Progres.Online

Palaw Indeksi Ýanwar / 2023

Ýanwar 2023: Palaw Indeksi 8.8% peseldi.

Soganyň bahasy ýiti sowuk howa sepäbli 164% gymmatlady.

Aşgabat şäherinde palaw bişirmegiň ortaça bahasy 2023-nji ýylyň ýanwarynda 78.2 Türkmen manadyna deň boldy. Bu bolsa geçen aýdaky palaw bahasyndan (77.1 manat) aýdan-aýa 1.5% ýokary we geçen ýylyň ýanwaryndaky palaw bahasyndan (85.8 manat) bolsa ýyldan-ýyla 8.8% pesdir. 2023-nji ýylyň ýanwaryndaky täze sanlar geçen ýylyň aprel aýyndan bäri dowam edip gelýän palaw bahalaryndaky peselişiň trendini görkezýär.

Ýanwar aýynda Palaw Indeksiniň ýyldan-ýyla 8.8% peselmegine garamazdan, ýurtda ýüze çykan ýiti sowuk howa temperaturalary sebäpli palawyň käbir ingredientleriniň bahalary örän uly derejede ýokarlandy. Sygyr etiniň bahasy (-27.7%), bugdaý uny (-26.3%) we günebakar ýagynyň bahasy (-0.4%) peseldi. Gymmatlan harytlaryň arasynda, soganyň bahasy 163.8% artan bolsa, käşir (17.4%) we tüwi (16.4%) ýokarlandy. Soganyň bahasy örän ýokary derejede gymmatlamagyna garamazdan, onuň Palaw Indeksine täsiri az boldy, sebäbi beýleki harytlar bilen deňeşdirilende soganyň bahasy pesdir. Tüwiniň bahasyndaky artyş geçen ýylyň maý aýyndan bäri üznüksiz dowam edip gelýän bolsa, käşiriň bahasy 2021-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri ilkinji gezek ýokarlandy. Soganyň bahasy bolsa soňky 10 aýyň içinde diňe bir gezek ýyldan-ýyla derejede gymmatlapdy (Netije 1 seret).

Soganyň bahasyndaky ummasyz artyş

Soganyň bahasy 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda 4.7 manat bolan bolsa, 1 ýyl soňra 2023-nji ýylyň ýanwarynda 12.4 manada çenli ýokarlandy, bu bolsa 163,8% artyşdyr. Palaw Indeksi 2020-nji ýylyň ýanwaryndan başlap soganyň bahasyny ýygnap başlaly bäri onuň bahasy hiç haçan beýle ýokary derejä ýetmändi. Bu 3 ýylyň içinde soganyň iň ýokary bahasy 8.5 manat boldy we ýekeje gezek 2021-nji ýylyň aprelinde ýüze çykypdy. 2020 ýanwar – 2022 dekabr aralygynda soganyň ortaça bahasy 4.8 manat boldy.

Bahalaryň beýle uly derejede duýdansyz galmagy 2023-nji ýylyň ýanwar aýyndaky garaşylmadyk derejede ýüze çykan taryhy aňzak sowuk howa bilen baglanyşdyrylýar. Türkmenistanda bütin ýanwar aýy boýunça adatdan daşary sowuk howa ýüze çykyp, soňky 100 ýylyň içindäki iň sowuk howalaryň birini başdan geçirdi. Bu ýanwar aýyndaky iň sowuk temperatura -27 gradus bolup, 2023-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Serhetabatda ýüze çykdy. Serhetabatdaky howanyň beýle sowuk bolmagy bu şäherdäki howanyň 1905-nji ýylda syn edilip başlanany bäri ikinji elhenç sowuk derejesine ýetdi (Meteojournal). Türkmenabat şäherinde 13-nji ýanwarda howanyň temperaturasy -25.4 gradusa ýetdi. Türkmenabatda synlaryň 1894-nji ýylda başlaly bäri, howanyň temperaturasy hiçhaçan beýle sowuk bolmandy.

Çeşme: Meteojournal

Bu aňzak sowuk howa garaşylmadyk ýagdaýda ýüze çykansoň, gyş möwsümi üçin ekin eken daýhanlar hasyllaryny doly derejede ýygnap ýetişmediler. Sogan ýaly sowuk howa garşy çydamsyz ekinleriň köp bölegi ýanwarda doňup, zaýalandy. Doňaklyk sebäpli ekinleriň bazardaky üpjünçiligi azaldy we soganyň bahasynyň artmagyna sezewar boldy. Doňan we zaýalanan ekinlerdäki ýitgileriň öwezini dolmak üçin, daýhanlar elindäki bolan önümleriniň bahasyny ýokarlandyrmaly boldular. Soganyň we käşiriň bahalaryndaky artyş sowuk howa netijesinde ýüze çykan bolsa, tüwiniň bahasy 2022-nji ýylyň maý aýyndan bäri üznüksiz ýokarlanyp gelýär we bahalardaky artyşyň suw ýetmezçiligi netijesinde ýüze çykandygy düşündirilýär.

Palaw bahalary bilen gara bazar kursunyň arasyndaky baglanyşyk

2022-nji ýylyň aprelinden şu güne çenli palaw bahalarynyň ýyldan-ýyla peselmegini syn edip bilýäris. Bu ýagdaý ABŞ-nyň dollarynyň gara bazardaky kursunyň üýtgemegi bilen baglanyşyklydyr. Palaw Indeksi 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8.8% düşdi. Dollaryň gara bazardaky kursy şol bir wagtyň özünde 6.3% peseldi. 2022-nji ýylyň ýanwaryndan 2023-nji ýylyň ýanwary aralygyndaky ýüze çykan Palaw Indeks bahalarynyň we gara bazar kursunuň arasyndaky baglanyşygy has giňişleýin öwrenmek üçin 3-nji Netijä serediň.

Metodologiýa  Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: