Ýanwar 2025: Palawyň Bahalary 0.5% Gymmatlady.
2025-nji ýylyň ýanwarynda Aşgabatda palaw bişirmegiň ortaça bahasy 62.3 manada ýetdi. Bu görkeziji 2024-nji ýylyň ýanwary bilen deňeşdirilende 0.5% ýokarlandy (62.0 manatdan). Şeýle hem, dekabr 2024 bilen deňeşdirilende (61.7 manat), palawyň bahasy 1.0% artdy. FAO-nyň Azyk Bahalary Indeksine görä, halkara azyk bahalary 2025-nji ýylyň ýanwarynda 6.2% gymmatlady.
Aşgabatda Esasy Önümleriň Ýyllyk Bahasyndaky Üýtgeşmeler
2025-nji ýylyň ýanwarynda Aşgabatda palaw üçin zerur önümleriň käbiriniň bahasy pese düşdi, käbirleriniňki bolsa ýokarlandy. Tüwiniň bahasy iň uly derejede 40.0% düşdi, günebakar ýagy bolsa 1.9% arzanlady. Beýleki harytlaryň bahalary bolsa degişli döwürde gymmatlady. Sygyr etiniň baahasy 20.2% ýokarlandy, käşir 7%, bugdaý uny 7% we soganyň bahasy 15.5% artdy (Netije 1 seret).
FAO Indeksine Görä Dürli Kategoriýalarda Halkara Baha Üýtgeşmeleri:
- FAO Ösümlik Ýagynyň Bahasy Indeksi 2025-nji ýylyň ýanwarynda ýyldan-ýyla 24.9% ýokarlandy.
- FAO-nyň Galla Önümleri Indeksi bugdaýyň we beýleki däne önümleriň bahasyny öz içine alýar we 2025-nji ýylyň ýanwarynda ýyldan-ýyla 6.9% pese düşdi.
- FAO Tüwi Indeksi ýanwarda 4.7% arzanlady. Bu, eksportyň köpelmegi we bazar bäsdeşliginiň güýçlenmegi bilen baglanyşykly boldy.
- FAO Et Bahasy Indeksi şol bir döwürde 8.1% ýokarlandy.
Metodologiýa
Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Bahalaryň hemmesi hususy dükanlardan ýygnalan. Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga basyň.