statistika baradaky döwlet komiteti, Merkezi Bank we Maliýe we Ykdysadyýet Ministrlikleri tarapyndan hasaplanylýar, emma onuň netijeleri açyk şekilde paýlaşylmaýar. Soňky gezek onuň netijeleri Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň web sahypasynda 2018-nji ýylyň sentýabr-dekabr aýlary üçin ýyldan-ýyla derejesinde rus dilinde çap edilipdir we 7.93% diýip bellenilip geçilýär. Bu seneden öňki we soňky ýyllar üçin hiç hili maglumat çap edilmändir. Türkmenistan üçin SEBI-ni garaşsyz hasaplaýan Halkara pul gaznasy 2021 we 2022-nji ýyllar üçin ýyllyk ortaça 15% we 17.5% bolar diýip çaklaýar.

Gazagystan we SEBI

Goňşy döwlet Gazagystanda SEBI derejesi ýerli Milli statistika býurosy tarapyndan her aý yzygiderli we durnukly şekilde çap edilýär we 2022-nji ýylyň iýun aýynda SEBI ýyldan-ýyla derejede 14.5% artypdyr. Gazagystanyň SEBI-sine 3 sany uly kategoriýa girýär: azyk önümleri, azyk däl önümler we tölegli hyzmatlar. Her bir kategoriýanyň içinde bolsa ýüzlerçe haryt ýerleşýär. Gazagystandaky SEBI-niň formulasynda agramy boýunça azyk önümleri 40.7% eýeleýär, azyk däl önümleri 30.2% we tölegli hyzmatlar 29.1% bolup durýar. Ýagny, azyk önümlerindäki baha üýtgeşmeleri SEBI-niň ortaça göteriminde has uly orny eýeleýär. Gazagystanyň Milli statistika býurosy bu 3 sany uly kategoriýanyň we olaryň içindäki her bir önümiň we hyzmatyň aýratyn inflýasiýa derejelerini hem çap edýär. Meselem, 2022-nji ýylyň iýun aýynda ýyldan-ýyla derejede Gazagystanda azyk önümleriniň arasynda iň ýokary inflýasiýa derejesi şekerde ýüze çykan bolsa (78.7%), iň az inflýasiýa günebakar ýagynda (14.7%) syn edilipdir.

SEBI-ni bilmek nämä gerek?

Inflýasiýanyň derejesi her bir maşgalanyň gazanýan puluna nähili möçberde haryt satyn alyp biljekdigine örän uly täsir edýär. Eger hökümetler SEBI-ni takyk we yzygiderli ölçäp dursalar, ýurtda inflýasiýany özwagtynda kesgitlemäge we oňa ýörite çäreleri görmegä mümkinçilik döreýär. Inflýasiýa meselesi wagtynda çözülmese ilat garyplaşar we hökümete garşy gahar-gazap artar.

SEBI we Palaw Indeksi

Palaw Indeksi Türkmenistandaky inflýasiýany diňe palaw ingrediýentleri (tüwi, käşir, sogan, günebakar ýagy, sygyr eti we bugdaý uny) arkaly hasaplaýar. Şonuň üçin Palaw Indeksi SEBI-niň ornuny tutup bilmeýär. SEBI-niň içine ýüzlerçe kategoriýalar we müňlerçe harytlar girýär. Muňa garamazdan, ýurtda SEBI görkezijileriniň açyk paýlaşylmaýandygy sebäpli, Palaw Indeksi ýaly alternatiw çeşmeler ýurtdaky haryt bahalarynyň dinamikasyny bilmekde örän wajypdyr.

Ýyldan-ýyla inflýasiýa

SEBI adatça harytlaryň bahasyny ýyldan-ýyla (iňlisçe “year-on-year inflation”, rusça “уровень инфляции в годовом исчислении”) deňeşdirip hasaplaýar. Meselem, 2022-nji ýylyň iýul aýyndaky SEBI inflýasiýa derejesi 10% bolsa – bu harytlaryň ortaça bahasy 2021-nji ýylyň iýuly bilen deňeşdirilende, 2022-nji ýylyň iýul aýynda 10% gymmatlady manysyny berer. Näme üçin geçen aýyňky bilen dälde, geçen ýylyň bahalary bilen deňeşdirilýär? Meselem, soganyň we käşiriň bahalary möwsümleýin üýtgäp durýar we adatça gyşda artyp, ýazda we tomusda düşýär. Bu sebäpden, haçanda bahalar ýyldan-ýyla deňeşdirilende has takyk netije alyp bolýar.

Biz hem öz çykarýan Palaw Indeksimizi ýyldan-ýyla görnüşde hasaplaýarys. Meselem, 2022-nji ýylyň iýun aýynda palaw indeksi – 13.4% bolan bolsa, diýmek palaw ingrediýentleriniň ortaça bahasy 2021-nji ýylyň iýuly bilen deňeşdirilende, 2022-nji ýylyň iýul aýynda 13.4% arzanlapdyr manysyny berer.

Aýdan-aýa inflýasiýa derejesi

Bu ýerde, adyndan hem belli bolşy ýaly, aýdan-aýa inflýasiýa (iňlisçe “month-on-month inflation”, rusça “уровень инфляции в месячном исчислении”) harytlaryň belli bir aýdaky bahasyny 1 aý öňki bahalary bilen deňeşdirýär. Meselem, Palaw Indeksinde günebakar ýagynyň bahasy 2022-iň iýulynda aýdan-aýa derejesinde 20% artan bolsa, bu onuň bahasynyň iýundaky nyrhyndan 20% gymmatlandygyny aňladar.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: