Ýanwar 2026: Palaw Bahalary 27.3% Gymmatlady.
2026-njy ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda palaw taýýarlamagyň ortaça bahasy 79.3 manat boldy. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň ýanwaryndaky 62.3 manat bilen deňeşdirilende 27.3% ýokarydyr. Şeýle hem, geçen aý, ýagny 2025-nji ýylyň dekabr aýyndaky 83.9 manat bilen deňeşdirilende, palawyň bahasy 5.5% arzanlady. Halkara derejesinde azyk bahalary birneme peseldi we FAO-nyň Azyk Bahalary Indeksi boýunça ýanwar aýynda 0.6% ýyllyk peseliş hasaba alyndy.
Aşgabatda esasy önümleriň ýyllyk bahasyndaky üýtgeşmeler
2026-njy ýylyň ýanwarynda palaw taýýarlamak üçin gerekli önümleriň hemmesiniň bahasy ýokarlandy.
- Artyş: sygyr etiniň bahasy 42.6%, bugdaý uny 6.2%, sogan 5.1%, käşir 4.9%, tüwi 3.4% we günebakar ýagy 0.2% artdy (Netije 1 seret).
- Degişli döwürde hiç bir harydyň bahasy peselmedi.
Sygyr etiniň bahasy ýorkarlanmagyny dowam edýär
Aşgabatda sygyr etiniň bahasy 2025-nji ýylyň iýun aýyndan bäri üznüksiz artmagyna dowam edýär. Hronika Türkmenistan metbugatynyň aýtmagyna görä, ýurtda, esasan hem Ahal welaýatyna iri şahly mallaryň gyrylmagy bilen düşündirilýär. Haýwanlaryň gurakçylyk, iým ýetmezçiligi we keselçilik sebäpli haram ölmegi, etiň bahasynyň artmagyna getirýär diýip billenilýär. Etiň bahasy şu aý (ýanwar 2026) 90 manada ýetdi we geçen ýylyň degişli döwründe onuň nyrhy 63.1 manatdy.
Aýlyk zähmet haklarynyň ýokarlanmagy palaw üçin ýeterlikmi?
Türkmenistanda her ýylda aýlyklar 10% artdyrylýardy, emma 2026-nji ýylda bu amal bes edildi. 2025-nji ýylda iň pes zähmet hakynyň möçberi 1410 manat bolupdy. Palaw Indeksindäki bahalar 2025-nji ýylyň ýanwar we dekabr aýlary arasynda ortaça 16.3% ýokarlandy. Bu bolsa Palaw Indeksindäki artyşyň aýlyklardan has ýokary depginde artýandygyny görkezýär.
FAO Indeksine Görä Dürli Kategoriýalarda Halkara Bahalaryndaky Üýtgeşmeler:
- FAO Ösümlik Ýagy Bahalarynyň Indeksi 2026-njy ýylyň ýanwarynda ýyllyk hasapda 10.2% ýokarlandy.
- FAO-nyň Galla Önümleri Indeksi bugdaýyň we beýleki däne önümleriň bahasyny öz içine alýar we 2026-njy ýylyň ýanwarynda ýyldan-ýyla 3.9% pese düşdi.
- FAO Tüwi Indeksi ýanwarda 1.8% gymmatlady. Tüwi eksport edýän ýurtlaryň arasyndaky bäsdeşligiň ýokary bolmagy onuň bahasynyň peselmegi bilen netijelendi.
- Şol bir wagtyň özünde, FAO Et Bahalarynyň Indeksi bolsa 6.1% ýokarlandy. Bu ýagdaý dünýä derejesinde islegiň berk bolmagy bilen düşündirilýär.
Metodologiýa
Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Bahalaryň hemmesi hususy dükanlardan ýygnalan. Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga basyň.





