Gurban Baýramy Türkmenistanda bellenilýän baýramçylyklaryň arasynda möhüm orny eýeleýär. Gurbanlyk her ýyl bellenilip, üç günläp dowam edýär. Gurbanlyk 2023-nji ýylda 28-nji iýundan başlap belleniler. Bu hasabatyň maksady Gurbanlyk wagtynda dört adamdan ybarat bolan maşgala üçin palaw bişirmegiň çykdajylaryny hasaplamak we onuň bahasyny geçen ýyllar bilen deňeşdirmek.
2023-nji ýylyň iýunynda Aşgabat şäherinde palaw bişirmegiň çykdajysy 72.1 manat boldy. Bu bolsa, geçen ýyldaky Gurbanlykda palaw üçin edilen çykdajydan 16.8% arzandyr. Geçen ýyl onuň bahasy 86.7 manat bolupdy.
Ýokarda görşümiz ýaly, 2021-nji we 2023-nji ýyllar aralygynda palawyň bahasynda peseliş ýüze çykypdyr. Onuň bahasy 2021-nji ýylda 95.3 manat bilen iň ýokary derejesine ýetdi, yz ýany 2022-nji we 2023-nji ýyllarda bolsa peseldi. Muňa garamazdan, onuň bahasy henizem 2020-nji ýyldaky derejeden birneme ýokarydyr. Şol wagt palawyň çykdajysy 66 manat bolupdy.
Iň pes aýlyk hakyna görä palaw bahasyndaky üýtgeşme
Türkmenistanda iň pes zähmet hakynyň göwrümi hökümet tarapyndan kesgitlenilýär we her ýyl 10% ýokarlandyrylýar. Palawyň häzirki bahasyna (72.1) görä, iň pes aýlyk alýanlar Gurbanlyk bellenilen aýda 16.1 sany palaw satyn alyp biler. Soňky 3 ýyl bilen deňeşdirilende, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ýaşaýjylary zähmet haklarynyň artmagy netijesinde has köp göwrümde palaw satyn alyp bilýärler.
Näme üçin bu ýyl palawyň bahasy arzanlady?
Palawyň bahasynyň arzanlamagyna sebäp bolup biljek birnäçe faktorlar bar. Soňky hasabatlarymyza esaslansak, sygyr etiniň we günebakar ýagynyň bahalarydaky üýtgeşme palawyň bahasynda uly rol oýnapdyr. Sygyr eti we günebakar ýagy palaw ingredientleriniň arasynda iň gymmat önümler bolup durýar we bu sebäpden olaryň Palaw Indeksiniň bahasyndaky täsiri uly.
Türkmenistanda sarp edilýän günebakar ýagynyň aglaba bölegi daşary ýurtlardan import edilýär we olaryň 92.4%-i Russiýadan gelýär. Ýagy import edýän Türkmenistanly telekeçiler olary dollarda satyn alýarlar we dollaryň gara bazar kursyndaky üýtgeşmeler günebakar ýagynyň bahasyna gönümel täsir edýär. Dollar kursy 2021-nji ýylyň aprelinde iň ýokary derejesine ýetipdi we 40 manada deň bolupdy. Mundan başga-da, Russiýada günebakar ýagynyň we günebakar çigidiniň bahasy peselen isleg netijesinde soňky aýlarda arzanlady. Bu faktorlaryň hemmesi günebakar ýagynyň bahasynyň 2021-nji ýyldan başlap arzanlmagyna itergi berdi.
Sygyr etiniň bahasy 2021-nji ýyldaky Gurbanlykda 73 manat bilen iň ýokary derejesine ýetipdi. Onuň birnäçe sebäpleri bar: COVID bilen baglanyşykly çäklendirmeler sebäpli önümçiligiň pes bolmagy, haýwan iýmleriniň bahasynyň gymmatlamagy we dollar kursunyň ýokarlanmagy. Pagta çigidinden alynýan galyndylar haýwan iými hökmünde ullanylýar we onuň et önümçiliginiň bahasyndaky paýy uly. Haýwan iýmleri daşary ýurtlardan hem import edilýär we dollar kursyna garaşly bolýar. 2023-nji ýylda sygyr eti arzanlady we 1 kilogram bahasy 58.6 manada ýetdi. Onuň sebäbi bolsa haýwan iýmleriniň arzanlamagy we gara bazardaky dollar kursunyň peselmegi bilen düşündirilýär.
Goşa walýuta hümmeti
Türkmen ykdysadyýeti 2016-njy ýylyň ýanwar aýyndan bäri goşa walýuta hümmeti boýunça işleýär. Palaw Indeksiniň öňki hasabatlaryna esaslansak, dollaryň gara bazar kursunyň üýtgemegi palaw bahalaryna uly täsirini ýetirýär.
Jemläp alanymyzda, Palaw Indeksiniň bahasy 2021-nji ýylyň Gurbanlyk bellenilen aýynda iň ýokary derejesine ýetipdi we soňky 2 ýylda onuň bahasy peselmäge başlady. Onuň sebäbi bolsa günebakar ýagynyň we sygyr etiniň arzanlamagy bilen düşündirilýär. Muňa garamazdan, 2023-nji ýylda palawyň bahasy 2020-nji ýyldaky Gurbanlyk bellenilen aý bilen deňeşdirilende birneme ýokarydyr. Emma her ýyl aýlyklaryň 10% ýokarlanýandygyny göz öňümize tutanymyzda, Türkmenistandaky iň pes zähmet hakyny gazanýan maşgalalar öňki 3 ýyl bilen deňeşdirilende 2023-nji ýylda has köp göwrümde palaw satyn alyp bilýärler.